13:15

Şahyr diýip salamlaşýar bir kişi...

*  *  *
Şahyr diýip salamlaşýar bir kişi,
Ýasdamy, toýdamy parhy ýok nirde,
Jan ýaşulym sen-ä görjek-le işi,
Şol ýeke sözüň-de at salýar serde.

Seniň bilýänlerňi bilemok heniz,
Seniň görenlerňi göremok ahyr,
Meniň arzuwlarym däl ýaly tämiz,
Bolan däl bolmaýyn men heniz şahyr.

Seýtanym böwrümde hol yklap otyr,
Nebsim ynsap bilen mydam söweşde,
Serim serhoş ýaly hol uklap ýatyr,
Paýhas bilen oturanok geňeşde.

Heniz meniň doýmaz-dolmaz gowzum bar,
Kenary ýok, çuňlugy-da ölçegsiz,
Atam beýle kesbi edäýmäýin har,
Belki-de, ýagşy bor bolsam idegsiz.

Категория: Goşgular | Просмотров: 428 | Добавил: Raýdaş | Теги: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýitirdim! / Goşgular - 30.01.2023
Ak goşgy / Goşgular - 04.02.2023
«Не ревновать и не клясть…» / Goşgular - 21.01.2023
Çagaly öý / Goşgular - 04.01.2023
Ода на прибытие из Голстинии и на день рождения великого князя Петра Феодоровича 1742 года февраля 10 дня / Goşgular - 10.02.2023
Зимой / Goşgular - 06.01.2023
Talyplyk / Goşgular - 08.01.2023
«Я был у ней; она сказала…» / Goşgular - 07.01.2023
Северная берёза / Goşgular - 15.01.2023
Эмигрант / Goşgular - 09.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]