08:29 Ajala | |
AJALA
(ýarym çyn, ýarym degişme) Ajal, howlukma sen almaga janym, Owal-ahyr gaçyp gitjek ýerim ýok. Seniñ o dünýäñe howlugar ýaly, Gerdenimde terkidünýä serim ýok. Üstünde bürgüdiñ ganatyn sypap, Daglar bilen hoşlaşaýyn gyssanman. Ýaşap bilermidim hyýalda-huşda, Bu daglary ýassyk edip ýassanman? Ýok, gara daglarda jan berip bolmaz, Dagly ýaryñ bagryn daglap bilmerin. Tap gelmez ýüregi bu aýralyga, Çeşmeler didesi - dagly dilberiñ. Howlukma, ajal dost, gideýin sähra, Galmasyn basmadyk ýeri dabanmyñ. Güllere, otlara gark bolup säher, Sährada has artar arzysy janmyñ. Ýöne sährada-da jan berip bilmen, Ýaryñ ruhudyr güller, otlaram. ...Hat berýän edara gatnaýan ýaly, Alyp bilseñ, yrza bol müñ gatnabam! ■ EMELSIZ Kürek urup bilmedi, Agdardy ol taýmyly. "Kürek keltemiş" diýip, Şoña atdy aýbyny. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |