18:43 Aýaly duşan dostumyň gojalykda aýalyna aýdany | |
AÝALY DUŞAN DOSTUMYÑ GOJALYKDA AÝALYNA AÝDANY
(ýarym degişme) Sen isleseň ýagyş bolup ýagaýyn, Ýa üstüňe güneş bolup dogaýyn! Içseň çeşme boljak, sowujak suwy, Ýa isle, bolaýyn bal suwly guýy! Gülli meýdan boljak, ter çemen bogsaň, Odun bolaýynmy, oduma çoýsaň?! Perhatdan özgesi ejiz şu işe, Ýör, dagy ýaraýyn gitseň ýörişe. Monjuk diýseň ýyldyzlardan düzeýin, Ýyldyrymdan gulakhalka üzeýin! Bulutlaň üstünde gezerin diýseň, Mymyk bulut boljak, arkama mün sen! Köp aşyk etjekden bolan bulary... Gowusy, gybatdan daşda duraly. Başarmajak zadyn aýdýar kä biri, Seň üçin başarjak öňüňde, diri! - Gy-ýw, öňler seň beýle sözleň ýokdu-la?! - Geçeni ýatlama, ömrem çäkli-dä! - Bolýa, sen näm isleýäň, aýtla, hany?! - Heleý, menden soňa gal sen, bolany! 2021 ý. | |
|
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |