20:45 Aýdylmadyk söz | |
AÝDYLMADYK SÖZ
Ýa sen kejir bolduñ, Ýa men kineçil. "Bagyşla" sözüni Aýtmadyñ neçün? Ak gar tozgasyny Sepelän güni, Sözleñ buýsanjymy Depelän güni, Men uçut gaýadan Ýykylan ýaly, Gözde bar gözýaşym Dökülen ýaly, Bigadyr täleýme Ökünen ýaly, Seniñ bilen geçen Bagtly günlerme Armanly bakdym. Şonda-da sen, eger: "Bagyşla" diýip, Alsadyñ göwnümi Ünjimi duýup, Ömre bir ýyl ömri Goşup bilerdiñ. Ýa birinji özüm Saña ýüz berip, Señ ömrüñe ömri Goşup bilerdim. Ýöne näme üçin Dymdyk biz eziz? Ýa-da duýgularmyz Boldumy ejiz? Ýa sen gorkduñ Günäñ geçilmez öýdüp, Menem başarmadym Bir zatlar aýdyp. Ýaşaberdik nola Ýene nol goşup. Uzaklaşyberdik Yola ýol goşup. Başarardyk belki, Emma bilmedik Söýgi bilen ömrúmize Ýyl goşup. Meñli AŞYROWA. | |
|
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 7 | |||||||
| |||||||