17:07

Aýralyk goşgusy

Категория: Goşgular | Просмотров: 257 | Добавил: Ichki_dunyam_officiall | Теги: Şirnazar Taganow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 mango  
651
o gelmese, sen oňa gitmeli.
bu mesele aňsad-a.
oň çün goşgy goşup kösenip oturmalam dä-ha.

0
2 Haweran  
411
Awtorlyga geçirenimizde gowy goşgulara garaşypdyk. Tamamyz çykmady.
Çakymça Şirnazar heniz ýaş bolmaly, entek öñde külterlenmeli nijeme menziller, ýollar bar. Ýadawsyz zähmet, irmän-arman okamak ony arzyly sepgide, döredijilikde arzuwlaýan derejesine ýetirip biler.
Goşgularyna edilen bellikler barada aýdanda bolsa, Halyl Kulyny, Italmaz Nuryýewi, Gurbannazar Ezizowy, Atajan Annaberdini... bir bedew at kimin göz öñüne getiriñ, olaryñ çapjak aýlawyna heniz birem ýaşamadyk taýçanagy goşsak we atlar ula gidende, taýçanak görgüliniñ böwrüne depibersek olaryñ yzyndan ýetirjek bolup, pellehana gelýänçä maýrylyp galar (belki, ýüzüne urlanyndan, belki-de, daljygyp, ýarpy ýola ýetmän hatardan galar), şol maýryklygyna-da gider ömürboýy.
Şonuñ ü.nem birinjiden-ä her kesden ýokarky ady agzalan şahyrlar ýaly şahyra garaşmaly däl, ikinjiden, belki-de, olardanam gowy şahyrlarymyz ösüp ýetişmegi mümkin biziñ bilmedik ýaş össürimlerimiziñ arasyndan.
Elbetde, tankydy bellikleri etmeli. Emma her zadyñ öz ugry bar. Her awtoryñ derejesine görä, düşünjesine, düşünşine, sowadyna görä etmeli (Aýnap, diliñi çeýnäp, bazzyk-buzzyk edip oturmagyñ-a asla geregi ýok). Tankyt oldur ki, edilende, hem awuşatsyn, hem ýarañy gaşan ýaly keýp bersin (Şu goşga edilen birinji teswir-ä bellik-de däl, ýañsy). Ýaş awtorlaryñ göwnüni sowatmalyñ, öñ çemçeläp ýygnaýas döredijilige gyzykjak ýaşlarymyzy şu taýyk.

0
3 Nurdan  
100
"Özlügmi yat edip söyenim üçin"
Kimdigimi unudyp ya-da özümden geçip diyiljek boldymyka awtor, eger șeyle bolsa "özlügim" okañda gelșikli eșidlenok.
yalbaryaryn sözi awtory oglan bolsun, gyz bolsun tapawudy yok, ejiz görkezyăr.

0
4 Nurdan  
100
Hemişe añymda edýärsiñ seýran,
Bu agyr hasratdan, ýüregim weýran,


Añyñda seyran edyăn bolsa yürek năme hasratdan weyran bolyar?! Gayta begeniñ telepatía bolup bilmegi ahmal,)). Kimdir biri garșa yadyñyza düșüp, yanyñyzda bar yaly bolyan bolsa olam sizi yatlayar(myș) diyip okadym bir yerden. Diymek añyña seyran edyărkă hasrat çekip yüregi weyran etmegem yerliksiz özüñe sütem etmek bolup dur ikinji bendiñ ikinji setirinde.

Ikinji bendiñ üçinji setirinde bolsa ol yokarky ikinji setirdăki weyrançylykly yagday bolmadyk yaly yșk ajysyn hergiz datdyrma diyilipdir. hergiz sözi logikañ ișini görüpdir yaly șol setirde.

Öwrülsem, agaçda sargalan ýaprak,
Öwrülsem, şorlaşan ak-gara toprak,
Umyt edýän, üstüm depeläp köpräk,
Ahu-zaryñ, bir görmäge gelip git


Şu bendi-ha gynanyp okap gördüm, yylgyryp okap gördüm, beter gynanyp okap gördüm, hezil edip gülüp okap gördüm, hiiç bolanok-da.. Gowy dăl bolup dur birhilijek.

0
5 Nurdan  
100
"Gelip git! Sözi diñe 3 nji bentde yerlikli ulanylan. Galan bentlerde gyzyñ gelip gitmegine garașmak gowy dăl. Diñe"hyyallarda bir gelip gitmegine garașyan bendini goyup galanyny gelenden şoñ hijem gitmez yaly berkitmeli))
Awtor bellige dogry düșünip, bu goșgyñ üstünde ișlăr diyip Umyt edyăris.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]