14:48 Bagtyň bolsun mensiz |
BAGTYÑ BOLSUN MENSIZ
Şondan soň aýryldyk, görmedik asla,
Ne-de sen hakynda ýatlandy gaýdyp.
Güneşe suw sepip sowatjak bolduk,
Isledik aýrylmak ýalňyzja galyp.
Seni dünýämden kowdum düýpleýin,
Ýeke ýatlamada galmady mende.
Biz hamala söýgä düşünen däl-de
Aýrylmagy islän ýalydyk munda.
Ýyllar geçdi, undulypdy geçmişim,
Senli sahypalam ýyrtylan ýaly.
Emma seniň bir gün özgäni söýüp,
Gidýäniňe ruhum köýüpdi saly.
Wepasyz duýgyny çykaryp bilmän,
Aklymdan hiç hili gitmediň kemsiz.
Aýtmak agyr boldy arzuwy ýene:
"Bolýan bolsa bolsun - BAGTLY MENSIZ".
✍ Amangözel Gurbanowa
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 444 |
Добавил: ahallydan
| Теги: Amangözel Gurbanowa
| Рейтинг: 4.0/1 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary
Teswirleriň ählisi: 3 | |

0
Ikinji bendiñ birinji setirinde bir bogun kem.Olam okan wagtyñ çalaja bildirýä. Seni öz dünýämden kowdum düýpleýin-diýse deñleşýär.
|

0
Amangözelimiz gün-günden kämilleşýär.Tüweleme.
|

0
Eýesimi? Eýesi zordur-la.Alyp çykar -la.
|
|
|
|