22:49 Ýüregim ýalñyz | |
ÝÜREGIM ÝALÑYZ
Goşgular
![]() Kämil bolmadyk ýaşlyk başymda, Jahyl körlügini görkezdi aýdyň. ...Men ýene söýgümi aklyma salyp, Özümçe içimden hiňlenýän aýdym. Sen söýersiň, belki kalbymy talap, Emma kalbymyň ogrusy bolma! Ýüregim gysanda ýalňyz ruhumy, Sussy pesleriň ýurdunda goýma! diýip näçe ýalbarsamda gidersiň, Terk edersiň köňül atly ýurdumy. Islän ýaly ýaşaýyşdan aýrylyp, "Har bolarmy?" diýe howaň ýuwdumy. Ähli zat üýtgeýär pasyllar ýaly, Öz ornuny güýze berýär tomuslar. Ýanan ýangynlaryň tomus közünde, Güýz bolup gussanyň ruhyn goýmuşlar. Geldi geçer, geçer gider ynsanlar, Adamlar ýüregime goýuň ýagşy yz. Şeýle ynsanlaryň bolmadyk çagy, Ýalbarýan ýüregmi goýuň siz ÝALŇYZ! Çünki geçmişimiz aýralyklardan, Dolup ýatyr ajap galan kükregim. ...Men ýene söýerin ertirlerimi Urmasyny dowam etse ýüregim. ✍ Amangözel GURBANOWA. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |