23:37 Bagtyýarlygyň uçgunlary / pýesa | |
BAGTYÝARLYGYÑ UÇGUNLARY
Oýna gatnaşyanlar: 1. B e r d i M e r e d o w i ç G o w ş u d o w , ministr. 50-55 ýaşlarynda saçyna ýaňy çal girip başlan, şähdaçyk, alçak adam. 2. A j a p — Gowşudowyň ejesi. 70-80 ýaşlarynda, ak saçly, hortaň, hoşamaý, nurana aýal. 3. A ý s o l t a n — Gowşudowyň aýaly, 40-50 ýaşlarynda, häzirki döwüriň modasyna görä geýinen aýal 4. M i n i s t i ň k ä t i b i —A z a t . 20-30 ýaşlaryndaky ýigit. 5. B e r d i M e r e d o w i ç i ň inileri: Ş a m y r a t ; 45-50 ýaşlarynda, A g a j a n , 40-45 ýaşlarynda; Ç a r y 35-40 ýaşlarynda; 6. G y z l a r—B e r d i M e r e d o w i ç i ň aýal doganlary: B i b i 45 ýaşlarynda; M a ý a g ö - z e l 40 ýaşlarynda; A ý j e m a l 30 ýaşlarynda; 7. Ý a ş m a k l y G e l i n we A j a b y ň beýleki gelinleri. 8. M i n i s t r i ň o r u n b a s a r l a r y . 9. J u m a A n n a b e r d i ý e w i ç , etrap häkiminiň orunbasary. 10. D o k t o r . 11. D a ý h a n b i r l e ş i g i n i ň b a ş l y g y . 12. O b a n y ň a r ç y n y . 13. O b a ň a d a m l a r y . Waka biziň günlerimizde bolup geçýär I-nji sahna Ministriň kabineti. Diwarlaryň biriniň ýüzüne türkmen haly kakylan, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň portreti asylan, portrete ýakyn Döwlet baýdagy dikeldilip goýulan. Ýere türkmen haly ýazylan. Ministriň stolunyň üstünde personal kompýuter, telefonlar, resminamaly papkalar we ş.m. bar. Beýleki diwarda kitap tekjesi we burçda telewizor goýulypdyr. Ministr stoluň başynda bir zatlar ýazyp otyr. Mejlis üçin niýetlenen stol ministriň iş stoluna degişdirilip goýulan.[/b] K ä t i p (Ministriň kabinetine girip). Berdi Meredowiç, orunbasarlar ýygnanyşdylar. G o w ş u d o w (Başyny resminamalardan aýyrman, galstugyny düzedişdirýär). Çagyr, girsinler! K ä t i p çykan badyna, ministriň orunbasarlary salam berip girýäler-de, her kim öz ýerine geçip oturýar. G o w ş u d o w (Başyny galdyryp, bar ünsüni orunbasarlaryna öwürýär). Salam! Geldi Taganowiç, Siz başlaýyň! G e l d i T a g a n o w i ç ( Ýerinden turup, äýnegini düzedişdirip, elindäki resminamalara seredip durşuna). Hormatly Berdi Meredowiç! Şu çärýekde pudagyň önümçiliginiň ösüşi geçen ýylyňky bilen deňeşdireniňde, dört bitin ondan iki göterim ösüpdir, sarp edilen energogöwrüm—üç bitin ondan ýedi göterim tygşytlanyp, pudakda bir ýüz elliki million, alty ýüz ýetmiş iki müň, sekiz ýüz elli manat tygşytlanyldy. Şu çärýekde önümçilik bilen baglanyşykly şikesleriň sany iki esse kemeldi, ölümçilik ýok. G o w ş u d o w. Oturaýyň! ( G e l d i T a g a n o w i ç oturýar. ) Ata Gylyçdurdyýewiç! A t a G y l y ç d u r d y ý e w i ç ( Ýerinden turup ). Sag boluň! Berdi Meredowiç, Şu çärýekde welaýatlarda we paýtagtda, umumy alaňda dört bina tabşyrylyp, ulanylmaga berildi. Öndürilen harytlaryň biržadaky bahasy bir durkuna saklanylýar. Ýurtda girdeji, eksport boýunça geçen ýylyň şu günleri bilen deňeşdireniňde bir bitin ondan sekiz esse, içki bazarda bolsa bir bitin ondan dört esse köpelipdir. Salgytlaryň hemmesi tölendi, bergimiz ýok. G o w ş u d o w. Algymyz barmy? A t a G y l y ç d u r d y ý e w i ç . Hawa, bar. Degişli ministrliklere we pudaklara hat ýolladyk. G o w ş u d o w. Ýagşy, oturaýyň! ( A t a G y l y ç d u r d y ý e w i ç otuýar). Gyzylgül Çaryýewna! G y z y l g ü l Ç a r y ý e w n a . Sag boluň! Berdi Meredowiç! ( G o w ş u d o w a tarap çalarak öwrülip.) Rugsat berseňiz, gysgarak aýdaýaýynmy? G o w ş u d o w. Elbetde, baş üstüne! G y z y l g ü l Ç a r y ý e w n a . Minnetdar. Tomusdaky mekdep kanikullaryna görülýän taýýarlyklar barada gysgajyk: Gökderede, Awazada biziň pudagymyzyň işgärleriniň çagalary üçin niýetlenen sagaldyş-dynç alyş şypahanalarynda abadançylyk işleri geçirildi, zerur enjamlar bilen doly üpjün edildi. Orunlar deň-derman paýlanyldy, edara ýolbaşçylaryna birinji nobatda maýyp çagalary, köp çagaly maşgalary üpjün etmeklik berk tabşyryldy. Hemaýat edýän futbol komandamyz ikinji ýerde barýar, aýdym-saz toparymyz bolsa ýakynda Rumyniýadan gastroldan geldi. G o w ş u d o w (Bloknotyna seredip). Üç aý mundan owal meniň kabul edýän günlerimiň birinde köp çagaly bir aýal gelipdi, adamsy önümçilikde şikes alypdyr, jaýsyz kösenýän ekenler. Bu barada nahili çäreler geçirildi? G y z y l g ü l Ç a r y ý e w n a . Welaýat häkimine haýyşnama ugratdyk, habar geldi. Ol işgäre pul kömegi kesgitlenilipdir, ikinji gatdan dört otagly jaý beripdirler, goşmaça-da sekiz sotok1 mellek ýer bölüp beripdirler. Okuwçy çagalaryny ýaşaýan ýerine golaý mekdebe gatnar ýaly edipdirler, kiçilerini bolsa has golaý çagalar bagyna ýerleşdiripdirler. G o w ş u d o w. Minnetdar. Örän ýagşy. (Ýerinden turup, öňe-yza gezmeläp ýörşüne.) Işleriň şu wagtky gidişi guwandyryjy hadysadyr. Ýöne, sizden haýyş edýärin bu üstünlikler bizi rahatlandyrmaly däldir, gün-günden iş-alada artýar, talap güýçlenýär. Öňümizdäki çärýekde göz öňünde tutulan işleri öz wagtynda, oňaýly we bökdençsiz ýerine ýetirjek bolalyň, haýal-ýagallygyda ýol bermeli däl, şol bir wagtda alňasamalam däl. Iş ýerleriniň oňaýlylygyny we iş şertleriniň amatlylygyny häli-şindi barlap durmaly, tehniki howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edlişiniň gözegçiligini güýçlendirmeli. Her bir işçi ir bilen öýünden çykanda işe begenip gaýtsyn. Önümçilige haýyrly her bir rasionalizasiýa2 teklipler, ylmy açyşlar ünssüz galmaly däldir, olar hökman höweslendirilmelidir. (Kreslosyna geçip oturýar. Biraz dymyşlykdan soň).Ýerlere baraňyzda ýurdumyzyň senagtda gazanan üstünlikleri barada, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gün-günden gowulaşýandygy barada, hormatly Prezidentimiziň Watanymyz üçin, eziz halky üçin gije-gündiz edýän taýsyz tagallalaryny giňişleýin düşündiriň. Soragyňyz, teklibiňiz barmy? (Orunbasarlar soraglarynyň ýokdugyny aňladýan yşaraty edýärler). Soragyňyz ýok bolsa, sag boluň, iş ýerleriňize baraýyň! Orunbasarlar ýerlerinden turup, çykyp gidýärler. G o w ş u d o w. Ata Gylyçdurdyýewiç, Siz galyň! (Ata Gylyçdurdyýewiç ýerine geçip otuýar. Biraz dymyşlykdan soň.) Meň ejem ýaranok, oba gidip gelmeli boljak. Orunbasardan3 bir hepdelik rugsat aldym. Aeroporta jaň ediň, şu gün agşamky reýse. Buýruklara gol çekdim. Meniň barýanlygym barada edaralary habardar etmäň, goý olar asuda işlesinler. Orunbasar, ornuma Size galsyn diýdi. Ine şu bukjaň içinde gyssagly möhüm işler bar, men olary wajyplygy boýunça tertipleşdirip goýdum, gaýrat edip on günüň içinde ýerine ýetirjek boluň. On günden soň ýene şonçarak iş üýşer, öz wagtynda dynaýmasaň üsti-üstüne müner barar. Maňa soragyňyz barmy? A t a G y l y ç d u r d y ý e w i ç . Düýn Sizi idäp obaňyzdan jaň etdiler, “Gurbanmyrat aga, Men Berdiň agalary” diýdi. G o w ş u d o w . Keýpinemi? A t a G y l y ç d u r d y ý e w i ç . Tolgunyp gürrüň berşine görä, onuň meselesi örän wajyp ýaly. G o w ş u d o w . Hawa. A t a G y l y ç d u r d y ý e w i ç . Onuň aýdyşyna görä obany gazym-gazym edip, gazyň turbalaryny aýyryp, ýerine başgasyny, hili pes turbalary goýýarmyşlar. G o w ş u d o w . Siz oňa düşündirdiňizmi, bize degişli däldigini. A t a G y l y ç d u r d y ý e w i ç . Düşündirjek boldum. Diňlänogam. “Maňa Berdi jany tapyň!” diýýär. G o w ş u d o w . Bolýar. Ýerinde anyklarys. Bolýar onda, men gitdim, hoş! (A t a G y l y ç d u r d y - ý e w i ç i ň elini gysýar. Ilki G o w ş u d o w , onuň yz ýanyndan A t a G y l y ç d u r d y ý e w i ç çykyp gidýärler. Sahnaň çyralary ýuwaş-ýuwaş pessaýlap öçýär.) sekiz sotok1—eýlesi-beýlesi 20x40 metr bolan mellek ýer. rrasionalizasiýa2—ylymda we tehnikada täze üýtgeşme girizmek. Orunbasar3—Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary. II-nji sahna Gowşudowyň ejesiniň öýi. Diwara haly kakylypdyr, halynyň ýüzüne sakgally ýaşulynyň portretini asyp goýupdyrlar. A j a p düşeginiň üstünde arkasyny ýassyklara diräp otyr. Ýanyndaky pessejik, nahar iýilýän stoluň üstünde çaýly çäýnek-käse, el süpürgiç, süýji-kökeli okarajyk; gapdalyndaky eşik asylýan ýabakda asma bilen goýberilýän dermanlaryň boşan çüýşesi asylgy. Jaýyň bir burçunda welokolýaska4, kündük bilen legen goýulypdyr. Gapydan eli goşly G o w ş u - d o w girýär. G o w ş u d o w ( Ylgap diýen ýaly ejesiniň ýanyna barýar). Eje salawmaleýkim, ejejan salam! (Ejesini gujaklap, ýaňagyndan ogşaýar. Gapdalyna geçip, ejesiniň egninden gujaklaýar-da, ýaňagyny ejesiniň ýaňagyna goýýar.) Men seni şeýle bir göresim geldi welin, obamyzyň depesinden uçup barýarkam hut uçardan böküp düşäýesim geldi. (Assyrynlyk bilen dermanlara seredýär.) A j a p . Sag-aman geldiňmi oglum? Ýeke özüň geldiňmi? G o w ş u d o w. Aýsoltanyň mekdepde ekzamenleri bar, şony dynyp, ertir geler. Eje, birneme oňatlaşýarmyň? (Dermnalara ýene bir gezek göz aýlaýar.) A j a p . Hudaýa şükür, indi birneme ganymat, öňkimden gowylaşdym. G o w ş u d o w. Oba gaty özgeripdir. Eje, oba-gara, içiňiz-daşyňyz amanmy? A j a p . Şükür edýäs, şu wagt-a oňatlyk. Siziňkilerem oňatçylykmy? G o w ş u d o w. Hawa, Salam iberdiler. Agtyklaňam salam iberdiler, ýany bilen sowgatjygam goşup goýberdiler (Ýol sumkasyndan getiren sowgatlaryny daşyna çykarýar.) Çowlugyňam, Rahatjanyňam düýn bäş ýaşady. Oňa her agşam ýatmanka seniň bize aydyp beren ertekiňi—“Ejekejany” aýdyp bermeseň uklanok. (G o w ş u d o w hüwdiň heňinde hiňlenýär):“Göwräm suwuň astynda, saçym suwuň üstünde. Bir dyzymda Abdylla, bir dyzymda Seýdille, Ejekejan, Ejekejan.” Eje şol ertekiňi aýdyp beräý-dä! (Kellesini ejesiniň dyzyna goýup ýatýar. A j a p oglunyň saçyny sypalaýar, G o w ş u d o w ejesiniň eliniň aýasyndan ogşaýar.) Mende käwagt şeýle bir höwes döreýär—ýene kiçijik bäbejige öwrülip, seň gujagyňda köp-köp ýatasym gelýär. Ejejan, aýdyp beräý-dä “Ejekejany!”. A j a p (Pessaý, mylaýym sesi bilen). Bir bar ekeni, bir ýok ekeni. Gadym zamanlarda... Gapydan Ý a ş m a k l y G e l i n girýär. Onuň elindäki mejimäniň üstünde çäýnek-käse, süýji-köke salynan gapjagazlar bar. G e l i n getiren zatlaryny stoljygyň üstünde goýup, G o w ş u d o w a ýaşmagyň aşagyndan başyny atyp salam berýär. G o w ş u d o w (Öz bolşuna utanyp kellesini ejesiniň dyzyndan galdyryp, ýerinden galyp oturýar we ýaşmakly geline ýüzlenip). Salam keýigim! Sen kimiňki? Körpäňkimi, Çaryňkymy? ( A j a b y ň gelini “Hawa” manyly yşarat bilen başyny atýar.) Hany, onuň özi? ( Ý a ş m a k l y G e l i n elini gapa tarap uzadýar.) Çagyrsana, gelsin-le! (Ý a ş m a k l y G e l i n çykyp gidýär, ol giden badyna, sahnaň yşyklary ýuwaş-ýuwaşdan pessaýlap, öçýär.) A j a b y y ň howlusynda obaň adamlary gowur berýär. Ç a r y öýüň gapysynyň agzynda durup olary öýe goýbermän saklap dur. Ç a r y Ohow, agalam! Ertir ir bilenjik geläýiň, şonda saglyk-amanlyk soraşaýyň! Ýadap gelendir azajyk dynjyny alaýsyn. B i r i n j i a d a m Aý, inim, ertirem her kimiň işi-pişesi bar. Gelenimize görä görüşip gidäýjekdik-dä. Ç a r y Agam aýda-ýylda bir gezek oba gelýär. Her gelende bütin oba aýlanyp çykýar, özüňizem beled-ä, oňa. I k i n j i a d a m Gyssagly aýtmaly zatlarymyzam bardy-da... Ç a r y Arkaýyn bolaýyň! Ol bir hepde öýde boljak, hemmäňiz bilenem görüşip ýetişer. Ü ç ü n j i a d a m Inim, ertir ir bilen biz näçelere gelsek bolar? Ç a r y Berdi kakam ir, gün dogmanka oýanýar. Ýuwunyp-ardynyp, çaýyny içýänçä sagat dokuz töwereklär. Sagat dokuzlara geläýiň! Ü ç ü n j i a d a m Bolýar, hoş onda! Birden ertir gelip bilmesem “Annam gelip gitdi, möhüm işi bar eken” diýip aýdarsyň-da! (Gidýär.) Ç a r y Hökman. B i r i n j i a d a m . Birden ertir adam köp bolsa, men birinji gelendirin. Nobata ilki meni ýazgyn! Ç a r y (Gülüp). Bolýar agam, arkaýyn bolaý! ( B i r i n j i a d a m we I k i n j i a d a m gidýärler. Sahnaň yşyklary ýuwaş-ýuwaşdan pessaýlap, öçýär.) A J a b y ň otagy. G o w ş u d o w ejesiniň dyzynda ýatan ýerinden A j a b y ň ertekisini diňläp ýatyr. Gapydan Ç a r y girýär. Ç a r y . Däde, salawmaleýkim! G o w ş u d o w . Waleýkimessalam, Körpäm! (Çaryny gujaklap, iki ýaňagyndan ogşaýar.) Hal-ahwal oňatmy, mähribanym? (Ç a r y ň saaçyny sypalap, ýene gujaklaýar.) Ç a r y . Oňat, däde, oňat. G o w ş u d o w . Öýe şu wagt gelip durşuňmy? Ç a r y . Ýok. Sen gelen badyňa, yz ýanyňdan. G o w ş u d o w. Onda näme girmän dursuň, köşejigim. Ç a r y . Gapyň agzynda garawul durdum. Seň geleniňi eşidip, obaň adamlary bosuşyp gelýäler. “Ýadaw, biraz dynjyny alsyn, ertir, ir bilenjik geläýiň!” diýip, zordan hajyk-hujuk edip öýlerine ugratdym. Aý, şonda-da ätiýaçlyk üçin ýerime Şamyrady goýup girdim. Ol şu wagt meň çykaryma garşyp dur. G o w ş u d o w (Birneme tukatlanyp, närazy äheňde). Hmmm... Men ýadaw däl. Oňarmansyň-da dostjan. ( Ç a r y ň ýüzüne igençli seredýär, birdenem ejesine gözi düşüp.) Wiý, dogrudanam goýbermäniň gowy bolupdyr. Ejemem häzir ýarawsyzrak, oňa rahatlyk gerek. “Agşamyň şerinden ertiriň haýry ýagşy” diýipdirler. Agajan obadamy? Ç a r y . Bir hepdelik wahtadan5 ertir dolanyp gelýär. G o w ş u d o w. Ejejan, ýadyňa düşýärmi, Çary dörtmi-bäş ýaşlarynda üçege münip, düşibilmän, zörledip oturyşyny? Ha-ha-ha ( G o w ş u d o w hezil edip, gaty sesi bilen gülýär.) Kakam ikimiz odeýalyň dört burçundan tutup, gapmaga taýynlanyp durus. Munuň bolsa otyrýeri edil ýelimnenen ýaly. Ha-ha-ha. Kakam: “Bök çaltrak” diýip, gygyrýar, bolup oturyşyna gahary gelýär. Ýöne şu Şamyradyň ugurtapy-jylygyna şu günlerem haýranlar galýan-da: bir görsem Şamyrat towuk ketekden ullakan horazy goltuklap gelýär, Çaryňam, biziňem hiç zatdan habarymyz ýok, how. Ýaňky nätdi diýsene, horazy alaga-da, bat bilen üçegiň üstüne zyňyp goýberdi; horaz “wak-waklap”, eddil Çaryň depesinden ganatlaryny pasyrdadyp, uçup geçdi-de, pessaýlap mellegiň içine gondy. Çaryň zähresi ýarylan ýaly, “waý” diýip, ellerini kelemenledip, horazdan goranjak bolşuna, togalanyp, odeýalyň üstüne gütüläp düşdi. Ejemem: “Waý, diridir-ä...” diýip, seni gujagyna alyp, öýe girip gitdi. Körpäm, şonda, öýde seň balagyňy çalyşdylar öýdýän. Ha-ha-ha, ha-ha-ha. Ç a r y . Ýadyma düşenok, däde. G o w ş u d o w. Haý, diýseňem-ä... (Ejesine öwrülip.) Eje şeýle dälmi? A j a p (Ýylgyryp). Aý, bor-la... Çary indi çagaly-çugaly ahyryn, utandyryp durmasana! Hamala, özüň çaga bolmadyk ýaly. G o w ş u d o w. Ejejan, meň çagalygymy gürrüň bersene! Çagalygym üzlem-saplam ýadyma düşýär. Ç a r y . Däde, men Şamyrady çalşaýyn-la, onuň ýüregi suw bolandyr. “Çaltrak çyk!” diýip, sargady. G o w ş u d o w. Bor körpäm. (Başdanaýak Çaryny synlap.) Dogrudanam, sen indi ullakan adam bolupsyň, men entegem seni çaga hasaplap ýörün. Indi seň öz çagalaň bar-a... Ertir ikinji reýs bilen gelnejeň gelýändir. Maşyn guratdyr-a!? Ç a r y . Gurat. Arkaýyn bolaý, däde! G o w ş u d o w. Hoş! (Ç a r y ň egnine çalarak kakyp goýberýär). Ç a r y gidýär. Ol giden badyna Ş a m y r a t girýär. G o w ş u d o w boksýorlaryň durşunda durup, Ş a m y r a d y garşy alýar. Ş a m y r a t hem muny görýär-de, boksýorlar ýaly birneme öňe egilip, yumruklaryny düwüp, G o w ş u d o w a tarap bökjekläp, ýöräp başlaýar. Bokslaşýarlar: gezekli-gezegine birde goranýarlar, birde-de hüjüme geçýärler. A j a p ogullarynyň boluşlaryna hezil edip gülýär. Onýança gapydan D o k t o r girýär, ol bolýan hadysalara aňk-taňk bolup, A j a b y ň ýanyna barýar. G o w ş u d o w bilen Ş a m y r a d y ň D o k t o r a gözleri düşüp, doňup galýarlar. D o k t o r ( A j a b y ň pulsuny ölçäp durşuna). Ajap gelneje, men Size tolgunmak bolanok—aşa begenmegem, aşa gynanmagam Size gaty peýdaly däl, diýip aýdypdym-a, ahbetin... (Pulsy ölçäp, dikelýär-de. )Geň galaýmaly, aritmiýa6 ýitipdir! ( D o k t o r A j a b y ň gan basyşyny barlaýar, ýüreginiň urşuny diňleýär, başyny ýaýkaýar.) Haýran galaýmaly, ýap-ýaňam-a gan basyşyňyz ýokarydy, kada gelipdir. G o w ş u d o w . Doktor salam! Häli ejemden “Halyň niçik?” diýip, soramda, “Ganymat” diýipdi. Indi has hem gowylaşypdyr-da, onda?! D o k t o r . Örän ýagşy, ýa bir üýtgeşik derman beräýdilermikä? ( Ş a m y r a d a soragly seredýär. Ş a m y r a t kibitlerini gysyp,“Meň habarym ýok” manyny aňladýar.) Ş a m y r a t (Süýem barmagy bilen G o w ş u d o w y görkezip). Ynha, onuň esasy dermany (Ýumrugyny düwüp, G o w ş u d o w y ň egnine çalarak kakyp goýberýär, G o w ş u d o w Ş a m y r a d a ýumrugyny çeneýär.) welokolýaska4—maýyplar üçin niýetlenen iki tigirli oturgyç. wahta5—ýatymlyk iş günleri. aritmiýa6—ýüregiň näsaz işlemegi. A j a p. Bu meniň uly oglum, Berdi. Ol paýtagtda ýaşaýar. G o w ş u d o w ( Iki elini D o k t o r a uzadyp). Berdi Meredowiç.Tanyşanlygyma örän şat. D o k t o r ( G o w ş u d o w yň elini gysyp). Bäşim Orazowiç, men hem tanyşanlygyma örän şat. G o w ş u d o w . Ejemiň saglygyny berkideniňiz üçin sag boluň, minnetdardyryn. D o k t o r . Bu biziň her günki edýän adaty işimiz-ä. ( Soňra Aj a b a ýülenip). Ajap gelneje, behizi saklaýansyňyz-a!? A j a p . Hawa-la, saklaýan-la. D o k t o r . Günde içmeli dermanlaryňyzy, wagtyna çenli ýazandyryn, ýene bir hepdeden habar tutup giderin. Men rugsat bolsa, ýöräbereýin!? A j a p . Bolýar, hanym. Eden hyzmatlaryň üçin Taňry ýalkasyn! D o k t o r . Bile ýalkasyn, minnetdar. Em bolsun! Sag boluň! (Hoşlaşyp, çykyp gidýär.) A j a p ( Oglanlaryna ýüzlenip). Agtykly bolup gitseňizem, şonda-da çaga ýaly, şol basdaşlygyňyz-da... Ş a m y r a t . Aý, eje bizä oýun eden bolýaslaý. ( G o w ş u d o w y gujaklaýar.) Agam, salawmaleýkim! (Ikisi görüşýärler.) G o w ş u d o w . Senjagaz entek maňa hasabat okamaly bolarsyň. Geçen ýyl Aýnabat ikiňiz şypahanadan gaýdyp gelýärkäňiz, “Degip geçeris” diýipdiň, gelnejeň ikimizi garaşdyryp, “daňyp” goýduňyz. Ş a m y r a t . Berdi kaka, onda biziň reýsimizi öňündäki reýs bilen goşup, bile uçurypdyrlar. Biz aeroporta gelenimizden soň bilip galýarys. “Ýakyn reýs bilen ugradarys” diýdiler-de, gijäň ýaryna çenli çekdiler. G o w ş u d o w . Jaň edäýmeli ekeniň. Ş a m y r a t . Biz Aşgabada gonamyzda, eýýäm gije ikiň ýary, biwagt-da, özüň gowy düşünýäň-dä... G o w ş u d o w . Onda menem biwagty bahanalap, seni biynjalyk etmeli däl-dä?! Näme diýsene, dostjan, “Dogan” diýilýän düşünje gije-gündizde ýigrimi dört sagat dowam edýändir. Ş a m y r a t ( G o w ş u d o w y ň gulagyna). Ejemiň ýüregi, dawleniýesi7... A j a p . Hany, biderek dawaňyzy goýsaňyzlaň! Berdijan, çaýyň sowap gitdi. Şamyratjan, bar oglum, goýny soýan bolsalar, telleşmäge kömekleş! Ş a m y r a t . Bor, eje. ( Ş a m y r a t iki elini uzadyp, hamala G o w ş u d o w bilen görüşmekçi bolýan ýaly bolup, ellerini uzadyp barýarka, G o w ş u d o w y ň elleriniň ýanyndan sowa geçirýär-de, gapdalyndan geçip, gidýär. Ş a m y r a t çykyp gidýär.) A j a p . Ertir gitmeli ýerleriň, etmeli işleriň barmy, oglum? G o w ş u d o w . Ýok, ejejan. Bir hepdeläp seniň ýanyňda boljak, hiç ýere gitjek däl; bir, oba arada toýa, pata görünmedik ýerlem bar, şolara görünäýmesem. A j a p . Oglum, geç-de, indi ýatyp dynjyňy alaý, ýadansyňam! G o w ş u d o w . Eje, men seň ýanyňda ýataýaýyn! A j a p . Ýataý, oglum, ýataý! ( G o w ş u d o w sandygyň üstüne galdyrylan düşeklerden alyp, ejesiniň ýanynda ýazynyp ýatýar.) B e r d i M e r e d o w i ç (Ýatan ýerinden). Eje! Ejekejan... A j a p . Bir bar eken, bir ýok eken...(Sahnaň çyralarynyň ýagtylygy pessaýlap, öçýär.) dawleniýe7—gan basyş III-nji sahna Sahnaň çyralarynyň ýagtysy güýçlenip ugraýar. Hamala daň atyp, jahan ýagtylyp başlan ýaly A j a b y ň howlusy, bagyň içindäki agaçlaryň we jaýyň sudurlary bildirip başlaýar. Obaň horazlarynyň sesi we bagdaky guşlaryň jürküldisi eşidilýär. G o w ş u d o w sport eşikli, egni polotenseli, aýakýalaňaç, krossowkasyny bileginden asyp, hiňlenip gelýär. G o w ş u d o w . Wah, eziz obamyň arassa howasy näme degenok! (Bagyň içinde, tegelek stoluň ýanynda goýulan sallançak-kürsä geçip oturýar we uklap galýar.) Jahan ymykly ýagtylanýar. Ý a ş m a k l y G e l i n öýden welokolýaskada oturan A j a b y daşaryk, howla çykarýar-da, derrew jaýa girip gidýär. G o w ş u d o w hiç zatdan habarsyz uklap ýatyr.Ý a ş m a k l y Ge l i n G o w ş u d o w y ň ertirlik naharyny stoluň üstünde emaý bilen goýup gidýär. Haçan G o w ş u d o w oýanyp, gözüni açanda, ýakynynda oturan ejesine gözi düşýär. G o w ş u d o w Ejejan salawmaleýkim! ( Ýerinden turup ejesiniň ýaňagyndan ogşaýar.) Sag-aman ördüňizmi? ( Ýerine geçip oturýar.) A j a p . Hawa. Biz ir turagan. Oňat dynç aldyňmy, oglum? G o w ş u d o w . Hiç zady duýman ýatypdyryn. ( Ejesine we özüne çaý guýup durşuna.) Agşam ýatmankam, telefonlarymy öçürip ýatdym. Ne maşynlaryň sesi, ne goňşylaryň basgançakdan düşüp barýan düňküldisi—hiç bir zat päsgel bermesin diýip, ýatyp galypdyryn. Edil gulagyma dyky dykylan ýaly ýatypdyryn, hat-da düýş hem görmändirin. ( Çaýly käsäň birini ejesine uzadyp, beýlekisinden özi owurtlaýar.) Bäh, bu çaýyň tagamlydygyny! Guýyň suwymy, ýa howuzyňky? Guýy bardyr-a, gömen dälsiňiz-ä?! A j a p . Ýokla, hiý onam bir gömüp bolarmy? O guýyny seň ataň kakasy öz eli bilen gazypdyr. Obada başga keramatly zadam galmady diýen ýaly, şu wagtam onuň suwy bal ýaly. Indi, anha, agyz suwuny çekip berenleri bäri iki ýyl boldy, krantdan gije-gündiz arassaja suw akyp dur. Ýöne, gelin seniň guýuň suwuny halaýanyňy bilýär, içip oturan çaýyň şo-ol köne guýymyzyň suwy bolmaly. G o w ş u d o w ( Çaýdan owurtlap). Örän tagamly! A j a p . Öňler ol guýyň suwy hatara ýetýärdi, soň adamlar her kim özüne howuz edindi. ...indi bolsa, islän wagtlary krandy açyp, pagladyp akdyryp ýörler— suwuň gadyrynam bilenoklar... G o w ş u d o w . Eje, ýadyňa düşýärmi, hol bir ýyl aňzak bolupdy, şonda guýymyz hem doňupdy? Derýa-da—doň. Eşegimiziň her bykynyna elli litrlik pilýagy daňyp suw daşapdyk. Men-ä derýaň raýyşynda eşegi saklap durandyryn, senem kenaryň ýüzüne kertilen basgançak bilen aşak düşüp, buzy döwülen köwden ilki bir bedräni, soň beýleki bedräni dola-bara suwdan dolduryp, ýokaryk dyrmaşyp, bedreleri boşadyp, ýene-de aşak inýäň. Men sanadym. On iki gezek münip-düşen ekeniň. Men şol günler ýadyma düşüp, şol wagt gorkman indi gorkýan: birden aýagyň buza taýyp, buzuň aşagyna giden bolsaň, meň etjek alajym ýokdy... Kakam nireded-ä şol günler? Hä-ä, edarasyndan bir hepdelik çöle—mallaryň ýanyna komandirowka8 ugradypdylar. Getirilen suw bilen naharam bişirmelidi, ýedi çaganyň kirinem ýuwmalydy... Kir ýuwulýan maşyn-a soň-soňlar ýaýrad-a... ( Sallançak-kürsä geçip oturýar.) A j a p . Nahar-pahar, kir-pir ýatdan çykandyr-la... Ýöne biriňiz dümewläýseňiz kakaň ikimiz gezekleşip, çirim etmän baş ujuňyzda daň atýança oturandyrys. Obada ýekeje feldşer bardyr, onam zerur bolmasa gije biynjalyk etmejek bolýaň, hassahana-da bäri-bärde däl. Iň çyrçyklyňyzam Agajandyr—garamygam, gyzamygam ilki bilen şoňa çykýandyr. 8)komandirowka—iş sapary. Howla A g a j a n girýär. Ol ýol sumkasyny diwara diräp, ejesiniň ýanyna barýar. A g a j a n ( G o w ş u d o w y ň oturanyny görmän). Eje, salawmaleýkim! (Ejesiniň ýaňagyndan ogşaýar.) A j a p . Salam,oglum! Sag-aman geldiňmi? Gurt agzasaň gurt geler diýleni boldy. A g a j a n . Hawa. Geldim, Hä, näme? G o w ş u d o w . Aý... Çalarak seň gybatyňy etdik, ýöne gowy tarapdan. A g a j a n . Asyl, öýe gelýärkäm çep gulagym şyňlady diýýän-le... ( G o w ş u d o w y ň ýanyna baryp). Däde, salawmaleýkim! G o w ş u d o w . Salam, inim! ( A g a j a n y berk gujaklap, onuň aýaklaryny ýerden üzüp, soň ony emaý bilen düşürýär . A g a j a n agasynyň ýalaňaç aýagyny synlaýar. Muny aňan G o w ş u d o w hezil edip gülýär.) Ha-ha-ha. Näme diýsene, Agamjan, daň bilen derýada suwa düşüp gaýtdym, öýe ýetip gelýärkämem, köwşümi çykaryp, bagymyzyň içinden, çyglyja çaýyryň üstünden ýöräp geldim, heziller edinäýdim-ow. Haçandan bäri meň dabanjyklam ýere degenog-a, başga massaž gerek däl-ow. Meň bir tanyş doktorym aýdýar: ir bilen çygly otuň üstinde aýakýalaňaç ýöreseň, örän peýdalymyş: birinjiden-ä massaž, ikinjidenem otuň düzüminde mikroblary öldürýän fitonsidler barmyşyn. (Biraz dymyşlykdan soň.) Sen gelmänkäň ejem bilen biziň çagalygymyzy ýatladyk. Wiý, ýadyňa salsana, sen dokuzmy-on ýaşyňdadyň öýdýän, tomus aýlary, süýr günortan, ejeme bildirmän ( Gözüniň gytagy bilen ejesine seredýär.) Şamyrat ikimiz seni derýa suwa düşmäge äkidipdik. Ilki, suwuň ýalpagrak ýerinde goltugyňdan tutup, çalak-çulak ýüzmäni öwredipdik. Ýeke özümiz gitsek, onda, tä şyrrygymyz çykýança suwdan çykamzokdyk welin, kakam-ejem günortan ukusyndan oýanmankalar, olara bildirmän seni ýene öýe eltmeli... Indi Agajany suwdan çykaryp bolanok. “Gitjek däl” diýip, kejirligini edip, aglaýar. Şamyradam gyzma-da: “sen-men” ýok, Agajanyň bilinden gujaklap, odun göteren ýaly kenara tarap ýöräp başladam welin, Agajan edil balyk ýaly Şamyradyň goltugyndan sypdy-da, derýaň ortasyna gaçyp başlady. Biz Agajanyň suwuň içinde şolar çalt ylgaýanyna geň galyp aňkaryp durus. Olam edil bedew kimin bökjekläp barşyna (Atyň çapyşyna meňzedip bökjekleyär.) suwuň çuň ýerine ýetdi, ellerini daldaladyp, gitdi suwuň aşagyna...(Başyny ýaýkaýar.) Çeňňegiň dykysy ýaly zompuldap, çümýä-çykýa, çümýä-çykýa... Ha-ha-ha. Şamyrat ikimiz iki ýerden kömege ylgadyk, biziň bagtymyza, derýaň beýleki kenaryndan bäri ýüzüne uly oglanlar çapyşyp gaýdan ekenler, şolar ýetişäý-dow, dadymyza...Işä berensiň-ow inim! A g a j a n . Soň üç günläp bütin göwräm syrkyrap agyrdy durdy. G o w ş u d o w ( Kinaýaly). Azrak ýüzmeli ekeniň. (Sähel dymyşlykdan soň.) Dutaryň bardyr-a? A g a j a n . Hawa. G o w ş u d o w . Sen häzir öýüňe git-de, çagalaň bilen görüş, dynjyňy al-da, agşam geläý, ýöne geleňde dutaryňy ýatdan çykaraýma! Çaryň gyzy Näzikjanyň şu gün on ýaşy dolýar. Agşam Çary diňe özli-özümizi çagyrýarmyşyn. A g a j a n . Bolýar, däde. ( Sumkasyny alyp.) Eje sag bol, agşama çenli! A j a p . Sag bol, balam! A g a j a n çykyp gidýär. Ol gidensoň, G o w ş u d o w y ň aýal doganlary: B i b i, M a ý a g ö z e l we A ý j e m a l gelýärler, olary uzakdam gören G o w ş u d o w agajyň arkasynda gizlenýär. Gyzlar A j a b y ň ýanyna baryp, gezekli-gezegine ejeleri bilen gujaklaşyp görüşýärler. B i b i . Salam, ejejan! (Gujaklap ogşaşýar.) M a ý a g ö z e l . Salam, ejejan! (Gujaklap ogşaşýar.) A ý j e m a l . Salam, ejemjan! (Gujaklap ogşaşýar.) Ýagşylaşýarmyň, eje? A j a p . Indi oňat, balajyklam. Siziňkilerem oňatçylykmy? B i b i . Oňat eje, salam aýtdylar. M a ý a g ö z e l . Gülala-güllük, käbäm. A ý j e m a l . Seni göresimiz geldi-de, şu güne dilleşip gaýdyberdik. Hemem, Näzikjanyň on ýaşyny gutlaýaly diýdik. A j a p . Gaty gowy edipsiňiz-dä, balajyklam. Doganyňyz—Berdi janam geldi. G y z l a r ( Üçüsi üç ýerden). Hany ol?! ( G o w ş u d o w agajyň arkasyndan çykýar. G y z l a r y ň üçüsem G o w ş u d o w a tarap ýöreýärler.) B i b i . Berdijan salam! (Gujaklap,ýaňagyndan ogşaýar.) M a ý a g ö z e l . Doganjygym salam! Sag-aman geldiňmi? (Gujaklap,ýaňagyndan ogşaýar.) A ý j e m a l . Salam däde! ( G o w ş u d o w y ň boýnundan asylyp durşuna, aglaýar.) G o w ş u d o w ( A ý j e m a l y köşeşdirjek bolýar, başyny sypalap,maňlaýyndan öpýär). Ýeri-ýeri, körpäm... A ý j e m a l . (Aglamjyrap). Göresim gelip git-dä seni... G o w ş u d o w ( B i b i bilen M a ý a g ö z e l e ýüzlenip). A, sizi haçan öýmüze baraňyzda ogşaryn. (Gaty gören kişi bolup, oturgyja geçip oturýar. B i b i bilen M a ý a g ö z e l, hersi G o w ş u d o w y ň egninlerinden ýapyşyp ýalbarýarlar.) B i b i . Doganjygym, öýkelemesene! Indiki Täze ýyl baýramçylyga, nesip etse, hökman bararys. ( Dyzyna çöküp, kellesini B e r d i M e r e d o w i ç i ň egnine goýýar, M a ý a g ö z e l e m kellesini G o w ş u d o w y ň beýleki egnine goýup, dogayna naýynjar seredýär.) Howla A ý s o l t a n , onuň yzyndan eli goşly Ç a r y girýärler. A ý s o l t a n . Salämälik! Berdi, näme gyzlary gynap dursuň, jigileriňe nebsiň agyranokmy? G o w ş u d o w. Ýeri, bolýar-da, günäňizi geçýän. Soltan, sag-aman geldiňmi? A ý s o l t a n ( G o w ş u d o w y ň aýaklaryndan gözüni aýyrman seredip durşuna içini çekýär). H-i-i-i... Berdi hany köwşüň? (Gelnejeleri bilen görüşmäge ylgan G y z l a r sakga durýarlar.) G o w ş u d o w. Näme diýsene, soltanym! Şu gün ir bilen çyglyja çaýyryň üstünden ýöredim... A ý s o l t a n . Dümewlejek işigaýdan ( A j a b a gözi düşüp.) Wiý, enesi salämälik, Sizi görmändirin bagyşlaň! (A j a b y ň ýanyna barýar.) A j a p (Onuň eginlerine iki elini goýýar). Sag-aman geldiňmi gyzym? (Gelniniň ýaňagyndan ogşaýar.) A ý s o l t a n (Janygyp). Ynha, enesi görýäňizmi, ullakan adam, edil çaga sereden ýaly yzyna düşüp ýörmeli-dä. ( G o w ş u d o w sesini çykarman ilki jorabyny geýýär, soň krossowkasyny geýýär. Onuň bolşuna hemmeler ýylgyryşýarlar.) A j a p ( A ý s o l t a n y ň gulagyna). Gelnim, men senden ömürboýy razydyryn, şu özboluşly ogluma çaga seredýän ýaly seredip berşiňe. ( G y z l a r gelnejelerini gujaklaýarlar, saglyk-amanlyk soraşyp durkalar, G o w ş u d o w y ň telefonyna jaň gelýär.) G o w ş u d o w ( El telefonyny jübisinden çykarýar-da gulagyna goýýar.)Allo! Ç a r y howludan çykyp gidýär. A j a p , A ý s o l t a n , B i b i , M a ý a g ö z e l we A ý j e m a l öýüň içine girip gidýärler. T e l e f o n d a k y s e s . Berdi Meredowiç salawmaleýkim! G o w ş u d o w. Waleýkimessalam! T e l e f o n d a k y s e s . Berdi Meredowiç, bu men etrap häkiminiň orunbasary, Juma Annaberdiýewiç. G o w ş u d o w. Oh-how dostum, Jumajan, Ganymatmy? Oba gelenimi nireden eşitdiň? Men saňa jaň etjek bolup durdym, ýene sen öňürtiň-dä, bir nol seň haýryňa. T e l e f o n d a k y s e s . Ýagşy, ýagşy. Berdijan. Etraba myhman gelse, derrew howa üýtgeýär-ä. Gökden bulutlar syryldy welin, haý, özä bir üýtgeşiklik boljak öýdýän diýdim. Bir kişiniň gelenini ýüregim syzan ýaly, hany Berdä jaň edip göreýin-le, esli wagt boldy gepleşmänime, özüň aýtmadyk bolsaň oba geleniňem biljek däl. Ahal ili amanmy, Aýsoltan, çagalar? Ajap gelneje nähili? Oňatlaşýarmy? G o w ş u d o w. Köp salam aýtdylar. Minnetdar, ganymat. T e l e f o n d a k y s e s . Geçen hepde sorap gaýtdym. “Jumajan seni görsem, oglumy gören ýaly bo-laýýan, ýygyrak gelip durgun!” diýdi. G o w ş u d o w. Hawa, gürrüň berdi. Minnetdar! T e l e f o n d a k y s e s . Gelnejeme salam aýt! B e r d i M e r e d o w i ç . Hökman. Ýöne, özüň gelip elinje gowşursaň-a, begenerdi, hem bahana bilen bileje bir käse çaý içerdik-dä... T e l e f o n d a k y s e s . Häzir, göni on bäş minutdan barýan. ( G o w ş u d o w kreslo-sallançagyna geçip oturýar, käsedäki çaýyndan owurtlaýar.) Howla häkimiň orunbasary J u m a A n n a b e r d i ý e w i ç girýär. J u m a A n n a b e r d i ý e w i ç ( Ýylgyryp ellerini giňden açyp, G o w ş u d o w y gujagyna alýar). Berdijan, hoş geldiň! (Saçyna seredip.) Ýaşuly görünjek bolup, saçyňy aga boýan bolupsyň, gelşenok. ( Ikisi hem gülüşýärler.) G o w ş u d o w ( J u m a A n n a b e r d i ý e w i ç i ň garnyna pitikläp.) Şepe, munyň näme? Seň başlyklygyňy şonsuzam bilýärler-ä, gelşenok ( Ýene-de gülüşýärler.) Hoş gördük! ( Eli bilen stoluň başyna yşarat edýär. J u m a A n n a b e r d i ý e w i ç özi üçin görkezilen oturgyja geçip oturýar.) J u m a A n n a b e r d i ý e w i ç (Oturgyja geçip oturandan soň ). Hal-ahwallar niçik? Ahal ili hem amanmy? G o w ş u d o w . Şükür. Köp dogaý salam aýtdylar. J u m a A n n a b e r d i ý e w i ç . Esen bolsunlar. Agtyklar birneme köpelýärlermi? G o w ş u d o w . Hawa-la, basym seň yzyňdan ýetýän. (Gülüşýärler.) G o w ş u d o w (Biraz dymyşlykdan soň). Bu, nemele, Juma jan... Obany gazym-gazym edipdirler-le. Bir zat gözleýälermi? Howla G o w ş u d o w y ň obadaşy—sakgally ýaşuly, G u r b a n m y r a t girýär. G o w ş u d o w ( Ýerinden turup, ýaşula tarap ýönelýär). Gurbanmyrat aga salawmaleýkim! J u m a A n n a b e r d i ý e w i ç . Salawmaleýkim, ýaşuly! G u r b a n m y r a t . Waleýkimessalam! Berdijan, sag-gurgunmy, bala-çagalaram oňatmy, ejeň ýagdaýy oňatmy? ( J u m a A n n a b e r d i ý e w i ç e başyny atyp.) Saglykmy inim? G o w ş u d o w . Şükür, indi oňatlaşdy. Gurbanmyrat aga, gelnejem, oglanlar-gyzlar saglykmy? ( G u r- b a n m y r a d y ň käsesine çaý guýup berýär.) G u r b a n m y r a t . Sag bol, hemmesi aman-sag. (Soňra janygyp we tolgunyp.) Berdijan, bu nähili eden-etdilik bolýar-ay?! Bilemok, gaz edaradan diýdiler-ä, on ýyllap ýeriň astynda poslaman ýatan galyň turbany köwläp alyp, ýerine suw üçin niýetlenen ýuka diwarly turba gömüp ýörler. Barmadyk gapymyz ýok. Ekspertiza diýen bolýarlar, analiz diýen bolýarlar. Bu adamlaram samsyk däldir-ä how... G o w ş u d o w ( Häkimiň orunbasaryna soragly seredýär). Düýn gelýärkäm, şoňa menem üns berdim. Bu barada men edarada ýokkam maňa jaň hem edipsiň, orunbasarym aýtdy. J u m a A n n a b e r d i ý e w i ç . Ýaşuly, hany biraz rahatlanyň, dynjyňyzy alyň. ( G u r b a n – m y r a t agany stoluň başyna geçirip, oturdýar-da, jübi telefonynyny alyp, çete çekilýär.) Men Juma Annaberdiwiç, derrew arçyn bilen başlygy tapyň, ýerinde bolsunlar, yzlaryndan maşynym barar, çalt gelsinler! G o w ş u d o w . Gurbamyrat aga obamyzyň ýaşullarynyň iň ekabyrragy. Gurbanmyrat agany meň bilelim bäri göreşde ýykan ýokdur. ( J u m a A n n a b e r d i ý e w i ç e ýüzlenip.) Beý diýsem, synpy göreşdir öýdäýme (Ýylgyrýar.) Türkmen göreşi boýunça. Toýlardan baýraksyz gaýtmazdy, bu ýaşuly biziň ýaşlyk ýyllarymyzyň kumiridi, Gurbanmyrat pälwanyň obadaşy diýip öwünmäge hakymyz bardyr. G u r b a n m y r a t ( Nägile äheňde). Inim men bu ýere sizden öwgüli sözleri eşitmäge gelemok. G o w ş u d o w. Juma Annaberdiýewiç, Gurbamyrat aga şu gün ikimizem “ýykman” gitmez. ( Howla A r ç y n bilen B a ş l y k girýärler , olar salam berip görüşýärler-de, bir gapdala geçip durýarlar.) J u m a A n n a b e r d i ý e w i ç . Tanyşdyryp durmaýyn, hemmämizem bir-birimizi tanaýarys. Obaň içindäki “gazuw-agtaryş” işlerinden habaryňyz bar bolsa gerek? (A r ç y n bilen B a ş l y g a soragly seredýär. Olar makullap, başyny atýarlar.) Men tötänleýin eşitdim, näme obadaşlaryň nerwisini barlap görjek bolduňyzmy? Näme gaz bilen suwuň turbasyny tanaňzokmy? Size göni bir hepde wagt berýän, bir hepdäň içinde çalşylan turbalary ýerine getirip goýuň! Gurbanmyrat aga obaň kethudasy hökmünde, meň adymdan tä gazçylar işlerini dynýançalar gözegçilik eder. Men ikiňize-de resmi däl ýagdaýda duýdurýan, eger şu mesele boýunça ikinji gezek ýüz tutaýsalar, ýa-da başga bir bidüzgünçilik bolaýsa, siz bilen başga äheňde gürleşmeli bolaryn. Baryň, işiňiz bilen boluň! (A r ç y n bilen B a ş l y k gitjek bolup yzyna öwrülýärler. G o w ş u d o w olaryň öňüne geçip durýar.) G o w ş u d o w ( Müýnli ýaly A r ç y n bilen B a ş l y g a ýüzlenip). Bir hil-ä bold-aý...Bagyşlaň...Meň öýüme birinji gezek gelýäňiz bir käse çaý içmän gitmäň, haýyş edýän! B a ş l y k Sag boluň Berdi Meredowiç! Bereketiňiz artsyn! A r ç y n . Minnetdar Berdi Meredowiç! Çaý içmäge wagtymyz çäkli. G o w ş u d o w. Agşamlyk boşaşansoňyz aýlanaýyň! A r ç y n . Hany nesibedir... B a ş l y k . Toýda duşuşalyň! A r ç y n bilen B a ş l y k gidýärler. G o w ş u d o w (Yzlaryndan). Hökman geliň, garaşaryn! J u m a A n n a b e r d i ý e w i ç . Berdijan, menem ýöräýin, iş-alada köp. G o w ş u d o w. (J u m a A n n a b e r d i ý e w i ç e ýüzlenip). Agşam gelgin, gadyrdanym, garaşýan! Bagşylaram geljek. J u m a A n n a b e r d i ý e w i ç . (Gyzklanyp.) Nireden, kimler? G o w ş u d o w. Berdi bagşy, Agajan bagşy, senem gelseň, üç bagş-a bolýar. Ha-ha-ha. J u m a A n n a b e r d i ý e w i ç (Gülüp). Seň öňküje bolşuň-ow. ( G u r b a n m y r a d a ýüzlenip.) Ýaşuly, ýaňky meseläni men göz astynda saklaryn, başga näme mesele ýüze çyksa, ynha meň telefonym (Jübüsinden wizitkasyny çykaryp uzadýar.), Siziň üçin elmydama gapym açykdyr. G u r b a n m y r a t . Sag bol inim, ömrüň uzak bolsun! Hoş sag boluň! (Çykyp gidýär.) IV-nji sahna A j a b y ň howlusy. Howly toý lybasyna bezelen: her dürli reňkde şarlar asylan, sahnaň arkasynda şadyýan çagalaryň gülküleri eşidilýär. Magtifondan aýdym-saz eşidilýär. A j a b y ň jaýynyň öňünde gelin-gyzlar üçin, bagyň içinde bolsa, erkekler üçin saçak ýazylypdyr. Hemmeler şadyýan iýip-içip otyrlar. Gelin-gyzlaryň saçagy howluda ýazylypdyr, erkekleriň saçagy bolsa—bagyň içinde. A j a p welokolýaskasyndan gelin-gyzlara bakyp otyr, onuň öňündäki kiçijik stoljykda nahar goyulypdyr. Toýa gelenleriň hemmesi baýramçylyk lybasynda. A j a p (Gelin-gyzlara ýüzlenip). Çagalara nahar çekdiňizmi? Göz-gulak bolaweriň! B i b i . Hawa, eje. Olaryň ýanynyda Çaryň gelni bolýar. A ý j e m a l (Oturan ýerinden turýar-da). Ejejan, agtygyň Näzikjanyň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun! M a ý a g ö z e l (Ol hem ýerinden turup ejesine). Ejejan, käbäm! Mydama biziň—öz çagalaryň we agtyklaryň arasynda başyň dik bolup, şadyýan otur. A j a p . Sag boluň balalarym! Maňa siz sag-salamat bolsaňyz başga zat gerek däl. Gije-gündiz Biribardan dileg edýän. (Erkekleriň arasyndan gelýän aydymyň sesine üns berýär.) Arasynda çowluklarymam agzaň-a! Anha, düýn Rahatjanyň bäş ýaşy dolupdyr. (Gelin-gyzlar A ý s o l t a n y gutlaýarlar.) A g a j a n (Bagyň içinden, erkekleriň arasyndan, dutaryny kakyp oturyşyna). Aý –ý-ý-ý. Suw diledim agzym gurap, “Içiň” diýdi ýylgyrjyrap... G o w ş u d o w ( A g a j a n y ň aýdymyny bölüp). “Ýylgyrjyrap” däl, “ýygryljyrap”. E r k e k a d a m l a r y ň a r a s y n d a n b i r i n i ň s e s i . Görgülijik, begenjine ýylgyraýandyr-da... (Oturan adamlar gülüşýärler.) A g a j a n (Aýdymyny dowam etdirip). “Içiň!” diýdi ýygrylrjyrap. ( G o w ş u d o w hem aýdyma A g a j a n bilen goşulyşyp aýdýar.) Içdim gyza ogryn garap, suw ýakamdan akyp gitdi. Bogun-bogun how, söküp gitdi. (Aýdymyň soňyny bilelikde tamamlaýarlar.) Belki, onuň ýary bardyr, Bir görmäge zary bardyr. Ýa-da mende ary bardyr, Ýürejigmi ýakyp gitdi. Bogun-bogun how, söküp gitdi9). (Oturanlar hersi her ýerden “şeýledir-dä, hawa-la”, “Men bol-a bagşym!” diýişýärler.) G o w ş u d o w ( Töweregine gözüni aýlap). Hany, Şamyrat görnenok-la?! (Agajana tarap.) Bir ýaňa ugratdyňyzmy? A g a j a n . Şamyrady tapmasaň, aýallaň arasyndan gözläber! Gelin-gyzlar nirede bolsa, Şamyradam şo ýerdedir. G o w ş u d o w ( Ýerinden turup, eline bulguryny alyp, gelin-gyzlaryň oturan ýerine ýönelýär. Onuň gelýänini görüp, gelinleriň birki sanysy ýaşmaklaryny dakynýarlar). Gurgunmysyňyz jigilerim, gelinlerim! Näzikjanyň jany sag, ömri uzak bolsun, bagtly gyz bolsun! ( A j a b a ýüzlenip.) Ejejan, özüň bilen birlikde hemme agtyklaryňa-da, çowluklaryňa-da berk jan-saglyk dileýärin! A j a p . Siziň janyňyz sag bolsa bolýar-la. Men eýdip-beýdip günimi görerin-le. (Gapdala.) Wah, atalary aralarynda gezip ýören bolsa bolmaýamy... Begenerdi...(Hiç kime bildirmän gözüniň ýaşyny süpürýär.) Ş a m y r a t (Gelin-gyzlaryň arasynda oturan ýerinden). Höwri köp bolsunam diýiň-ä, arasynda. (Ş a- m y r a d y ň ýanynda oturan ýaşmakly gelin onuň egnine kakyp goýberýär. Oturan gelin-gyzlaryň hemmesi wakyrdaşyp gülüşýärler.) G o w ş u d o w. Şamyrat seni çagyrýarlar. Ş a m y r a t (Ýerinden turup). Kim, nirede? G o w ş u d o w (Elini erkek adamlaryň oturan tarapyna uzadyp). Bar, aýdym aýtmaly gezegiň geldi! Ş a m y r a t . Men gezegimi saňa berýän. Sen meň sesimiň ýokdugyny bilýäň-ä! G o w ş u d o w. Onda-da gyzlara gezek bermän özüň gürläp otyrsyň. Birneme dynjyňy al-aý! Men gyzlara goşgy okap berjek. (Keminäniň “Garşy” goşgusyny labyzly okap başlaýar.): Şalar belent jaýa çykar, Hanlar geler hana garşy. Uly set il aýa bakar, Aý bakar asmana garşy Mundan gitdim ýara durman, Arman galdym birje görmän. Owal arman, ahyr arman, Şer çekdim armana garşy. Şalar gyzy seýle çykar, Kenizler şadyýan bakar, Meniň köňlüm aýa bakar Aý bakar asmana garşy. Kemineden bir nyşana, Ýazyp goýbersem Amana, Arzym diýsem arzymana Ýürek Aýsoltana garşy10). A ý s o l t a n (Ýerinden turup). Berdijan, men bärde! ( G o w ş u d o w y ň ýakynyna gelip durýar. G o w ş u d o w goşgusyny okap bolansoň, onuň ýaňagyndan ogşaýar. Gelin-gyzlar ellerini çarpyşýarlar.) G o w ş u d o w (Beýleki ýaňagyny öwürip). Mundan öň aýdymam aýtdym-a... A ý s o l t a n (Beýleki ýaňagyndan ogşap). Ynha, bulam aýdymyň üçin. (Yerine geçip oturýar. Ilki Ş a m y r a t soň G o w ş u d o w orta tans etmäge çykýarlar, bularyň yzyndan gelin-gyzlar we oturan erkek adamlar—hemmeler ýerlerinden turup tansa çykýarlar, tans edip durkalar perde ýapylýar.) 9) Sahy Jepbarowyň, Kerim Gurbanneposowyň “Altyň biri”goşgusyna döreden aýdymyndan; 10) Keminäniň “Garşy” goşgusy; V-nji sahna Ministriň kabineti I-nji sahnadaky ýaly. G o w ş u d o w stoluň başynda bir zatlar ýazyp otyr. Gapydan A z a t girýär. A z a t . Salawmaleýkim, Berdi Meredowiç! Ertiriňiz haýyrly bolsun! G o w ş u d o w. Waleýkimessalam! Azat, inim saglykmy? A z a t .Oňat , Berdi Meredowiç. Sag-aman gidip geldiňizmi? Ejeňiziň ýagdaýy ýagşymy? ( Elindäki resminamalary ministriň stolunda goýuşdyrýar.) G o w ş u d o w . Minnetdar. Ganymatlaşýar, indi oňat. A z a t . Ynha, bu bir hepdäň poçtasy, bu gelen resminamalar, bu gidýän hatlar, bu bolsa taýyn resminamalar (Birnäçe papkalary stolda goýuşdyrýar.) Gitmäge rugsat ediň! G o w ş u d o w . Şu hepdede ýerine ýetirilmeli işleri we geçirilmeli çäreler barada. A z a t . Häzir, birje minut. (Çykyp gidýär we kän eglenmän gelýär. G o w ş u d o w y ň stolunyň ýakynyna baryp elindäki galyň ýazgy kalendara seredip, okap başlaýar.) Şu gün, ir bilen onda, Türkiýe respublikasynyň ministrini kabul etmeli, on dört nol-nolda onuň üçin niýetlenen resmi nahar (çagyrylanlar habardar edildi), ondan soň onuň bilen paýtagtyň gözel ýerlerine syýahat; on sekiz nol-nolda şu günki edilen işler barada orunbasara hasabat. Ertirki çäreler: “Türkmenistan” gazetiniň ýörite habarçysyna interwýu sagat dokuzdan, on nol-nola çenli; sagat onda täze kanunyň taslamasyny deputatlar bilen maslahatlaşmak üçin Mejlise barmaly, uzak gün dowam edýär (öýle nahary şo taýda); birigün welaýatlayň birine iş sapary (uzak gün); penşenbede öňki ýaly—bir hepdäň jemleri barada Orunbasara hasabat taýynlap, sagat on ikä eltmeli; anna güni—Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi, (uzak gün), biziň meselämize seretmek göz öňünde tutulanok, şonda-da gerekli resminamalary ätiýaçdan taýynlap goýdular. Şenbe güni, ir sagat ýedide sport eşiginde “Saglyk ýoluna” çykmaly, on nol-nolda ministrligiň işgärlerine attestasiýa geçirilýär we öňden gelýän däp boýunça, uzak gün, raýatlary kabul edýäňiz. Hemme çäreler Siziň kompýuteriňize geçirilen, düzediş girizmelimi? G o w ş u d o w. Ýok, minnetdar, sag bol! A z a t . Gitmäge rugsat ediň! G o w ş u d o w (Ýerinden turup, gezmeläp başlaýar). Azat, ejeň-kakaň saglyklary nähili? A z a t (Geňirgenip). Oňat, düýn ir bilen telefonda gepleşdim, Size salam aýtdylar. G o w ş u d o w. Esen bolsunlar. ( A z a d y ň egninden gujaklap kabinetiň içinde gezmeläp ýörşüne.) Örän dogry edýäň, garrylardan wagtal-wagtal habar tutup durmaly. ( Tomaşaçylaryň öňüne baryp durýarlar. G o w ş u d o w uzaklara seredip durşuna, gürrüňini howlukman dowam edýär.) Ýöne, telefon telefon bolýar-da...Ýürekdeş söhbet bolanok, bir sagat gepleşseňem anyk bolanok, ýüzleý bolýar. Bu zaman örän hezil bold-a: islän wagtyň aýagyň aşagynda suw ýaly maşyn, otla münjekmi uçarly uçjakmy—bahana ýok. Bu ýerde esasy mesele ýüreklerimiziň antenlaryny biri-birimize bakdyryp goýmaly. Eneň-ataň bilen doganlalaryň bilen didarlaşyp durmaly, bir-birimiziň mährimiziň ýylysyna ýakyndan çoýunyp durmaly. Olary mejbury ýagdaýda görmeli bolmaly...( Biraz dymyşlykdan soň, A z a d y ň egninden elini goýberýär.) Azatjan, inim, maňa çaýjagaz demläp, getirip bersene! (Ýerine geçip oturýar.) A z a t gidýär we derrew yzyna dolanyp gelýär A z a t . Berdi Meredowiç, Size obadan jaň edýärler, Gurbanmyrat aga diýýär. (Çykyp gidýär.) G o w ş u d o w. (Stolunyň ýanyna baryp, telefonlaryň biriniň trubkasyny göterip durşuna.) Allo, salawmaleýkim, Gurbanmyrat aga! Telefondan G u r b a n m y r a t a g a ň sesi . Berdijan salam, inim! Saglykmy, sag-aman işläp ýörmüň? Bala-çagalaň hem gurgunmy? G o w ş u d o w . Hudaýa şükür, oňat-oňat. Siz nähili, obalar saglykmy? Telefondan G u r b a n m y r a t a g a ň sesi . Bäý, Berdi jan edil Hydyr ata ýaly wagtynda ýetişäýdiň. Turbalaryň baryny yzyna getirdiler, ýerine-de edil öňküsi ýaly sepleşdirip, gömüp gitdiler. Obaň köçelerine-de asfalt düşäň ýörler. Gazymyzam, suwumyzam, togumyzam paglap akyp ýatyr, berekella inim, ömrüň uzak bolsun! A z a t girýär. Elindäki çaýly mejimäni stoluň üstünde goýup, ýuwaşlyk bilen çykyp gidýär. G o w ş u d o w. Sag boluň, Size-de taňryýalkasyn! Indi obada näme mesele ýüze çyksa, göni Juma Annaberdiýewiçiň ýanyna baraýgyn, ýa-da maňa jaň etgin! Elimizden gelen kömegimizi ederis. Telefondan G u r b a n m y r a t a g a ň sesi . Bor inim. Berdijan, bu, nemele, otüki...Obada täze mekdep bilen çagalar bagynyň düýbüni tutup başladylar welin, bu seň işiň-ä däldir-dä?! G o w ş u d o w. Şowly bolsun, Gurbanmyrat aga! Ýok ondan meň habarym ýok. Telefondan G u r b a n m y r a t a g a ň sesi . Aý, şonda-da, onuň üçin hem sag bol! G o w ş u d o w. Gurbanmyrat aga, onuň üçin minnetdarlygyňy Prezidentimize—Gahryman Arkadagymyza aýt! Indi Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen hemme obalryň çagalarynyň bagy- bakjasy hem bolar, obaň çagalary ýokary hilli, döwrebap mekdeplerde-de okarlar. Telefondan G u r b a n m y r a t a g a ň sesi . Hormatly Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun! Il-ýurt bähbitli tutýan tutumlary rowaç alsyn! G o w ş u d o w. Sag boluň, Gurbanmyrat aga! Telefondan G u r b a n m y r a t a g a ň sesi . Sag bol, Berdi jan! Baran ýeriňde sag-salamat bol! (Telefonyň gukkuldysy eşidilýär.) G o w ş u d o w Telewizoryň pultuny alyp, telewizory açýar. Telewizorda Türkmenistanyň meşhur bagşysynyň: “Aýra düşmek bar käbäm, Didaryňa zar käbäm, Sensiz dünýäm dar käbäm. Mähribanym küýseýän.”11)—tanymal aýdymy ýaňlanyp durka, ýuwaşlyk bilen perde ýapylýar. S o ň y | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |