13:03 Bagyşla, ýürek! | |
BAGYŞLA, ÝÜREK!
Goşgular
![]() Bagyşla, sen meni, Bagyşla, ýürek. Men gezip bilmedim seni aglatman. Gylyç syryp goragyňa çyksamam, Ýok, alyp bilmedim ýalna daglatman. Söýdüm, ýürek, Söýdüm, däliräp söýdüm. Sowuklyk tapmadym, tapmadym seriňe Dalaş gurdum gara gijeler bilen, Çydamanlar çykdym iňňillileriňe. Söýdüm ýürek, Söýdüm, dälliräp söýdüm, Geçdim, gitdim bilýän säginmelerden. Gyzygy nedir muň, yňdarlap gitse, Ötýän eken adam çykan bilmeden. Söýdüm, ýürek, Söýdüm, däliräp söýdüm, Bir närse ýigidiň çekdirdi perýat. Gaşladym dünýäniň bolan gyzygyn, Gözlerime inmedi ondan başga zat. Gözel ŞAGULYÝEWA. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |