12:43

Batyrlyk-gorkaklyk hakda şiwe sözli şygyr

Batyrlyk-gorkaklyk hakda şiwe sözli şygyr

Bir nätanyş ýoldan barýarkam gije,
Ýyldyzlara bakyp aýdamda aýdym.
Kalbym gorkman gorky bilen etdi jeň,
Bu jeň özüme-de dym ýarady, dym.

Gepi ýok bedeniň arryk bolannyň,
Oňa derek ruhda bolsun tendarlyk.
Tüm gijeler aýdym aýdyp bilenleň,
Ganatly kalbyna misgin ten dardyr.

Bu ýat ýol-ýodada bolup ýolagçy,
Bir ajap aýdyma zowlatdym baýak,
Golaýma gelmedi gorky-talaňçy,
Aýdym bilen batly basamda aýak

Aýdym-batyrlygyň elinde baýdak!
Aýdym-gorkaklygyň aýagna badak!

***

On barmakdan dürler döken eý, ussat,
Begen, berilmänne onki barmagyň.
Artykmaç bolanda haýsydyr bir zat,
Şol zatdan her demde gorkubermeli.

Şirin janymyzy gynap, köýýäris,
Beýtme diýip aýtsalar-da nijezar.
On barmagmyz bilen sygnap iýýäris,
Ýara düşýär onki barmak içegä.

■ Gülki

Menem aglap gelendirin gelemde,
Bilemok bu agy gynançmy-begenç?!
Käte pesläp, kä-de galyp belende,
Geldim bäş gün etmek üçin gezelenç.

Ah, ýöne, binamys gülýän kalplaryň,
Boluşlarna birden geldi aglasym.
Onki süňňüm ýakyp derde gaplady,
Depämden inende töhmet belasy.

Gorkup, ody basyp gördüm özüme,
Gülüp tagma basjak wagtym kesekä.
Bir bendäni ýaksaň töhmet közüne,
Pyntyk ýaryp, jan girermi kesewä?!

Şonda-da üstünden gülsem biriniň,
Şum gülkimi gutarmankam düwündim.
Şol gülküler ýüregimde birigip,
Içim-bagrym doly düwün-düwündir.

Synlap ýaşap ýörşüňizi ýalandan,
Men gülüp giderin gidemde belki.
Ýöne maňa töhmet atyp gülenleň,
Ýüregini agyrtmasyn şol gülki.

■ Sekiz sowal

Adamyň azda-kem bezzatlygyny
Aýdyp bolarmyka nejislik diýip?
Ýa-da edip ýören kezzaplygyny
Nebsiniň öňünde ejizlik diýip?

Güýjüne baýrynýan gedem ýanynda
Güýjüň görkezmezlik namartlykmyka?
Ertäňi oýlanyp bu gün baryňdan
Bazar edip bermek jomartlykmyka?

Epeý adam ýalan gepläp otursa
Dymyp durmak ýagşy edepmikä ýa?
Suwjuklyk edeni toba getirsem
Aýratyn yzgytsyz gödekmikäm ýa?

Gybatdan çekinip ýalňyz aýala
Kömek bermän geçseň gorkaklykmyka?!
Şol borjuňy diňe öz aýalyňa
Düşündirip bilmek erkeklikmikä?!

■ Goňşyň göwün saýaň

Geljek nesillere ajap nusgadyr,
Goňşy-golam bilen gowy gatnaşyň.
Gülüp-oýnap aladasyz-gussasyz,
Goňşy-golam bilen gowy gatnaşyň.

Goňşyň gelse gülüp garşy çykara,
Gül ýüzüň öwürsin gyşy bahara,
Goý, arada gatnap goňşyokara,
Goňşy-golam bilen gowy gatnaşyň.

Girmesin gapyňdan gyşyň ýelleri,
Goňşyň gowy bolsa aşyň bal deýin,
Göwni pes tut, belent başyň galdyryp,
Goňşy-golam bilen gowy gatnaşyň.

Gyssanan pursatyň geler gapyňdan,
Garyndaş deý eziz bolar ýakyndan,
Gussa çekseň senden beter gamgyndyr.
Goňşy-golam bilen gowy gatnaşyň.

Galkynyşly gül açyşly döwrümiň,
Görk-görmegi toýhanaly törümiň
Gulak goý, sözüni diňle göwnümiň,
Goňşy-golam bilen gowy gatnaşyň.

Sylapberdi MUHAMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 713 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Garaýolly  
27
Gowy eser

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]