11:19 Bu aýallar, bu aýallar, aýallar... | |
"BU AÝALLAR, BU AÝALLAR, AÝALLAR..."
Isteseler arşa ýetir adyňy, Isteseler ýakyn eder ýadyňy. Bol ederler öýdäki ýok zadyňy, Bu aýallar, bu aýallar, aýallar. Isteseler bar zadyňy ýok eder, Günäkärem bolsa özün ak eder. Göwneseler eliňden suw akydar, Bu aýallar, bu aýallar, aýallar. Göwnün ýyksaň ondan elhenç duşman ýok, Söýse weli owal-ahyr puşman ýok. Dünýä döräp heniz onsuz ýaşan ýok, Ah, aýallar, bu aýallar, aýallar. Kynam däl ýalydyr göwnüni tapmak, Göwnün tapmadyga diýerin akmak. Gödek söz – ömürik gapyňy ýapmak, Bu aýallar, bu aýallar, aýallar. Bir bakyşda açyp biler telbäni, Bir ýakyşda weýran eder külbäňi. Kim bolsaň-da, borsuň şoň talabany, Bal aýallar, gül aýallar, aýallar. Erkekmidir söýýän diýip aldaýar, Aýalmydyr eýsem şondan aldanýan?! Size başyn egip gider Allaýar, Jan aýallar, han aýallar, aýallar. 18.04.2000. ▶ AMAN SAKLA Herki kellekeserleriň Gazabyndan aman sakla. Töhmet atly nägehanyň Azabyndan aman sakla. Aman sakla ot-ýalyndan, Tokaý otlap at alandan. Gülende gülýär ýalandan, Bozugyndan aman sakla. Aman sakla sil suwundan, Suw içsin göwün-göwünden. Atanyň dişin owurdan Ýazygyndan aman sakla. Peşabyň aýpaltasyndan, Hem aýal sölitesinden. Garaz, adam gendesinden Uzagyndan aman sakla. Hudaýjan oýunjakmykan?! Bilse şonam aldajak kän. Bir-biregi goldajak däl Duzagyndan aman sakla. Aman sakla kän-kän zatdan, Arsyz diýen ýaman atdan. Nebis diýen ýaman ýatdan Gazygynda aman sakla. 18.04.2000. ▶ GÖZELLER ŞASY Ýanar otda ýanar men, Bir gün seni görmesem. Aýyrmasyn ykbalym Saňa boýun burmadan. Hiç kese boýun synman Az görmedim jepany. Indem boýun buramsoň, Rowa görmez sapany. Şa öňünde epilmek Raýatyna aýyp däl. Sen gözeli özümiň Ýalňyz şahym saýyp men. Janym alsaň berermen, Sen deý mahy-tabana. Jan algyçdyr gözleriň, Geldim aý, gyz amana. Seniň ýaly barmy, heý, Şeýle ajap ýasalan. Ykbalym ykbalyňa Müdimilik ýazylan. Göz öňümde jemalyň Çykaňok hiç huşumdan. Sensiň diýip çaklaýan, Geçse biri duşumdan. Tapylmaz seniň taýyň, Meni bagtly eden gyz. Göterdiň ykbalymy Täji-tagtly eden gyz. 18-19.04.2000. Surat: Medine Safari / "Obaly aýallar" | |
|
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |