17:12 Bu söýgi däl, ýöne... | |
BU SÖÝGI DÄL, ÝÖNE…
Goşgular
![]() Bu söýgi däl, ýöne ýüregim gyssa, Başga hiç kimi däl, seni ýatlaýan. Bilýän dälsiň, meni biparh goýmaýar Seň dünýäň, durmuşyň, gussaň, şatlygyň. Kimdendir adyňy eşden mahalym, Ýüregim ýerinden gidýär gobsunyp. Bagt hakda oýlansam, arzuw edýärin Bolmagyny seniň üçin gowsynyň. Wagt hakda oýlansam, özüm ýadyma düşmän, gyýylýan seň geçýän ýaşlygňa. Gözlerimden gitmeýär hiç Gün nury düşüp lowurdaýan gara saçlarňam. Başarmadym ýüregimden çykaryp, Çykaryp bilmedim gelip ýüzüňe. Dünýede sen ýaly ýok ahyr başga, Ýeketägim, seni kime dözeýin?! Seni ýitirerin, hijem tapmaryn, Kalbymyň ýarasy bolarsyň – köne. Gözlemden damjalar syrygdy durdy, Bu söýgem däl… Ýöne… Gülnar BAÝLYÝEWA. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |