11:26 Buza gaçan ýürek | |
BUZA GAÇAN ÝÜREK
Goşgular
![]() Päk söýgümden ýüz öwürip, Gideňde gözümden ýitip. Saňa ýüregmi soguryp, Berjekdim, yzyňdan ýetip Başarmadym, essim aýyp, Ýykylamda buza taýyp, Ýüregim buza gaçypdyr, Özem biraz çat açypdyr. Ýürek ýatyr ejir çekip, Üşäp ýatyr doňan ýolda, Seň geljek ýoluňa bakyp, Ol şindem umyt -hyýalda. Ine bir gün peýda bolduň, Ýöne, arman, ýeke däldiň. Sen kürteli täze gelin, Bagty çüwen ýigit bilen, Ol ýatan ýüregi görmän, Ýa görseňde üns bermän, Assa basyp, seýkin ýöräp, Basyp gitdiň, ga'ra bulap. Ol bolsa yzyňdan garap, Galdy, saňa bagt diläp. Ýürekdäki bu tirpildi, Onuň soňky urşy boldy, Buzlaň içinde irkildi. Ýürek şeýdip doňup galdy. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |