22:56

Düwün / hekaýa

DÜWÜN

Çagalar hassahanasyndaky otaglaryň birinde üç ýaşly gyzjagazym bilen ýeke galdym. Lukman ýaňy çykyp gitdi. Ol gyzym bilen degşip, gülümsiräp gepleşdi, ýöne otaga girmänkäk gürleşemsoň, ýagdaýyň öwerlik däldigini bilýärdim.
Ejesi daşynda bir ýerlerde (megerem, hajathanada) aglap oturandyr.
Gyzym o diýen kakaçyl däl, ýöne häzir onuň duýgularyny bukmaga ysgynam, islegem galmadyk bolarly, maňa juda naýynjar mähir bilen garaýar.
Şeýle ýagdaýda iň agyr degýän zat – eliňden hiç zadyň gelmeýänligi.
Gyzym arkan öwrülip, balykgulak ýaly towlanyp ýatanynda, elim bilen onuň buýra saçlaryny darakladym. Bir garyş şar-gara saçlarynyň ujy barmagymyň bogunlaryna ilişende, kellesini agyrdaýmaýyn diýip, seresap hereket etdim. Gyzymyň şeýdip saçyny sypaýşymy gowy görýändigine men belet, aslynda muny halamaýan çaga barmyka beri? Hatda itdir pişiklerem şuňa meňzeş mährewe zar ahyryn.
Ýyly eliň astynda çagaň gabaklary agralýar, ol meýmiräp başlaýar.
Birden men gyzymyň saçynyň bir topar tarynyň düwün edilip daňylandygyna üns berdim. Darak degmese olaryň towlanyp, bulam-bujar boljagy belli, ýöne bu ýerde saçlar bir-birine bulaşman, olaryň her biri aýratyn çigin bolupdyr. Hamala, kimdir biri olary ýörite daňan ýaly.
Yrymçyl däldirin welin, hatda menem bu çiginlerde ýaman niýetli doga-jadynyň alamaty bardygyny inkär edip bilmedim.
Gyzyma bildirtmän, bu düwünleri bir-birden çözüp başladym. Saçynyň her kirşinde ikiläp-üçläp daňy tapdym, olary haýaljykdan çöşledim. Bu işi etdigimçe gyzymyň saçy uzaberdi. Onuň uzynlygy bahym tirsegime ýetdi.
Gözümiň köküni gyryp, palatanyň gögümtil çyrasynyň astynda bu işimi dowam edýän. Dura-bara saçy bir gulaç bolýar.
Düwünleriň baryny çözdügim, gyzymyň hassalykdan gutuljagyna ynanýardym. Daşyndan çaga timar berip oturan telbä meňzeýän bolmagymam ahmal, ýöne men bu başagaýlykda ajala garşy aldym-berdimli söweş alyp barýan.
Bir salymdan gyzym asuda uka gitdi, hassahananyňam duşuşyk wagty tamamlandy. Men bolsa ýeke özüm muňa ähmiýet bermän, boşap galan dälizde henizem gyzjagazymyň saçyny çöşläp otyryn.
Ine, birdenem gapdalymda aýalymyň sesi eşidildi:
- Gyýw, bärde näme işläp otyrsyň?
- Menden şu wagt hiç zat sorama – diýip, edip oturan pişämi taşlaman, başymam galdyrman jogap berdim, ýogsam ol gözümiň gyzarandygyny görer. – Gowsy, çöşlemäge kömek et!
- Weý, munuňky aňsat-la. Wagtyňy gidirme... – diýip, ol bir ýerlerden kiçijik gaýçyny çykardy-da, men dil ýaryp ýetişmänkäm saçlaryň ujuny kesip goýberdi.
Uzyn gara tarlar ýylan kibi süýrenip, otagyň içine girip gitdi. Onuň yzyndan ylgap palata girdik. Ýatalgada gyzymyz ýokdy. Ýöne onuň uzyn saçlary potologa urnup duran reňbe-reň şarjagazlaň göbeginden sallanyp duran eken.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 469 | Добавил: Mirror | Теги: Enwer Ýusubow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Gijeki otly / hekaýa - 12.03.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - 16.01.2023
Gara Deşik / nowella - 20.02.2023
Molla aganyň tosty / hekaýa - 24.02.2023
Bazar / hekaýa - 15.02.2023
Eddanyň öýlenişi / hekaýa - 06.01.2023
Derwaýys sapak - 07.01.2023
Ýaşlyk joşguny / hekaýa - 08.01.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Linoleum - 17.01.2023
Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Öte eşitmek... - 16.01.2023

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Mirror  
59
Kitapçy saýtynyñ okyjylaryndan bu hekaýa barasyndaky pikirini bilmek gyzykly bolardy.

0
2 Gumlygelin  
8
Soñuna düşünmedim.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]