03:06

Futbol we goşgy

FUTBOL WE GOŞGY

● Ýa-da ýene bir gezek forma  hem galyp barada

Futbol oýnunda özüme professional-a däl, diletant diýsemem, hakykatdan daş düşdügim bolar, ýöne “forma hem galyp” baradaky pikirlerimi “has düşnükli edip düşündirmegimi” soraýanlaryň günsaýyn köpelýändigini hem şol soraýanlaryň, hemmesiniň diýen ýaly, futboldan başynyň çykýandygyny göz öňünde tutup, futbol baradaky öz bilýänjelerimi mysal getirip, “düşündiriş” ýazmagy makul bildim.
Ýalňyşmaýan bolsam, futbol oýnunyň häzirki döwürdäki formasy 20 töwerek düzgünden durýan bolmaly. Eger-de biz şol düzgünleri 18-e cenli azaltsak ýa-da 23-e çenli köpeltsek, ýa bolmasa, onuň öňki düzgünlerini az-owlak “korrektirlesek”, ol oýun öz durkuny ýitirermi? Mysal üçin: 1) penalti urgusyny 10 ýa-da 12 metre çenli, derwezäniň inini-boýuny birnäçe santimetr üýtgetsek ýa-da umumy meýdançanyň göwrümini birnäçe metr kiçeltsek ýa ulaltsak;
2) her döwüň wagtyny birki minut azaltsak ýa köpeltsek;
3) oýunçylaryň sanyny 10 ýa-da 12 bolmaga çenli hemem olaryň oýunyň dowamynda çalyşyp durmaklarynyň sanyny ujypsyzja üýtgetsek, oýun prinsipial derejede durkuny üýtgedermi? Belki, üýtgetmez, çünki şeýle ýagdaýlaryň käbiriniň oýnuň öz dowamynda-da bolup durýandygyny biz bilýäris. Diýmek, bu formadan daş çykmak däl. A eger-de biz oýnuň esasy kanunyny (düzgünini) –“aýak bilen pökgi oýnamagy”– bozsak welin, ol oýun özüniň täze bir düzgünleri bilen “woleýbol”, “gandbol”, “basketbol” ýa ýene-de “birbol” bolup biler, ýöne futbollugyny ýitirer. Eger-de esasy kanuny bozman, meýdançanyň, derwezäniň göwrümlerini has kiçeldip, oýunçy sanyny we wagtyny azaltsak näder? Ol ýene-de futbol dälmi? Hawa, ýöne ol indi “mini-futbol”. Ony, şeýdip, “plýaž futboluna-da” öwrüp bolar.
Futbolsöýüjileriň, wagt tapsalar, özleriniňem mini ýa plýaž futbollaryny oýnamagy halaýandyklarynam biz bilýäris (eminem özleri), ýöne ýene bir zadam anyklalyň: eger-de UEFA-nyň, Ýewropanyň ýa-da dünýä çempionatlarynyň ýaňy bir başlangyç oýunlary bilen mini ýa plýaž futbolunyň Dünýä boýunça ýaryşlarynyň final oýny bir wagtda geçiriläýse ýa görkeziläýse, ýaňky futbolsöýüjiler olaryň haýsy birinine tomaşa ederkä?
Ýokarky mysallaryň hemmelere düşnükli bolmagam mümkin, şonuň üçin, geliň, näme üçin gerekdigi hiç kime düşnükli bolup bilmejek mysallara ýüzleneliň:
1) meýdança üçburç bolsa;
2) derwezebanlaryň sany iki ýa üç bolsa;
3) meýdançanyň içindäki eminleriň sanyny ikä ýa üçe ýetirip, hemmesine-de jürlewük berseň;
4) pökgi dörtburç ýa-da iki sany bolsa;
Eger-de biz oýna şuňa meňzeş bolgusyzlyklary goşsak, onda ol oýnuň adynyň soňuna “bol” sözüni goşmakdanam ötri, onuň oýun bolup biljek gümanasynyň bardygyna kepil geçip biljek adam bir barmy?
Bu mysallaryň goşga, formadyr galypa näme dahyly bar diýilmegem mümkin. Men: haýsydyr bir zadyň formasyndan çykyp, ýene-de şonuň (şol zadyň) içinde bolup bolmaýar diýip düşündirjek bolýan. Futbolly mysallarymyzda görşümiz ýaly, onuň formasyny düzýän düzgünleriň (“standartlaryň”, “galyplaryň”) käbirini azaldyp-köpeltmegimiziň ýa-da olaryň ýerine ýetirilişini az-owlak üýtgetmegiň mümkindigini görsegem (olarýň sany, belki, şeýdip 20-ä ýetendir?), ol oýnuň özenini düzýän kanunlaryny üýtgetseň, onuň eýýäm futbol däldiginem gördükmikäk diýýän. Diýmek, bir formadan çykdygyň, hökmany suratda, başga bir formanyň içine girýäň.
Indi goşgy barada. Goşgyňam goşgy bolmagy üçin onuňam birnäçe düzgünlere — özüniň formasyny düzýän standartlara (galyplara) boýun bolmagy hökmanydyr. Ynanaýyň: olaryňam sany 20-den köp bolmasa, az däl ( öň bir makalamda olary agzap geçemsoň, bu ýerde olary täzeden gaýtalamagy gelşiksiz gördüm), ýöne, futboldan aýratynlykda, goşguda muny düşündirmek kyn, çünki goşgyň formasy barada gürrüň açyldygy, ilki bilen, onuň diňe daşky görnüşini, ýagny kapyýalaryny, setirleriň dörtleme, altylama we ş.m. sanlaryny, bogunlarynyň 7,8,11 we ş.m.-ligini göz öňünde tutýanlar bar, olar bolsa goşgynyň formasyny döredýän galypjyklaryň bary-ýogy birnäçejigi. Şol galyplardan çykmak ýa olary üýtgetmek mümkinmi? Çykyla-çykyla gelinýär. Eger-de biz goşgynyňam esasy kanunyndan — onuň sazlaşykly üýtgeşik bir ritmde bolmalydygyndan — çyksak, olam öz formasyndan çykyp, başga bir forma geçip gitse, onda ol “ak goşga”, “repe” ýa-da entek ady oýlanyp tapylmadyk başga bir zada öwrülip biler, ýöne goşgy bolup bilmez.
Şu ýerde ýene bir zady bellemek gerek: käbir agzalarymyz “stil” bilen “forma” düşünjesinem çalyşýarlar. “Özüňiziň ýadyrgaýan stiliňizde ýazypsyňyz” diýip ýazylan teswire dogrudanam şeýle düşünenlerem bar. Bir zada düşünmek gerek: kimdir biriniň stilinde ýazjak bolyp synanyşmak bilen stil aýratynlygyny çalyşyp bolmaz. Stil — bu her bir awtoryň galam ýöredişiniň aýratynlygydyr, ýagny stil her bir awtoryň esere degişli standartlary (galyplary) nähili ýagdaýda we nähili ulanyp bilşinden döreýär. Eger-de awtor kimdir biriniň stilinde ýazmaga synanyşýan bolsa, onda oňa-da “galyp” diýilýär. Daşyndan seretseň, okaýşyny diňleseň, dogrudanam, käbir awtorlaryň atly şahyrlar bilen meňzeşligi bar ýalydyr, ýöne olar esasy bir zady ýatlaryndan çykarýarlar: her bir zatda bolşy ýaly, goşguda-da olaryň “forma” diýip düşünýän zatlaryndan başga-da “mazmun” diýibem bir zat bar, ol bolsa olaryň bir ýa-da birnäçe galypjyklaryndan däl-de, tutuş formanyň süňňünden gelip çykýar.
Aýdymçy sazandalaň içinde-de: “Pylany pylanynyň ýolundan aýdýar (“çalýar”)” diýilmegi ol aýdymçynyň heniz öz ýoluny tapmadygyny düşündirmek ýaly bir zat bolýar.
Eger birden ýalňyşaýýan bolsamam, ýene-de “futbolly” gürrüňe dolanyp, bu ýagdaýy hem has giňişleýin düşündirmäge synanyşaýyn: Men häzire çenli “Pylan oýunçy pylan oýunçyň stilinde oýnaýar” diýip eşidemok. Belki, synanyşýanlar bardyr, ýöne, şeýdip, meşhurlyk gazanana duşamok. Meniň subýektiw pikirimçe, bu mümkinem däl, çünki oýnuň dowamynda birmeňzeş gaýtalanyp bilýän pursat bolup bilenok (“Şol bir derýa iki gezek girmek mümkin däl”) — indiki pursatda pökgiň, garşydaşyň (garşydaşlaryň) özlerini nähili alyp barjagy belli däl. Şol ýagdaýlary öz ýanyndan (oýnuň dowamynda) çözüp bilmegi hem bir oýunçyny beýleki oýunçydan tapawutlandyrýar. Ol “çözgütler” bolsa her bir oýunçynyň futbol formasynyň standartlaryna (galyplaryna) bolan gatnaşyklaryndan gelip çykýar. Türgenleşik geçirilýän wagty pökgini derwezä depip ýa-da diwar bilen “pökgi oýnaşyp” kimdir biriniň hereketlerini gaýtalamak mümkin, ýöne futbol janly proses ahyryn.
Goşguda-da şolar ýaly — kimdir biriniň ýazyş stilini doly öwrenip (gerek bolsa kompýuteriň üsti bilen ), edil şolar ýaly edip ýazmaga synanyşyp bolar, ýöne goşgy ýazmagam janly proses, çünki indiki sözüň, sözlemiň nähili ýagdaýda geljegini hakyky awtoryň özem bilenok ahyryn. Dogry, käbir awtorlaryň özleri hem öz stilleriniň “galypçysy” bolubam galýar, ýöne öýkünjeňlerden, galypçylardan aýratynlykda dörediji adam hemişe täze-täze standartlaryň gözleginde bolýar, şonuň üçinem onuň öz stiliniň has çuňlaşyp ýa-da düýbünden üýtgäp bilmegem tebigy zatdyr.
“Täze formanyň ýa-da formalaryň gözleginde bolmagy” maslahat berýänlerem ýa şol sözi “görnüş” diýip alsalar, ýa-da şol görnüşleri göz öňünde tutýandyklaryny düşündirseler, has dogry bolarmyka diýýän, sebäbi beýle maslahatlara gönüden-göni düşünýänlerem az däl.

P.S.

Ýazanlarymy gaýtadan okap, göwnümiň suw içmeýändigini duýdum. Men edebiýata degişli ýazgylarymda terminler ýa-da edebiýata degişli başga deňeşdirmeler arkaly işlemegi öwrenipdirin, bu görnüşde bolsa ilkinji synanyşygym, onsoň ýazgylarymyň mazmunam hökmany suratda onuň formasynyň täze görnüşlerini özleşdirjek bolşumdan gelip çykýar. Men-ä: “düşünjege şeýle-de düşnükli bolar” diýip, öz başaryp biliş çägimden çykyp bilmeýänimi boýun alaýyn, sizem geçirimliläk boljak boluň…

Çary ATAÝEW.

Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 483 | Добавил: Нawеran | Теги: Çary Ataýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi tankyt bölümiň başga makalalary

Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]