01:43

Gar

GAR

Uzak garaşdyran mährem dost ýaly,
Ýagyp dur bir ýyllap küýselen ak gar.
Ruhuňy tämizlär onuň pes päli,
Ruhuň näme tutuş älemi päklär.  

Baglar, jaýlar, mähelleli köçeler
Asyl tutuş barlyk başgaça bu gün.
Şatlyk sygaýjak däl her bir ölçege,
Keýp edip hiňlenýär göçgünli göwün.  

Ýaşyl maýsalarytň ýaňagyn ogşap,
Ýaza çenli ýardam bolar, nem bolar.
Çagajyklaň sesi dünýäni gurşap,
Adamlaň guwanjy asmana galar.  

Durlanýar, nurlanýar zeminiň durky,
Gar ýagýar, gar ýagýar bagtyýar ýurda.
Arkadagyň söýýän ak gülleri dek,
Aklyk bar, päklik bar bu ýagýan garda,  

***  

Gar ýagýar
Göýä gökden perişde
Türkmen topragyna rysgal oklaýar.
Baglaryň barysy bir süýji düýşde,
Geljek baharlara gaýrat toplaýar.  

Gar ýagýar
Ses-üýnsüz enaýy dymyp,
Dünýe döräp mydam bolmalysy dek..
Bu gije gar ýagsa ertir oýanyp,
Çagajyklar çyndan begense gerek.  

Gar ýagýar
Göklerden Zemine tarap,
Söýgi bilen mähir bilen gelýär ol.
Beýle ezizlige tolgunýar ýürek,
Köňüllere joşgun, ylham bolýar ol.  

Gar ýagýar Ses-üýnsüz dymyp ýagýar ol,
Oňa derek şowhun-şatlyk töwerek.
Durky-görki bilen üýtgeşik gözel,
Beýik zatlar şeýle bolmaly gerek.  

***

Al asmandan al howany gujaklap,
Gaýyp gelýär başy aýlanan ak gar.
Ol gaýtmasa asyl-asyl boljak däl,
Gelýär onsaň hamrak taýyny ýoklap.  

Gaýtalap bolmajak gözellik, görk ol,
Gelýär sessiz-üýnsüz, gelşikli gaýyp.
Ak gül kimin zemin ýüzüni örter.
Tutuş arş-aglada ýok onuň taýy,  

Nar ýaňagy agşam şapagy ýaly,
Elleri pamyk deý gül meňizli gar.
Hem misli päkligiň çapary ýaly,
Äleme ýaraşyk gül köňülli gar.

Sylapberdi MUHAMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 443 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Любовь / Goşgular - 11.02.2023
«Сквозь разноцветные стёкла закат…» / Goşgular - 10.01.2023
Стихи, сочиненные в день моего рождения / Goşgular - 27.01.2023
Seret, ýene gar... / Goşgular - 03.02.2023
«Друзья свободного искусства…» / Goşgular - 11.01.2023
Afetinle sinama ALLAH’IM / Goşgular - 13.02.2023
Deprem Ağıtı / Goşgular - 13.02.2023
Git! / Goşgular - 09.02.2023
Годы в былом / Goşgular - 11.02.2023
Uýamyň toýunda aýtmak islänlerim / Goşgular - 06.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]