01:34

Garaşýan

Категория: Goşgular | Просмотров: 434 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Baýram Akatow | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024

Teswirleriň ählisi: 221 2 »
0
1 Edebiyatcy  
15
Şol ýaram gelmese gelmänler geçsin...
Garaşyp, ýüregi suw bolan bendäniň iň soňunda jany ýangynly aýdaýjak sözi

0
2 mango  
651
Şeýdibem “Umydymyň tary üzülmese bo:r” diýip, umydynyň taryny eli bilenjik üzüp göýberýärmi?

0
3 Jumjume  
571
"Gögüň eteginden aslyşýar şapak,
Gök köýnekden görnen mele topuk deý, " bu meñzetme täsin bolupdyr,haladym

0
5 mango  
651
Hawa, “gögüň eteginde” ulanan gök bilen “gök köýnegiň” reňki колоритный bolupdyr. Gelişipjik dur, ýogsam gyzlar umuman, розовый reňki halaýalar...
Ýöne setirdäki “gögüň-gök” gowy bolupdyr.

0
4 mango  
651
Üýrýän itler, şemal, ýaprak, şykyrdy, tykyrdy, aýna, gapy, serçe, kersen... gowy suratlandyrma.
Awtor erkek bolansoň liriki gahrymanam erkekdir diýip okaýaň.
Soň pikir edýäň liriki gahryman gyz bolaýmasyn diýip.
Sebäbi gahryman(ka) passiw garaşýar, hiç hili çäre (aksiýa) görmän, elini gowşuryp, ite-serçä, ýele-ýapraga göwnüni aldadyp otyr.
—-
Edebiýat aslynda jypdyrmadan ybarat. Ynandyryjy jypdyrmadan.
Baýram kakaňam bir gyzyň adyndan jypdyrmasy erbedem däl.
Ýöne, gorapjyk ýören umyt tary üzüldidä... şoňa gynanýan...
Üstünlikler.

Taryň üzülmezligi.
Baýramda: “umyt tary üzülmesin;
Meňlide: “Aralyk taryny üzmäli hergiz!“
Bu da Mangodan: bu ýöne bellikdir, hiç kim özüne hiç zady çekmesin, hiç tar üzülmesin.

0
6 Jumjume  
571
hawa, mango, pikirler gabat gelipdir,hiç yere de çekemok. Arkaýyn bol!

0
7 Jumjume  
571
Yogsa da Mango, erkek gahryman beýle inçelik bn garaşyp bilmezmi seniñçe? Men zenan bolamsoñ elbetde zenanlañ beyle garaşyp biljegini bilyan,ýöne erkek kişileriñ içinde şu goşgudaky ýaly inçelik bn garaşyp biljegi asla ýokmuka?

0
10 mango  
651
Garaşmak diýemizde nämä garaşylýa, şoňa-da seretmeli.
Oglanyň ýa gyzyň özüne taý gözlemegimi?
Ýa güşünişmezlikden soň garaşmakmy?
Umuman, elbetde erkegem adam, oňam duýgusy bar, ýöne deňeşdirseň gyzyňkyça inçe bolmazmyka diýýän.
Her halda prinsipim şu: garaşmak passsiw bolmaly däl.
Nämä garaşsaň ugrunda bir hereketler etmeli.

0
8 Jumjume  
571
Reñk babatda aýdaýyn: Eger ýazýan wagtymyz şertli ýazsak meselem gyz hakdalygy ün gülgüne ya gyrmyzy reñk ulanaýyn we tersine erkek gahryman üçin gök reñk bn añladaýyn diýsek,ol eýýäm ýasamalyga eltmezmi? Ýazýan köplenç öñ özünde ya başgada gören,eşiden zadyna görä ýazyar, fantaziyasy hem özünde bar bolan duygy-pikir bazasyna görä işleýär.

0
9 Jumjume  
571
Synçylygyña APERIN,mango ýöne ylhamy öz erkine goýsak gowy da.
Goý ol islan zadyny saylasyn,biz bolsa ony "şertlileşdirmäli"!

0
11 nurgeldiyewam232  
691
Awtor islese hiç hili çäre görmän garaşar islese elinden gelenini edip garaşar.Bu awtoryñ öz duýgusy,islegi.Goşgy duýgydan dörän dünýädir.

0
12 nurgeldiyewam232  
691
Awtor islese hiç hili çäre görmän garaşar islese elinden gelenini edip garaşar.Bu awtoryñ öz duýgusy,islegi.

0
13 nurgeldiyewam232  
691
Awtor islese hiç hili çäre görmän garaşar islese elinden gelenini edip garaşar.Bu awtoryñ öz duýgusy,islegi. cry wacko

0
14 nurgeldiyewam232  
691
Bagyşlarsyñyz teswir ýazmagy täze öwrendim.Üç gezek ýazyldy.

0
15 Edebiyatcy  
15
Nurgeldiýewa Mahymmy siz?
Siziňem goşgularyňyza garaşýarys saýtda

0
16 Jumjume  
571
Belki elinden gelen ähli zady edendir,ol bolsa wagt ber diyendir. Şeýdibem gahrymanymyz NETIJÄ garaşýandyr. Ýagny waka goşgyñ daşynda taşlandy we şahyr diñe garaşýan epizodyny suratlandyrdy ine şeýle bolup bilmezmi,mango?

0
20 mango  
651
Bolup biler.

0
17 nurgeldiyewam232  
691
Dogry edilen tankyt şahyry kämilleşdirer ýersiz ýere edilen gödek tankyt döredijilikden çetleşdirip biler.Şonuñ üçinem tankyt etmäkäñ ýedi ýola pikir öwürmeli.

0
18 Jumjume  
571
Asuda,garrylar sözlerde harp yalñyşlar gidipdir,munça bolanyna görä onam aýdaýaly smile

0
19 nurgeldiyewam232  
691
Salam Goçmyrat aga!Howwa men.Soñky döwür saýtdaky käbir tankytlar goşgy paýlaşmaga höwesimi gaçyrýar.Geljekde höwesim yzyna dolansa (mowzuk goýmany hem öwrensem)nesip bolsa paýlaşaryn.

0
22 Edebiyatcy  
15
Tankytdan çekinip, goşgy paýlaşman ýörseň-ä serçeden gorkan dary ekmeze barar. Paýlaşyber! Döredijilik diýlen zat her kime deň ýaramaýar, barybir, eser öz okyjysyny tapýar.

1-15 16-16
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]