10:31

Göwne gelenlerden...

Iki minut gürleşip günboýy bagtly bolmakdyr yşk.
***
Bar bilen ýok şu ikisiniň arasyndadyr söýgi ''gel'' diýmäne şertler ýol bermez,''git'' diýmäne kalbyň...
***
Yşk namaz okamak ýalydyr niýet edensoň töwerege seredilmez...
***
Bir körüň bir kere ''sen gaty owadansyň'' diýmegidi yşk...
***
Ony hiç görmezlik başgasy bilen görmekden has gowydyr...
***
Siz bagtsyz wagty ýanyñyzda bolan erkek dünýäniñ iñ gowy kakasy bolar...
***
Sözüni geçiren erkek ýokdur aşyk bolan zenan bardyr...
***
Güýç erkege aýalyny ursyn diýip däl gorasyn diýip berildi...
***
Bir erkek diňe erbet aýala uçranda birnäçe aýal islär...
***
Erkegiň iň ahlaklysy bir aýala Allanyň amanady hökmünde garanydyr...
***
Gyz aglasa söýendir belki,ýöne erkek aglasa ol gyzy hiç kim,hiç haçan şol erkek ýaly söýüp bilmaz...
***
Göwni aýran bolanyň çaýkap göreni köp bolar...
****
Senin bar ýeriňe men etiket goýaryn diýipsiň, unutma senin ol etiketiňa men bahaňy ýazaryn.
****
Sylag bolan ýerde gorky bolar emma gorky bolan ýerde hiç wagt sylag bolmaz.
***
Bir zenanyň soraglaryndan,gohlaryndan ýadamaň çünki çyrpynyşlarydyr onuň, zenan sesiz galsa gorkuň... çünki zenan dymsa ähli zat gutarar.
***
Zenanlar bilen uruş yglan etmäň... ýeňip bilersiňiz ýöne ony ýitirersiňiz...
***
Bir gyz size akylly gürläp başlasa biliň size bolan söýgüsi gutarandyr...
***
Bir zenan siziň bir gepiňizi ýyllaryň dowamynda saklap wagty gelende gerekli ýeriňize gowy otyrdyp bilýändir...
***
Bir zenanyň iň gowy wagty 30 ýaşdan soňdyr...sebäbi häli ýaş we owadandyr iň gyzyklysy indi akmak däldir.
***
Söýgüden urgy alan zenanlary isleýşiňiz ýaly söýüp bilmersiňiz...
***
Käbir zenanlar şeyle ynamsyz welin ''seni kim söýmedide beýle bolduň?'' Diýesiň geler...
***

Категория: Sözler | Просмотров: 475 | Добавил: Raziýe_Soltan | Рейтинг: 4.0/4
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Garaýolly  
27
Ajayyp sozler

0
2 Bagty Tekäýewa  
... zenan dymsa ähli zat gutarar...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]