18:54

Dost

DOST

Şahyrmydyň sen... Hawa, özüňçe Puşkinden kem däldiň... Dostmudyň, mümkin wagtynda dost ýaly görünen bolsaňam ahmal, ýöne sen duşmananam däl ekeniň aslynda...
Dogry men zenan uzyn ýolda ýeke özüm agyr ýüküň astynda senin ýaly dostsumaklarda ýadap ýeke başyma öz başyma gaý. Ýöne "degmedige ýylanam" degmezmiş diýen gep ýalan eken, şügünki eden hereketiň gaty ýalňyşdy maňa garşy. Özüňi hormatlanýan Il Ýaşulusy däldirin öytmediňle... näme dünýe seniň daşyndan aýlanýamydy?!
Ýa meniň ilki seni tanamaýan döwrümdäki ýaly dymar öýtdünmi?!
Sen meni ýalňyş düşünipsiň "dost" men seni diňe dost hökmünde hormatladym...
Artykmaç zat wada bermändim hiç, ýöne şügünki ýaly ýadymda seniň bir wagt bir düşekde bir beden bolan zenanlaryň maňa "gybat"edişiň ýaly, şu gün goşgyňy tankyt edensoň kimleriň ýanynda men hakda näme diýýäniň bilmeýändir öýdýänsiň...
Ýöne unutma seniň diýenleriň bir hiç meniň diýjeklerimiň ýanynda.
Meni tanaýansyň men dymaryn, ýöne wagty gelende şeyle gürlärin welin seniň ýaly özüni erkekdirin öýdýänleriň azyndan ýüzüsiniň aýagynyň aşagynda ýer oýnadaryn.
Dogry men zenan ýöne sen ýaly aslynda bolmadyk akylyny satýan akyllysumaklardan has agyrdyr meniň mertebäm. Egilmerin ölýänem bolsam, dogryny dogry ýüzüňe aýdaryn seniň maňa näme diýjegiňi bilýänem bolsam.
Sen haýsy adamçylykdan söz edýäň aslynda özüň mydama arzuwlaýan synaňy görüp bilmedigiň üçinmi bu dereje gahar?! Edil ýanyp küle dönýädiň-le düýne çenli...
Menem gaty samsyk aslynda şu kirli dünýäden arassa dost gözleýän dogry gerek?.
Gaty arkaýn bol şu setirleri diňe özüň okap düşünersiň başga hiç kim düşünmez... Sebäbi men zenan ýöne hiç kimi satyp ýada seniň diýşiň ýaly başga ýola baş goşup mertebämi pese düşürmen.
Bulary näme üçin ýazdym diýen sorag ýüze çykaýsa eger saňa ýekeje jogap: "Pişigiň hem bagyra eli ýetmese zaýa eken diýýämi?!".
Onsoňam saňa maslahat sen Edebiýat diýen giň düşünjäni öz darajyk dünýäňe sygdyrjak bolup hem azar edinme... Sygmaz çünki seniň ýazýanlaryňda many däl, hatda duz ýok, bu saňa dostluk iň soňky maslahatym.
Категория: Sözler | Просмотров: 481 | Добавил: Raziýe_Soltan | Теги: Gülälek Begjanowa | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Raziýe_Soltan  
16
Sahypjemal olara bilyanmi name diyilya?! Ay bolya aytmayynla...
yone gadym wagtda solar yalylara yalyk danyp her obada corek bisirderler eken.

0
2 Gumlygelin  
8
@Sahypjemal olar ýaly adamlara dost däl-de ýallaky diýýäs bizä.Olar ýal hantama bolýan ite meñzeş.Ýöne olary ite deñemegem bolmaýar.Sebabi it janawar ýal iýen ýerine örän wepaly.Olar bolsa....Aý olary meñzetmäge zat ýok öýtýän...

0
3 Лисица  
Pişik bagra ýetip bilmese näme diýýänini-hä bilemok, ýöne tilki üzüme boýy ýetmese "tfuu, entek bişmändir, turşy eken" diyyanini-ha bilyan...

0
4 Raziýe_Soltan  
16
Gumlygelin gelneje item itligine utanarla o ady ona goysam

0
5 Raziýe_Soltan  
16
Maysachudesko hakyky zat eken sol.

0
6 Selcen  
Ähli gyz gelinleñ adyndan aydylan yaly boluvdyr. menden 100 ball

0
7 Hijran  
Ýõne unutma, seniñ diýenleriñ hiç meniñ diýjeklerimiñ ýanynda.
Meni tanaýansyñ, men dymaryn ýõne wagty geleninde şeýle bir gürlärin, erkekdirin õydýänlerin 100 siniñ aýagynyñ aşagynda ýer oýnadaryn. Egilmerin õlýãnem bolsam dogrymy aýdaryn senin näme diyjegiñi bilyanem bolsam!

Respekt!

0
8 Raziýe_Soltan  
16
Hijran sag bol.

0
9 Zara  
347
Dymmak iñ gowy jogapdyr

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]