17:43 Göwnüm meni ýazgarma | |
GÖWNÜM MENI ÝAZGARMA
Goşgular
Göwnüm käte ýaşlygyna ýol ýasap, Bakman günbe-günden gartaşýan göwrä. Menden ygtyýarsyz syýahat edýãr, Şol gyzlyk döwrüne, arzuwly döwre. Hyýalynda aýna bakyp öñki deý, Gara saçyn, syýa zülpün daraýar. Ejap edip aşyk bolan ýigide, Ýeñ astyndan ogryn-ogryn garaýar. Ýumak ýaly barha-barha çözlenip, Göwün gidýär jümmüşine geçmişiñ. Hakydañda hatar-hatar düzülýär, Arzuwlaryñ, hatalaryñ, etmişiñ. Bir süýji saz, mukam dolýar gursaga, Dünýäñ ähli sazy diñäýen ýaly. Şol gidip otyrsyñ, gidip otyrsyñ, Bir düýpsüz ummana çümäýen ýaly. Emma,ýuwaşjadan açylan gapy, Şol ummandan çekip alýar dessine. "Eje,geldim"- diýip, ýylgyryp gyzlañ, Mähir bilen güller seçýär üstüñe. Dolanasyñ gelse ýaşlyga sary, Aýak çeksem, göwnüm meni ýazgarma. Seret, sen-ä ogryn bakan ýigdiñe, Ýaşlygymam peşgeş berdim gyzlarma. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||