00:26 Gözellerden bilerin | |
GÖZELLERDEN BILERIN Näler gelse meniñ garyp başyma, Ilden däl-de gözellerden bilerin. Olar girer gijelerde düýşüme, Yslaryny ter güllerden alaryn. Dagdan daga, ýaýalarda gezdigim, Galam alyp dessanlaryn ýazdygym. Ýat illerde jöwlan urup gezdigim? Islänimi dilberlerden dilärin. Saralsa-da dökülmeýär pazylym, Köñül diýer diýar-diýar gezelim. Soýum türkmen, türkmen bolsun gözelim, Öläýsem men ol illerde ölerin. Garajoglan, gezer çeşme başynda, Arzym bardyr dilberleriñ gaşynda. Munuñ üçin gezer köñül hoşunda, Hoş gal, ýarym, belki döner gelerin. ■ TÜRKMEN GYZY Ala gözli türkmen gyzy Çeker gider göçlerini. Daramyş, gerdene dökmüş Altyn ýüpek saçlaryny. Hatartnda guba maýa, Jemalyn meñzetdim Aýa, Ak göwsüne çekmiş saýa, Bezär gider başlaryny. Garajaoglan, gyz söýmüş, Ak göwsi göwsüne degmiş, Kümüşçi ussalar egmiş Ýaryñ helal gaşlaryny. GarajaOGLAN. | |
|
√ Pyşbaga bilen içýan / Goşgular - 06.01.2023 |
√ «Взгляни: небесный свод безоблачен над нами…» / Goşgular - 20.01.2023 |
√ Sönmezek umyt / Goşgular - 21.01.2023 |
√ Колыбельная / Goşgular - 13.02.2023 |
√ Lukmanym sähra / Goşgular - 06.01.2023 |
√ «Ныне, полный блаженства…» / Goşgular - 15.02.2023 |
√ В эти дни / Goşgular - 05.02.2023 |
√ В вертепе / Goşgular - 01.02.2023 |
√ Бальмонт / Goşgular - 15.02.2023 |
√ На смерть А.В.Дружинина / Goşgular - 19.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |