15:16 Kaýda kalbymyñ yşgy | |
KAÝDA KALBYMYÑ YŞGY
Goşgular
![]() Ýylatmady dünýämi, Ýyly gelen ýazlaram. Kalby heýjana salan, Şirin aýdym-sazlaram. Götermedi göwnümi, Kölde guba gazlaram. Diñe eretjek özi, Kalbymdaky buzlarym. Kaýda kalbymyñ yşgy, Saba-säher yzlaram. Wysalyma ýetmesem, Maýa kimin bozlaram. Iki dünýäñ serwerin, "Görse"- diýip gözlerim. Çoýunyp Hak nuruna, Söküp dagy,düzlerim. Arşyñ-kürsüñ arasyn, Perwaz urup gözlärem. Ilden sowa düşse-de, Ýörän ýolum,yzlarym. Düýşde-huşda zar eýlän, Didaryna gözlerim. Yşgym, men ýola düşdüm, Dowam edip gözlegim. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |