12:15

Gyş nagmalary

«Gyş nagmalary» / goşgular çemeni

■ Gyşa ýüzlenme

Men seni söýýärin eý owadan gyş,
Hemem ezizlejek enem mysaly.
Sen kalbyma çaýsaň bir şuglaly yşk,
Menem eräp dursam şemiň mysaly.

Ýyl paýawlap ýerler ýatyr saň-gaty,
Ýyl aýagy gyşyň başy dekabr.
Wagt duranok, şapak eräp, daň atyp,
Onsaň maňa gussa çekmek derkarmy.

Ömür geçse, ötägitsem ýel deýin,
Özge gapylary kakmasa ýeter.
Ýürekdeş dostuma sowgat elteýin,
Goý, ol bir begensin çagadan beter.

Gyňyr däl, mähirli, kiçigöwün gyş,
Dünýä aşyk bolup, asmandan gaýyp,
Ak gülli ýaýlada ýaza çalymdaş,
Ak garlaryň ýagyp durşam ajaýyp.

***

Gök ýüzüni bezäp, asmany bezäp,
Gaýmalap gelýän gar, gaýyp gelýän gar.
Çagagöwündir ol, bermez hiç azap,
Özüni ýaş juwan saýyp gelýän gar.

Onda tämizlik hem terlik bark urýar,
Ýagyp bilse giň äleme görk berýär,
Ylham guşuna hem uç diýp erk berýär,
Parlap, uçup, ganat ýaýyp gelýän gar.

Tapyp bolar ondan müň bir tymsaly,
Nazaryny güýmäp, güýmäp ynsany,
Gök ýüzünden erän simap mysaly,
Tutuş dünýä kümüş çaýyp gelýän gar.

Ýüregi ýangynly “Tahyra” melhem,
Gollary galamly şahyra ylham,
Görküňi gaýtalap bilenok gül hem,
Hut melul köňlüme laýyk gelýän gar.

■ Gargalar

Ak garyň üstünde gara gargalar,
Göýä syýa bilen çekilen surat.
Dünýäni dolduryp «gak-gak» nagmadan,
Gyşyň syratyna goşýarlar sungat.

Pasyllar içinde paýhasly pasyl,
Oý-pikirli hatda Günüň dogmasy.
Gyş otyr ak geýip, pikirie batyp,
Hüşgär gargalar hem gyşyň dogmasy.

Gargalar üç ýüz ýyl uzyn ömrüni,
Hut ajaýyp gyşdan alan deý peşgeş.
Gagyldaýar giň tutup guş göwnüni,
Şeýdip gyşa alkyş aýdýana meňzeş.

■ Gar

Gar ýagýar
Gar ýagýar
Agarýar Zemin
Ýöne Gün bulutdan çykýaram welin
Ereýär gar,
Ereýär gar,
Ereýär.
Çagajyklar bu ýagdaýa
Gaty nägile garaýar.

Tebigatyň bu bolşuna
Bakýar olar gözlerini tegeläp.
Gardan adam ýasajakdy
Olar gary togalap.

Atyz-pellere,
Ýoda-ýollara,
Daş düşelen köçelere
Hem jaýlaryň üçegine
Hatda guýyň içine-de
Ýagan gar
Ýuwaş-ýuwaş ereýär.
Oňa daýhan begenýär.

A çagajyklar bu ýagdaýda
Nägile biri-birinden.
Adam ýasap bilmediler
Bu ýylam gyşyň garyndan.

Daşa çykyp
Göge bakyp
Çagajyklar
Azajykja
Tebigata öýke bilen garaýar.
Ýagmasyna ýagýarda gar
Ýöne derrew ereýär.

■ Gar
(Goşgular toplumy)

Arzuwlaryň wysaly deý,
Ýagsana gar!
Ýagsana gar!
Ýitirip wagt hasabynam,
Ýagsana gar!
Ýagsana gar!

Nirde zemin, nirde asman?!
Biler ýaly däl-ä asla,
Dünýäni päklige besläp,
Ýagsana gar!
Ýagsana gar!

Ýumşaklygyň mesge ýaly,
Doňup galsyn gussa köli,
Çagalaryň isleýäni,
Ýagsana gar!
Ýagsana gar!

Oýnap-gülüp,
Gar tokgalap,
Ursun ýarlar ýary belläp,
Ýataryň ýaly hepdeläp,
Ýagsana gar!
Ýagsana gar!

Sende mähir, sende şatlyk,
Sende joş urýandyr ýaşlyk,
Alnyma ýaraşan aklyk,
Ýagsana gar!
Ýagsana gar!

***

Gar ýagyp dur!
Gar ýagyp dur!
Asmandan ýere sepeläp.
«Güsürt-güsürt» owaz çykýar,
Ýöräňde gary depeläp.

Şeýle täsin garyň sesi,
Gyşda hoş ýakýar gulaga.
Ýaňlandyryp belent-pesi,
Owazy ýeter uzaga.

Ýanwar-fewral nirde galdy?
Sowuk günler hol alysda.
Garyň sesin ýatlamak hem,
Hoş ýakýar yssy tomusda

Baksaň rahatlyk tapýan dek,
Oýarýar kalpda höwäsi.
«Güsürt-güsürt» garyň sesi,
Mawy asmanyň owazy.

■ Gar adam

Gara der bolup agtygy,
Daşarda gar togalap ýör.
Enesi hem penjireden
garap gözün tegeläp dur.

-Jan balam, elem-tas bolup,
Näme özüňi köseýäň?
-Mama jan, görsene ine,
Gardan gar adam ýasaýan!

-Hä şeýlemi, bolýa balam,
Uludan dem alýar ene.
Igin egrip otagynda
Işe gümra bolýar ýene.

Hüňürdeýär öz-özünden,
Ýöne hiç keýpini bozmaz.
«Näçe ýasasaň ýasaber,
Gar adamdan adam bolmaz...»

■ Biziň söýgümiz

Ir säher Gün dogýar saçyp şöhlesin,
Hoşgylaw ýylgyrşyň ýadyma salyp.
Meň edesim gelýär söýgi söhbetin,
Ýaşlykdaky ýaly ýanyňa gelip.

Süýdüň gaýmagy deý säheriň demin,
Sorup açylanda gar dek ak güller,
Meň barasym gelýär ýanyňa seniň,
Hem ele alasym gelýär ak elleň.

Sary güneş göterlende dik-depä,
Ýada salyp seniň yssy mähriňi,
Gözleriňe garap bir söz geplemän,
Otursam bes,
Sen alypsyň aklymy.

Gün aşak sallanýar, gyzyl al şapak,
Ne gussaly seniň ýaňaklaň ýaly?!
Kyn bolansoň öz-özüňi aldamak,
Bulaşdyrýan huşlarymy, hyýaly.

Bu älemde ikimiz bir zerrejik,
Ýöne barlyk bizde jemlenen eken.
Men seni söýýärin janymdan geçip,
Sen meni söýýärsiň ondanam beter.

■ Çakylyk

Men henizem jahyl-juwan, hem bir yşgyň bimary,
Gel ezizim, gel mähriban, gel gujagma, gel bäri!
Ýeller ösýär wagtdanam çalt, ýyllar ýyndamdyr ýel ýaly,
Gel ezizim, gel mähriban, gel gujagma, gel bäri!

Sözüm diňläp, meni geňläp, göz ýaş etsem utandyrma,
Men ýara nesip etmedik ýol ugrunda ýatan hurma.
Meni saklap bal agzyňda, gadrym biljege-de berme,
Gel ezizim, gel mähriban, gel gujagma, gel bäri!

Ýalan dünýäň galplaryndan egnim çökäýse lapym keç,
Sen arymy alyp berseň, goldasaň algyr laçyn dek,
Bu gün agşam Aý doganda seniň inçejik gaşyň dek,
Gel ezizim, gel mähriban, gel gujagma, gel bäri!

Bir özüň em edeweri, galsa başym agyryp meň,
Hem ýüzärlik tütedewer, är-pirleri çagyryp sen,
Seniň söýgiň, seniň mähriň, bakylyga çakylyk deý,
Gel ezizim, gel mähriban, gel gujagma, gel bäri!

■ Ezizim

Al-asmana parlap uçan guş ýaly,
Seniň sesiň serhoş edýär ezizim.
Aladamy aýryp aýrayp gussamy,
Seniň sesiň serhoş edýär ezizim.

Sesiňi eşdemde dert yza çekýär,
Wagtam seniň ýaly mert gyza bakýar,
Gözlerim ýaş dökýär, ýüregim ýakýar,
Seniň sesiň serhoş edýär ezizim.

Ters gelmez täleýler, ykballar aýra,
Bagtymyň bagynda bir salym saýra,
Söýgi kenaryna çagyryp seýle.
Seniň sesiň serhoş edýär ezizim.

Aldawçy hyýaldan alysda-daşda,
Gözüm baglan görküň kalbyma keşde,
Pynhan duýgy bile ugradyp yşga,
Seniň sesiň serhoş edýär ezizim.

Güýz başa atanda sary öýmäni,
Men senden owrendim çyndan söýmäni,
Müň ýyl duran şerap ýaly, meý ýaly,
Seniň sesiň serhoş edýär ezizim.

Sylapberdi MUHAMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 471 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Пошутила я – и другу слово молвила…» / Goşgular - 19.01.2023
В Боге / Goşgular - 01.02.2023
«Ты придёшь и обнимешь…» / Goşgular - 24.01.2023
Aşyk bolmuşam / Goşgular - 14.02.2023
«Сквозь разноцветные стёкла закат…» / Goşgular - 10.01.2023
Графу А.В.Олсуфьеву / Goşgular - 14.01.2023
Бунтовщик / Goşgular - 25.01.2023
«Буду всегда я по-прежнему молод нетленной душою…» / Goşgular - 15.01.2023
Фритьоф Нансен / Goşgular - 06.02.2023
Klasdaşlaryma / Goşgular - 01.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]