14:06

HYÝALDA

HYÝALDA

Men ýene şol ýere gidip barýaryn,
Aýlar onki bolup öwrülýär ýyla,
Şolaryň içinde ýitip barýaryn,
Düşenligmi bilmän soňlanmaz ýola.

Barýaryn oýa hem ukuda pilläm,
Bir pursatlyk eglenmäge wagtym ýok,
Az-köp görsem ykbal eçilen hülläm,
Almaga-da, bermäge-de nagtym ýok.

Ozaldanam baş bermedik duýgynyň,
Dünýäsinde ýörenligim gumansyz,
Ýene barsam gaşyna şol söýginiň,
Bilsem-de gün geçmejegni amansyz,
Men ýene şol ýere gidip barýaryn.

Категория: Goşgular | Просмотров: 396 | Добавил: Raýdaş | Теги: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Bir ýyldan soň... / Goşgular - 25.01.2023
Geň-enaýy Mary gyzlary / Goşgular - 04.02.2023
«Друзья свободного искусства…» / Goşgular - 11.01.2023
Памяти С.Я.Надсона / Goşgular - 24.01.2023
Любовь / Goşgular - 11.02.2023
Afetinle sinama ALLAH’IM / Goşgular - 13.02.2023
Великому князю Константину Константиновичу и великой княгине Елисавете Маврикиевне / Goşgular - 30.01.2023
Nämeler sensiz / Goşgular - 21.01.2023
«Сквозь разноцветные стёкла закат…» / Goşgular - 10.01.2023
Seret, ýene gar... / Goşgular - 03.02.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Garaýolly  
27
Gowy goşgy

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]