10:11 “Garagol oglanjygyň” annotasiýasy | |
“GARAGOL OGLANJYGYÑ” ANNOTASIÝASY
Dünýä edebiýatynyň görnükli wekili, meşhur rus ýazyjysy Korneý Çukowskiini çagalaryň arasynda tanamaýany az-az bolsa gerek. Onuň eserleri bilen ösüp-ulalan ýaşly adamlaryň köpüsi heniz-henizlerem ýazyjynyň ertekileriniň täsirine, çagalyk döwrüniň süýji arzuwly ýatlamalarynyň ummanynda mahal-mahal ýüzýärler. Çagalara we ulylara deň derejeli düşnükli dilde ýazylan, elmydama oňatlyk bilen tamamlanýan eserleri eýýäm näçe arkadan bäri dilden-dile, nesilden-nesile geçip gelýär. Nirededir bir ýerlerde: Zanzibar ülkesinde, Limpopo sährasynda we haýsydyr bir ady näbelli şaherde bolup geçýän wakalara gatnaşýan baş gahrymanlarynyň K.I.Çukowskiniň ähli eserlerine mahsus bolan ne milleti, ne ýurdy, ne dili we ne-de milli şahsy ady agzalýar “Aýbolit”, “Moýdodyr”—beýik ýazyjynyň toslap tapan atlary. Çagaň paýhasy giň halkara düşünjeli, onuň aňyna bütin äläm sygýar. Onuň üçin parhy ýok: ertekiniň haýsy ýurtda bolup geçýäni we eseriň awtorynyň nä milletligi. Ýaş tomaşaçynyň pýesadan garaşýan umytlary: hoşniýetlilik, ýagşylygyň ýamanlykdan üstün çykmagy, şatlykdan we täsin galmakdan lezzet almak. “Garagol oglanjygyň” epizodlary tanymal ýazyjynyň birnäçe eserlerinden alnyp, arassaçylygy, sagdyn durmuşy ündeýän; ýagşylygyň ýamanlykdan üstün çykyp, adamlaryň kalbyny rahatlandyrýan sýužetde jemlendi. Pýesadaky monologlar, dialoglar Korneý Iwanowiçiň leksikasyna laýygrak terjime edildi we awtoryň pýesa üçin öz düzen goşgylary girizildi. Korneý Iwanowiçiň illýustirlenen eserleriniň memmesinde lukman Aýbolit ak lybasly, hortap, äýnekli, ak sakgal-murtly, eli lukmanlaryň göterýän sakwoýažly; mähirli; ýumşak, mylaýym sesli; nurana ýüzli we şadayýan adama meňzedip şekillendirilen. Moýdodyryň keşbini geçen asyrda ulanylan, bedeni agaçdan ýasalan elýuwary adam şekilinde çekipdirler: burny—açylyp-ýapylýan jüründik, ellerine derek—her tarapynda elsüpürgiç, “başyna” bolsa mis legen geýdirilipdir. Moýdodyr bu pýesada Aýbolitiň ýakyn kömekçisi bolup çykyş edýär we ýuwunmagy halamaýan çagalary ýuwundyryp, “adam” edýär. Aýbolitiň ýüregiýuka rehimli we işine çynlakaý hem jogapkärli garaýşyny telefon bilen bagly epizodda görkezilendir. Oýun gyzykly we şadyýan geçer ýaly, oýny alyp baryjy, haýwanlaryň hereketine dillerine öýkünen bolýar. Epilogda oýna gatnaşan gahrymanlaryň hemmesi sagdyn durmuşyň we arassaçylygyň şanyna bilelikde şygar aýdýarlar. Kakajan BALKANOW. 2020 ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |