21:12 Mälik şanyň geňeşçisi / II-nji perde | |
MÄLIK ŞANYÑ GEÑEŞÇISI
Adamzatdyr ähli mahlugyň başy, Zyýadadyr onuň akyly-huşy, Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa, Ynsandyr bezegi— zynaty, gaşy. Omar Haýýam II-nji perde Sahnaň bir burçy ýagtylyp, O m a r H a ý ý a m peýda bolýar. Ol söýgi hakdaky rubagylaryny okaýar. Gaýgy-gamy hergiz başa getirme, Hasrat çekip, laýa batyp oturma, Kitapdan, gözelden, gülzardan geçme, Şat geçir ömrüňi gapyl ötürme. Jahanda saýlantgy, eý zülpi tarym, Göz guwanjym, tende janym, sen barym, Eý söýgülim, jandan eziz bir zat ýok, Jandan-da ýüz esse ezizsiň, ýarym. Bir zatdan habarly edeýin seni, Diňle iki sözde oň mahlasyny, Seniň yşkyň bilen girsem-de ýere, Çykarar gaýtadan seň mähriň meni. Öpsem aýagyňdan, eý zülpi tarym, Özge leb sormakdan ýegdir bu kärim, Gündizler hyýalyň synynda elim, Gijeler waslyňa ýetmek mydarym. Söýgülim gül ýüzüň görmäge men zar, Özge ýerde sen hem gama giriftar. Indi gutulmak ýok bu dertden, çünki Bejerjek tebibiň özi hem bimar. (Sahnanyň yşygy ýuwaş-yuwaşdan pessaýlap, öçýär.Daşardan jarçynyň sesi gelýär.) J a r ç y n y ň s e s i . Ah-haaw, jemagat! Älemleriň patyşasy Jelaleddin Mälik şa Alp-Arslan oglunyň o dünýäniň bakylygyna gidenine şu gün bir hepde dolýandyr-la, ho-ow! Goý, Allatagala oňa rahmet edip, jennetden orun bersin hem yzynda galan mirasdüşer Şazada Mahmydy we beýleki şazadalary Öz penasynda saklasyn! Patyşanyň köşgi. Tagtda gara eşikli we ýüzi gara nikaply T ü r k a n h a t y n otyr. Pesde K ä t i p hat ýazyp otyr. Gapydan O m a r H a ý ý a m girýär. O m a r H a ý ý a m (Baş egip). Essalamualeýkim Belent mertebeli Hanymşa! T ü r k a n h a t y n . Aleýiksalam! (Eli bilen yşarat edip oňa orun görkezýär.) O m a r H a ý ý a m . Allatagala, Belent mertebeli, şalaryň Şasy Mälik şanyň şu dünýedäki sylagyny o dünýede hem dowam etdirsin! Goý, oňa rahmet edip, jaýyny jennetden bersin! T ü r k a n h a t y n ( Oturan ýerinen aglaýar. Birsalymdan köşeşip, özüni dürsänsoň.) Siz näme, paýtagtda ýokmudyňyz? O m a r H a ý ý a m . Beýik Hanymşa! Meniň üç hepde mundan owal Balha gidişim, ajy habary eşiden badyma, eglenmän Yspyhana gaýtdym. T ü r k a n h a t y n . Düýpli meseleler barada Patyşa elmydama Siz bilen maslahatlaşardy... (Ýene hamsykýar. Köşeşensoň.) Tagsyr, öleniň yzynda ölüp bolanok. Tagt bir gün hem boş durmaly däl. Siz gelmänkäňiz wezirler bilen hem maslahatlaşdym. Olaryň hemmesi biragyzdan Mahmytjany makullaýarlar. (Dymyp, soragly nazaryny O m a r H a ý ý a m a dikýär.) O m a r H a ý ý a m (Ardynjyrap). Elbetde, Beýik Hanymşa! “Il agzy—keramat” diýipdirler. Beýik patyşamyzyň jany sag, başy dik bolsun! Atasy ýaly, kakasy ýaly halkyň abraýyny gazansyn! Belki, Şazada Mahmyda Allanyň nazary düşüp, bu beýik ýurda soltan bolmak nesibesi bar bolaýady. Ýöne, Beýik Hökümdarym “Il agzyny ýygyp bolmaz” diýipdirler... Şazada entek çaga bolansoň halkyň arasynda gürrüň ýaýramagy mümkin— “Bu äpet, kuwwatly ýurdy çaga ynanypdylar. Gögele çagaň agzyna salyp berýän kimkä?” Ilki bilen Sizi göz öňüne getirerler: “Seljuklaň taryhynda entek aýal patyşa bolmandy. Ýörişe gidilende Baş serkerdebaşymyz aýal bolmalymyka?” diýip goşunyň içinde şübhe döremegi mümkin, her hili gürrüň... T ü r k a n h a t y n (Tagtdan silkinip turup, gazaply). Seljuk patyşalarynyň şu wagta çenli, beýik halkynyň öňünde müzzerip, ýüzüni sallany ýokdur. Indiden beýläk hem, inşallah, Biribar ýurdumyzy aman saklap, işimizi rowaç etsin! Men heleý hem bolsam köp erkekleň duran ýerinde duraryn. Bolar-bolgusyz gep-gürrüňleri siz—alymlar, şahyrlar, bagşylar ýaýradýarlar. Halkyň ruhy dünýasi gönümel size bagly. (Birneme dymansoň.) Siziň ýazýan goşgularyňyzam halkyň maňzyna batar öýdemok. Men olaryň käbirleri bilen tanyşdym. Aglabasyny dowzahyň ody hem tütedip bilmez, örän süwümsiz hem ahlaksyz. Kätiplerim rubagylaň baryny ýygnap diwan düzdüler. ( Eli bilen K ä t i b e yşarat edýär. K ä t i p öňünde ýatan kitabyň sahypalaryny açyp okap başlaýar.) Şagbanda meý içmek günä ynsana, Rejepde duşulmaz meý owurtlana, Şagban, Rejep bolsa Taňrynyň aýy Remezan biziňki içeris gana. Diýýärler: “Oraza geldi ýakyna”, Meý içmek işimiz düşüpdir kyna, Merediň soňunda şeýle bir içip, Mes ýataryn tutuş Oraz aýyna. O m a r H a ý ý a m . Bu rubagylar meňki däl, Beýik Hökümdar! T ü r k a n h a t y n . Ýagşy, hany onda muny diňle! (Kätip okaýr.) Gökde Parwin atly öküz ýaşarmyş, Ýeriň astynda-da bir öküz barmyş. Şu iki öküziň aralygynda Eşekleri akyl adam tanarmyş. O m a r H a ý ý a m . Inkär edemok, bu meniň rubagym... T ü r k a n h a t y n . Sygyr-öküz-ä düşnükli welin, eşekleň hataryna kim girýär? O m a r H a ý ý a m . Beýik Hökümdar bu bir göçme, manyda... T ü r k a n h a t y n ( O m a r H a ý ý a m y ň sözüni bölüp.) Sada halk Siziň aýlawly sözüňize düşünmän, ters many çykarmagy mümkin. (Birneme säginip, sözüni dowam etdirýär.) Men Size maslahat bereýin: şu günden şeýläk agzyňyza berk boluň! Halkyň aňyny bulaşdyryp, bulagaýlyga itekleýän wagyzlaryňyzy terk ediň! Baryň gaýdyberiň! ( O m a r H a ý ý a m baş egip çykyp gidýär. K ä t i b e .) Perman taýynla: ylyma, alymlara goýberilýän puluň ýarsyny kesmeli; bagşy-sazandalryň, şahyrlaryň döwlet tarapyndan gurnalýan bäsleşiklerini ýatyrmaly. Soltan Mahmyt Jelaleddin Mälik şa ogly, möhür. Permany şu gün welaýatlara ugratmaly. (Sahnanyň yşygy ýuwaş-yuwaşdan pessaýlap, öçýär.) Yspyhandaky obserwatoriýa. Bir burçda T a l y p – Ş ä g i r t l e r i ň biri haýdap hat ýazyp otyr. Onuň daş-töwereginde sekstant, astrolýabiýa, alidada we düýrlenen kagyzlar, ullakan sirkul, gara tagta we ş.m. üýşüp ýatyr. O m a r H a ý ý a m girýär. O m a r H a ý ý a m . Näme ýazýaň, oglum?! T a l y p – Ş ä g i r t . Essalawmaleýkim, halypam! Siziň rubagylarňyzy tertipleşdirip, diwan düzüp otyryn. O m a r H a ý ý a m . Gijä galdyň, ogul. Eýýäm meň “kitabymy” çykarypdyrlar. Takyk aýtsam Omar Haýýamyň rubagylary bilen Fasygyň rubagylarny goşup bir diwan ýasapdyrlar... ( T a l y p – Ş ä g i r t elindäki galamyny, kagyzyny gaçyryp, agzyny açyp aňkaryp galýar.)( O m a r H a ý ý a m ikiýana gezmeläp ýörşüne öz rubagysyny okaýar): Jahany üýtgedip şu wagt gursa, Nähili guruşyn Omar hem görse, Ýa öçürse depderinden adymy, Ýa bolmasa, rysgalymy köp berse. Bar köşek, dynjyňy al! Sen bu gün köp işlediň. Öýňüze gaýdaý! Ertir ir bilenjik medresä gel! (T a l y p – Ş ä g i r t hoşlaşyp, çykyp gidýär.) Gapydan başy selleli M u h a m m e t G a z a l y girýär. G a z a l y . Essalawmaleýkim, gadyrdan dostum! O m a r H a ý ý a m (Çakgan ýerinden turup). Waleýkimessalam, mähriban dostum Gazaly! (Gujaklaşyp, görüşýärler.) G a z a l y . Şu gün ir bilen Bagdatdan paýtagta gelip durşym. Ilki bilen merhum Patyşamyzyň ýerine göründim. Merwe ugramankam dostumy bir göreýin diýdim-de, seniň ýanyňa gelişim. Amanmy dost? O m a r H a ý ý a m . Hudaýa müňde bir şükür, sag-aman geldiňmi, gardaşym? G a z a l y . Şalaryň-şasy—Mälik şa we onuň baş weziri dünýeden ötenlerinden soň, alymlaryň, şahyrlaryň, bagşylaryň güni kynlaşar. O m a r H a ý ý a m . Bäş ýaşly çaga döwletiň nämedigine nireden düşünsin. Bar zady bulaşdyryp ýören onuň ejesi—Türkan hatyn, “Ýalýagylara ýardam berjek däl” diýipdir. “Ýalýagylar” diýýänem biz—alymlar, şahyrlar, müneçjimler, karylar... Ana, şol sebäpli hem dostum, men indi ýurduma—Nişapura dolanmakçy. G a z a l y . ( O m a r H a ý ý a m y ň astronomiýa gurallaryny synlap.) Daş-töweregiňe gural baryny üýşüripsiň (Sekstanta elini uzadyp.) Şu guralllaryň görkezýän ölçeglerne ynanýarmyň? O m a r H a ý ý a m . Elbetde. G a z a l y . Onsoň ol ynanç Onuň Özüne bolan ynamyňy şübhelendirenokmy? O m a r H a ý ý a m . Tersine, gaýtam Onuň gudratyny görüp, öwrenip, Oňa bolan ynanjym has hem berkeýär. Ýör, dostum medresä gideli, maňa talyplar garaşýar. Sen hem olara ylymdaky täzelikleri gürrüň berersiň. (Dulda ýatan kitaplardan goltugyny doldurýar, soňra ikisi hem gidýärler. Ýöräp barýarkalar öňlerinden bir-birine söýget bolup gelýän iki sany kör derwişi görüp, aýak çekýärler.) B i r i n j i d e r w ü ş . Allanyň haky üçin mätäçlere hemaýat ediň! I k i n j i d e r w ü ş . Körlükden aňyrda ruhy batyllyk bardyr, ruhy batyllykdan Özi saklasyn! ( O m a r H a ý ý a m we G a z a l y jübilerinden şaýlyk çykaryp, D e r w ü ş l e r e pul uzadýarlar.) B i r i n j i d e r w ü ş (Uzadylan puly torbasyna salyp). Taňry ýalkasyn! I k i n j i d e r w ü ş (Berilen şaýy ilki ysgap görýär, soň dişläp görýär-de, torbasyna salýar). Allahyň size eçilen bereketi we rahmeti egsilmesin! G a z a l y ( D e r w ü ş l e r e ýüzlenip). Birden azaşaýmaň! Barmaly ýeriňize eltip gaýdaýalyň!? B i r i n j i d e r w ü ş . Taňryýlkasyn! Biz kör hem bolsak, dogry ýoldan barýanymyza ynamymyz bar. I k i n j i d e r w ü ş . Bizi sylanyAlla ýalkasyn! Körlügiň iň erbedi—hakykat ýoluny tapyp, ondan dänmekdir. ( D e r w ü ş l e r gidýärler. Her kim öz ýoluny dowam etdirýär.) O m a r H a ý ý a m bilen G a z a l y medresä girýärler. Ak tagtanyň ýüzüne kwadrat bilen kub çekilen we olaryň aşagynda meýdanyny we göwrümini çykarýan formulalar ýazylgy. Beýleki ak tagtanyň ýüzüne bolsa giperbola bilen iki sany göniburçlugyň şekilleri çyzylan. Medresede talyplar uly goh bolup, basalaşyp ýörler. Olar O m a r H a ý ý a m bilen G a z a l y n y ň girenlerini duýanoklar. O m a r H a ý ý a m ( Üsgürinýär. Talyplar örän tiz we çalasynlyk bilen hersi öz ýerlerine geçip oturýarlar). Ýaşlyk—bu däliligiň bir görnüşidir. G a z a l y . Sen mamla, öz ýaşlygym ýadyma düşüp gitdi. O m a r H a ý ý a m . Essalawmaleýkim! G a z a l y Essalawmaleýkim! T a l y p l a r ( Ör turup, hemmesi birlikde diýen ýaly). Waleýkimessalam! Essalawmaleýkim halypamyz! ( O m a r H a ý ý a m goltugyndaky kitaplary we mata dolangy enjamy tekjede goýýar oňa talyplaryň biri kömek edýär.) O m a r H a ý ý a m ( Talyplara ýüzlenip). Jenaplar, tanyş boluň! Bu alym, onuň alyhezreti Muhammet Gazaly, Bagdadyň medresesinde talyplara ders berýär. Oňa nähili soragyňyz bar bolsa beriberiň, baş üstüne! B i r i n j i t a l y p (Oturan ýerinden turup). Rugsat etseňiz, tagsyr! G a z a l y . Baş üstüne! B i r i n j i t a l y p . Pukara sadaka berip biz oňa ýagşylyk edýärismi ýa ýamanlyk? G a z a l y . Sorag beren bir salym nadan, bermedik—ömürlik. Elbetde, biz ýoksula sadaka berenimizde ýagşy niýet bilen—açlygyndan ölmesin diýip berýäris, ýöne şol bir wagtyň özünde biz onuň iýjek çöregini zähmet çekip almak hyjuwyny peseldýäris. Hak gürrüň: beren el alan elden üstündir, ýöne alan el onuň üçin çigit ýaly hem kemsinmeli däldir, sebäbi berýän el mejbur bolup berenok (Süýem barmagyny ýokaryk çommaldyp.), ol Onuň buýrugyny ýerine ýetirýär. Mätäjiň barlyda haky bardyr. ( O m a r H a ý ý a m m a öwrülip.) Halypamyzyň aýdyşy ýaly, Onuň Özünden başga hemme barlygyň wagty çäklidir; şol bir hatarda-da baýlyk-dokluk, mätäçlik-pukaralyk hem wagtlaýyndyr. Ýene sorsgyňyz barmy? (Biraz dymyşlyklykdan soň.) Onda meniň size soragym bar—ylym bilen bilen baýlygyň arasyny açyp beriň! O m a r H a ý ý a m (Talyplara gözüni aýlap durşuna). Huseýin Abu Seýit, Nureddin Abul Kasym! (Ady agzalan talyplar ýerlerinden turýarlar.) Ikiňiz alymyň soraglaryna jogap beriň! B i r i n j i t a l y p . Ylym pygamberlerden galan mirasdyr. I k i n j i t a l y p . Baýlyk bolsa Karundan, Fyragundan, ýagny käfirlerden galan mirasdyr B i r i n j i t a l y p . Ylym seni goraýjydyr we bina bolar. I k i n j i t a l y p . Emma mala bolsa seň özüň bina, garawul bolarsyň. B i r i n j i t a l y p . Ylmy sarp etdigiňçe, ony öwrendigiňçe we öwretdigiňçe köpelýär. I k i n j i t a l y p . Baýlygy sarp etdigiňçe kemelýär, azalýar. B i r i n j i t a l y p . Mally kişiniň kyýamatda malynyň hasaby soralar. I k i n j i t a l y p . Ylymly kişiden ylymyň hasaby soralmaz, onuň sogaby sanalar. B i r i n j i t a l y p . Ylym wagt geçdigiçe kuwwatlanar. I k i n j i t a l y p . Baýlyk köp saklansa, çüýrär, isrip bolar. B i r i n j i t a l y p . Ylym adamyň dünýägaraýşyny giňeldip, kalbyny röwşen eder. I k i n j i t a l y p . Baýlyk adamyň ýüregini gara eder. B i r i n j i t a l y p . Ylymly adam kiçigöwünli, pespälli we sabyrly bolar. (Oturýar.) I k i n j i t a l y p . Adamyň baýlygy köp bolsa, mes bolup men-menlige baş urar. (Oturýar.) G a z a l y . Berekella, mähribanlarym! Ylym barada ýene näme bilýärsiňiz? O m a r H a ý ý a m (Talyplara üstaşyr göz aýlap). Jelaleddin ibn Masud! Ü ç i n j i t a l y p (Oturan ýerinden turup). Ylym, älem, alym—bularyň barysynyň köki birdir, ýagny ylym öwrenmek bu—älemiň syrlaryny açyp öwrenmek diýmekdir. (Oturýar.) O m a r H a ý ý a m (Talyplara ütaşyr göz aýlap). Ibrahim abu Aly! D ö r d ü n j i t a l y p (Oturan ýerinden turup). Ylym bize uzakdan tüsse bolup görünýär, ýakynlaşanymyzda onuň alawyny görýäris, has ýakynyna baranymyzda bolsa biz ylymyň ýylylygyny we gyzgynlygyny duýýarys. G a z a l y . Berekella ýigitler! Örän gowy! Her bir ylymda öwrenmegiň belli çäkleri bolýar. Olar: iň az çäk, ortaça çäk we aňyrbaş çäk. Talyp ylmy pespällik we mugallymy ünsli diňlemek bilen alýar. Talybyň mugallymyň sözüni kabul edişi bol ýagyş suwuny siňňitli kabul edýän ýumşak ýer ýaly bolmalydyr. Ol mugallymyň erkine eýermelidir we öz pikirini goýmalydyr. Mugallymyň hatasy hem talybyň dürs pikirinden peýdalydyr. Çünki, mugallymda tejribe bardyr. Talyp mugallymy näçe üns berip diňledigiçe, olaryň dersden alýan peýdasy şonça köp bolýar. Edil şunuň ýaly syrkaw tebibiň maslahatlaryny dykgat bilen berjaý etdi¬gi-çe şonça dertden saplanýar. Bir ylmy kämil özleşdirmezden başga yl¬my öwrenmäge girişmeli däldir. Çünki, ylymlar öwrenmek üçin zerurlyk bilen tertibe salnandyr. Olaryň birinde beýlekisine alyp baryjy ýol bardyr. Şol tertibi, şol basgançaklary geç¬mez¬den bir ylymyň bir gatyndan başga gatyna ýönelip bolmaz. Bilýän za-dyna amal et¬meýän kişi sahypalary ylymdan doly depder ýaly¬dyr. Ondan başgalar peýdalansa hem, onuň özüne peýdasy ýokdur. Bilýän ylymyny amal edip şägirtlerine öwredýän alym çalgy daşynyň mysaly ýalydyr: çalgy daşy py¬ça¬gy ýiteldýär, özi bolsa ýitelmeýär; ýa-da ol iňňäniň my¬sa¬ly ýalydyr: iňňe öz¬geleri geýindirýär, özi bolsa çyplaklygyna gal¬ýar; ýa-da şe¬miň mysaly ýalydyr: şem özgelere ýagtylyk ber¬ýär, özi bolsa ýa¬nyp gutarýar. Mugallym ylym paýlamakda talypdan minnetdarlyk hantama bol¬ma¬ly däldir. Ol özüniň bu işini talyplara ýagşylyk edýän hökmünde görmän, belki olar üçin sogap diýip bilmelidir. Çünki, talyplar ylym öwrenmek bilen kalplaryny terbiýeleýärler. Şeýlelikde, mugallymyň talyplara ders berişi misli ekin ekmek üçin mellegini kärendesine beren daýhan kişi ýalydyr. Ýöne mugallymyň ylym tohumyny ekip aljak peýdasy ýer eýesiniň aljak peýdasyndan köpdür. (Öz gazallaryndan okap berýär.) Göz guwanjy alymdyr jahanda bu ynsanyň, Çünki salgysyn berer bozuk ýolda entäniň. Mertebesi deň däldir ylym bilen dünýäniň, Bu sebäpden duşmany alym bolar nadanyň. Baky dirilik bolar muzdy alym bendäniň, Ölüdir diri wagty, ömri nadan ýaşanyň. Ol kişiniň mysaly göýä bir şem ýalydyr, Özgä berer ýagtysyn, ýanmak oň ykbalydyr». G a z a l y. Gadyrdanlarym! Rugsat berseňiz men ýolumy dowam edeýin, wagtym çäkli. (O m a r H a ý ý a m a öwrülip.) Mähriban gardaşym-syrdaşym, hoş! Men ilki bilen patyşanyň huzuryna barmaly, soň Merwe ýene bir gadyrdan dostumy—Hoja Ýusup Hemedany bilen didarlaşmaly. O m a r H a ý ý a m . Rugsat Alladandyr, dostum! Merwiň ol beýik alymyna bizden hem köp dogaý salam bolsun, sag-aman bar, ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň Hak! ( G a z a l y bilen gujaklaşyp hoşlaşýar. G a z a l y çykyp gidýär. (Sahnanyň yşygy ýuwaş-yuwaşdan pessaýlap başlanda daşardan J a r ç y n y ň s e s i eşidilýär.) J a r ç y n y ň s e s i . Älemleriň patyşasy beýik Alp Arslanyň agtygy, şalar şasy, Mälik şanyň ogly, Mahmyt patyşa, şu gün daň atanda, uzaga çeken mama keselinden soň aradan çykdy. Ah-haw jemaagat! Mahmyt patyşanyň jennete düşmegini dileg ediň, hoo-ow! Täze patyşanyň ady Jelaleddin Mälik şa ogly Berkýarukdyr-la, ha-aw! Goý, Allatagala ýaş patyşamyzy we onuň neberlerini Öz penasynda aman saklasyn! Adamlar, ýagşy dilegde bolalyň, haa-aw! (Sahnaň çyralary öçýär.) Medrese. O m a r H a ý ý a m talyplara sapak berip otyr O m a r H a ý ý a m Indi bolsa, jenap talyplar, al-Mutakabalanyň käbir kyn meselelerini çözmänkäk, bir kelam söz aýdaýyn! Müsüriň fyragunlarynyň jaýlanan piramidalaryny guran adamlar, Mekgedäki Käbäni salan Ibrahim we onuň ogly Ismail pygamberler nähili usul bilen ölçeg geçiripdirler, haýsy gurallary ulanypdyrlar—bize mälim däl. Ýöne ol binalaryň takyklaryň takyklygy asylar boýy tekrarlanyp gelinýär. Durmuşda olardan başga-da takyklygyň dürli görnüşlerine duş gelýäris. Geliň, balaryň ketegine syn edeliň! Adam ogly onuň ketegini el bilen ýasap bolar diýip, asla huşuna-da getirenok, hatda galam bilen onuň şekilini takyk çekip biljegimiz hem nägümana. Emma, arynyň holtumyndan başga guraly ýok, eger-de ol bir nokatjyk ýalňyşaýsa, onda onuň alty ganat mum öýi başga zada öwrülerdi we çalt dargardy. Goý, adama akyl-huş berilipdir diýeliň, balara örän takyk “jaý” gurmagy kim öwretdi? Ýa, olaryň hem paýhasy barmy, olara-da Yaradan ýardam edýärmi? Ýaňky agzalan gözellikleri aňly-düşünjeli bolmasaň döredip bolmajakdygyna hemmämiziňem aklymyz çatýar. Onda arynyň hem aňy barmy? Şu jähtden üç sany sorag ýüze çykýar: birinji—paýhas barmy; ikinji—eger ol bar bolsa, onda ol näme; üçinji—paýhas näme üçin gerek? Köne alymlaryň biri aýdypdyr: “ Alym ölse, ondan soň bir deşik emele geler. Ol deşigi onuň şägirtleri ýapar” diýipdir. Arassa şägirtlerim, belki, ýaňky üç soraga jogap tapmak, siziň nesibäňize düşendir... (Sahnanyň yşygy ýuwaş-yuwaşdan pessaýlap, öçýär.) Medrese. O m a r H a ý ý a m, e l–B a g d a d y we T a l y p l a r . Daşardan J a r ç y n y ň sesi gelýär. J a r ç y n y ň sesini üns bilen, soňuna çenli diňleýärler. J a r ç y n y ň sesi . Ahha-aw adamlar! Horasanyň, Yspyhanyň, Nşapuryň, Türküstanyň, Merwiň, Bagdadyň, Müsüriň, Şamyň, Halapyň, Häzirbegjanyň, Semerkendiň, Buharanyň we beýleki ownuk döwletleriň şasy merhemetli Mälik şa ogly Gyýaseddin Muhammet şa, on dört ýaşy dolup, panydan bakylyga bagz kyldy (Alla oňa rahmet etsin!). Onuň ornuna, öz dogany, beýik Alp Arslanyň agtygy, keremli Mälik şanyň ogly Soltan Sanjar Seljuk geçendir-le, haa-aw! Onuň we onuň maşgalasynyň başynyň dik, janynyň sag we il-ýurt bähbitli ýagşylyklarynyň rowaç almagyny gije-gündiz Beýik Taňrydan dileg ediň-le, haa-ow! Indiki juma güni uly bazarda merhemetli Soltan öz raýatlary üçin sadaka berjekdir-le, ha-ow! Şu ýyl Remezan aýyndan soňra bolsa, älemleriň Soltany neberesi bilen Merwe göçjekdir-le, ho-ow! Şondan beýläk seljuklaryň täze paýtagty Merw şäheri boljakdyr-la, haa-aw! ( J a r ç y uzaklaşdygyça onuň sesi çala eşidilýär.) “Eşitdim-eşitmedim” diýmäňler, hoo-ow! O m a r H a ý ý a m ( Ellerini ýokary galdyryp, doga okaýar). Allatagala ony we onuň maşgalasyny aman saklasyn! ( Ellerini ýüzüne sylýar, oňa eýerip, a l – B a g d a d y , talyplar hem ellerini ýüzlerine sylýarlar. A l - B a g d a d a ýüzlenip.) Hudaýa şükür, indi altynjy soltanyň döwründe ýaşap ýörüs. ( Birneme dymyşlykdan soňra, talyplara ýüzlenip.) Mähriban, arassa şägirtlerim! Men sizi Muhammet al-Bagdady bilen tanyşdyrmakçy, bu alym meniň medresede ýok wagtym siz bilen ders geçirer (Al-Bagdada ümleýär, ol bolsa mata dolanan terezini tekjeden alyp, onuň örtügini aýyrýar we terezini aşak sallap durýar.) Gadyrly talyplar, bunuň adyny bilýärmisiňiz? B i r i n j i t a l y p (Ýerinden turup). Rugsat ediň, tagsyr! ( O m a r H a ý ý a m başyny atýar.) Terezi, halypam. I k i n j i t a l y p (Ýerinden turup). Rugsatmy, halypam? ( O m a r H a ý ý a m başyny atýar.) Mizan, tagsyr. O m a r H a ý ý a m . Hawa, ikiňizem mamla. Alymlar, pelsepeçiler, şahyrlar muňa mizan diýýärler, bazardaky bakgallar bolsa terezi hökmünde ulanýarlar. Görüp otursaň şol bir zat ýaly, şol bir manyny aňladýan ýaly, ýöne... Ýöne, terezini adam ýasaýar, we öz peýdasy üçin ulanýar, näme etse keýpi kellesinde: dogry hem çekip biler, kem hem çekip biler. Emma Mizany onuň Özi ýaratdy we şonuň bilen birlikde, ähli zady—jan-lu-jansyzy jübütden ýasady. Dünýä döräli bäri mizanyň okaralayna jübütleri ýerleşdirip, deňagramlygyny saklap gelýär. Ynha, üns berip synlaň! (Tereziniň okarasynyň birine kitap salýar.) Tereziň kitap goýulan okarasy agralyp sallanýar, kitap gaçmagy mümkin, onuň ýere gaçmagynyň öňüni almak üçin edil şoňa meňzeş kitap goýalyň, (Tereziniň beýleki okarasyna-da kitap goýýar.),ynha indi deňleşdi, deňagramlylygy gazandyk. Haýsy bir zady tereziniň okarasyna salanymyzda onuň garşydaşy beýleki taýyna girýändir, eger-de şeýle bolmadyk bolsa älem-jahan çöwrülerdi, ýaşaýyş gutarardy. Ýaradylan jübütler edil ekiz taý ýaly hiç mahal bir-birlerinden aýrylyşyp bilmeýärler, aýry bolmaga olara hiç hili mümkinçilik ýok—birini aýyraýsaň mizanyň deňagramlylygy bozulyp, kyýamat gopar. Gije-gündiz bir-birleriniň yzyndan ýöreýärler; sowuk howanyň ýerine mylaýym howa gelýär; söýgi bilen aýralyk müdimilik joradyrlar; garyplyk-baýlyk; ýaşlyk-garrylyk; gara-ak;... Haýsy bir zadyň adyny agzaý, şonuň hökman garşydaşy bolaýmaly we olaryň ikisiniňem agramam, güýç-kuwwadam bir meňzeşdir. Olaryň arasynda müdimilik göreş dowam etse-de, olaryň hiç birisi hem eňiji bolup çykanok, olar birek-bireksiz ýaşap bilenoklar—mizanyň gözleri hiç haçan boş durmaýar. Olaryň diňe atlary we niýetleri birmeňzeş däl, ýöne ekiztaýlar. Bu Kanun. Kanunyň düzgünlerine bolsa ähli janly-jansyz närseler boýun egýändir. Indi Ýere düşeliň-de, bazara baralyň. Bakgalyň bize terezisinde çekip beren ununy alyp gaýdýarys. Elbetde, musulmana müňkür bolmak agyr günä, ýöne, bakgaldan alan unumyzyň möçberi tölän pulumyzyň mukdaryna gabat geldimikä?! A, eger-de, şu terezide biz altyn-kümüş, ýa başga bir gymmatbaha daş çekmeli bolsak...(Biraz dymşlykdan soň.) Şu günki mowzugymyň birinjisiniň ady “Paýhaslar mizany”, ikinjisi bolsa “Altynyň, kümüşiň we gymmatbaha daşlaryň agramyny Arhimediň we Abu Reýhan Biruniniň düzgünlerini ulanyp takyk ölçemek ”. Jenap talyplar, arakesmeden soň gymmatbaha şaýlaryň we daşlaryň ölçelişini tejribede öwreneris. Birneme dynç alyň! (Talyplar çykyp gidensoň, nobatçy talyp içeri girýär.) N o b a t ç y T a l y p. Siziň alyhezretiňiz! Patyşanyň wekili eli namaly, Siziň kabul etmegiňizi soraýar. O m a r H a ý ý a m . Goý girsin! ( N o b a t ç y T a l y p az salymlyk çykýar we yzyna düşürip nepis geýinen ýaş ýigidi içerik salýar.) W e k i l . Essalawmaleýkim! (Başyny egip, gol gowşuryp durýar.) O m a r H a ý ý a m ( Ýerinden turup, W e k i l bilen görüşýär). Waleýkimessalam! Hoş gördük, geliň, geçiň! W e k i l (Tolgunyp). Siziň alyhezretiňiz! Men öz gözlerime ynanamok: at-owazasy äleme dolan alym bilen ikiçäk görüşerin diýip ýatsam-tusam asla hakydama gelenokdy... Tagsyr, men Patyşahy älem Soltan Sanjaryň (Goý, onuň we maşgalasynyň başy dik we ýurdy aman bolsun, halk bähbitli işleri rowaç alsyn!) tabşyrygy bilen Size nama getirdim. (Goltugyndaky düýrlenen kagyzy uzadýar.) O m a r H a ý ý a m ( Namanyň möürini goparyp, N o b a t ç y T a l y b a uzadýar.) Oka! N o b a t ç y T a l y p (Düýrlenen namany ýazyp gaty sesi bilen okap başlaýar). “Essalawmaleýkim hormatly alym! Beýik Seljuk döwletiniň we halkynyň öňünde bitiren hyzmatlaryňyz, ylymda açan açyşlaryňyz, talyplara ylym öwretmekde we olary ruhy taýdan terbiýelemekde gzanan üstünlikleriňiz üçin Size köşgüň gaznasyndan her ýyl iki ýarym müň tümen altyn pul goýberiler. Mundan başga-da, indiden beýläk, ähli salgytlardan boşadylýaňyz. Atam—Alp Arslanyň, kakam—Jelaleddin Mälik şanyň köşgi Siziň üçin elmydama açykdyr. Eger, isleseňiz täze paýtagtda obserwatoriýa gurmaga we medrese açyp, onda talyplary okatmaga mümkinçilik dörederin. Makul bilseňiz, men Sizi köşgüme geňeşdar-maslahatçy hökmünde gulluga alardym. Hoş sag boluň! Goý, Beýik Taňry Sizi Öz penasynda saklasyn!” ( N o b a t ç y T a l y p birneme säginip.) Beýik Seljuk döwletiniň soltany, Sanjar Jelaleddin Mälik şa ogly, Seljuk. Möhür.”(Namany düýrläp O m a r H a ý ý a m a uzadýar.) O m a r H a ý ý a m . Şalar şasy Soltan Sanjara salam aýdyň! Minnetdarlygymyň çägi ýokdur. Patyşahy älemiň gullugynda janym pidadyr. Gije-gündiz Biribardan onuň üçin we onuň neberesi üçin ýagşy dilegler dilärin. Merhemetli patyşa ýetiriň, inşallah, Gurban aýyny ötürip Merwe ýola düşerin! ( W e k i l başyny egip çykyp gidýär. Sahnanyň yşygy ýuwaş-yuwaşdan pessaýlap, öçýär.) Aradan birnäçe ýyl geçýär. O m a r H a ý ý a m ölgüsi şemiň ýagtysyna kitap okap otyr. Muhammet Bagdady täze şemiň peltesini ýanyp duran şemiň diline degirip, öýi ýagtyldýar. O m a r H a ý ý a m (Okap oturan kitabyny bir gapdala goýup, öz rubagylaryny okaýar). Mahal-mahal öte geçsemem Taňrym, “Nogsansyz men” diýp, ant içmeýem Taňrym. Eger-de, men Saňa şirk eden bolsam, Günämi hiç haçan ötmegeý Taňrym!3) Ýedi gat asmanyň, ýedi gat ýeriň Bilmeli boldum men barynyň syryn. Kän-kän müşgil düwni açsamam, arman, Ajal düwnün açyp bilen däldirin. Biz oýunjakdyrys, pelek oýunbaz, Hakykatdyr menden eşdilýän owaz, Bir-birden gireris ýokluk sandygna, Durmuşyň küşdünde oýnansoň biraz. (Altyndan miswagy bilen dişlerini arassalap, miswagy kitabynyň arasynda goýup,Muhammet Bagdada ýüzlenýär). Halypam—ibn Sinanyň “Aş-Şifa—Sagalma” kitabyny ahyryna çenli okap gutarmak indi maňa başartmaz... Päkizeleri çagyryň men mirasymy size goýup gitjek. (Muhammet Bagdady çykyp gidensoň, O m a r H a ý ý a m ýüzüni kybla öwürip.) Eý, Hudaý meniň öz mümkiçiligime görä Saňa akyl ýetirenimi bilýänsiň. Meniň günämi öt! Meniň Saňa düşünmegim—munuň özi meniň Saňa tarap dogry we göni ýolumdyr. (Biraz dymandan soň.) Meniň mazarym agaçlaryň her ýylda iki gezek gül ýapraklaryny sepeleýän ýerinde bolar...4) (Oturan ýerinden bir gapdala ýykylýar. Sahnaň yşyklary ýuwaş-ýuwaşdan pessaýlap, öçýär. Soň sahnanyň bir burçunda ýaşyl yşygyň aşagynda ak selleli, ak lybasly O m a r H a ý ý a m peýda bolýar. Onuň çep elinde ak has:a, sag elinde bolsa düýrlenen kagyz bar, ol kagyzyň düýrmegini ýazyp, öz rubagylaryny okaýar.): Başarsaň ynjytma hiç bir kimsäni, Gazap odun ýakyp, berme nogsany, Eger sen hemişe dynçlyk isleseň, Ynjasaň-da, ynjytmagyn ynsany. Çyn adamdyr diýme köp diýp hünäri, Seret ykraryna, barmydyr ary, Sözüniň üstünde tapylan adam Mertleriň merdidir—ärleriň äri. Gaýgy-gamdan bir gün bolmadym azat, Bolmadym durmuşda bir salym hem şat, Köp zaman şägirdi bolup dünýäniň, Ahyr hem jahanda bolmadym ussat. Eý, ýaman iş edip, ýagşydan gaçan, Soň Allaň keremne gujagyn açan, Bagyşlar Ol diýip, ymyt etseňem,5) Günäli-günäsiz deň däl hiç haçan. Hergiz boş bolmady başym bilimden, Bilmedik syrlarym azdyr ylymdan. Oýlanyp syn etsem, köp zady bilmän, Gidipdir ömrümiň bary elimden. Eger akyl-paýhasyňa eýerseň, Eý, dana, hiç haçan unutmarsyň sen. Samsyk samahully gymmat bu döwür, Akyl—sarymsagyň bahasyna deň. Bahar bossanynda her baldak, her gül Bir hüýrüň meňzidir. Ony eý görgül. Gadamyň goýaňda lälezarlyga, Emaý bilen basgyl, usully ýörgül. Adamzatdyr ähli mahlugyň başy, Zyýadadyr onuň akyly-huşy, Dünýä tegelegi bir ýüzük bolsa, Ynsandyr-bezegi, zynaty, gaşy. (Sahnaň yşyklary ýuwaş-ýuwaşdan pessaýlap, öçýär) Oýunyň soňy Bellikler: 1) –moşawerمشاور—syrdaş; ýürekdeş ýoldaş (parsça). 2) –F a: s y k (pa:syk)—bozuk, azgyn, ýoldan çykan (arapça). 3)–awtoryň terjimesi. 4) –beýik alymyň mazary, aramgähi bilen Eýranyň Nişapur şäherinde ýerleşýär. 5) – Rahman Rejebow we Baýrammämmet Ahundowyň terjimesiniň 175-nji rubagysynda (Omar Haýýam. “Türkmenistan” neşirýaty, Aşgabat, 1977 ý) şeýle ýazylan: “Bagyşlar diýp, ynam etme sen oňa”, Bu setir “Bagyşlar Ol, diýip ymyt etseňem,” jümle bilen çalşyldy. Omar Haýýamyň pikiriçe, Ýaradanyň bendesi elmydama günäsi geçiler umydy sönmeli dälmikä diýýän, sebäbi Ol hem Rehimdar, hem Mähremdir we Günä geçijidir. Elbetde, awtorlar hem munuň bilen razylaşarlarmyka diýip umyt edýärin. Kakajan BALKANOW. 2017 ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |