21:48 “Mälik şanyň geňeşçisine” annotasiýa | |
"MÄLIK ŞANYÑ GEÑEŞÇISINE" ANNOTASIÝA
Mahal-mahal öte geçsemem Taňrym, “Nogsansyz men” diýp, ant içmeýem Taňrym. Eger-de, men Saňa şirk eden bolsam, Günämi hiç haçan ötmegeý Taňrym! Omar Haýýam Ortaýer deňzinden Altaýa çenli, Kawkazdan Hindistana çenli—Mekezi Aziýany, Gazagystany, Eýrany, Gazagystany, Owganystany, Arap ýarymadasyny, öz içine alan Beýik Seljuk döwleti diňe ykdysady taýdan däl, ylymda, medeniýetde ägirt uly özgerişlikleri geçirdi. Orta asyryň iň kuwwatly döwleti syýasy ösüşde we döwlet gurluşygynda entek görülmedik ösüşleri gazanyp, döwrüne görä iň kämil siwilizasiýalaşan döwleti döretdi. Bu ägirt döwlet gün-günden pajarlap ösdi. Bu döwletde meşhur alymlar: Abu Aly ibn Sina, Biruni, Omar Haýýam dagy ullakan açyşlar edip, öz mekdeplerini döretdiler; şahyrlar: Firdöwsi, Sagdy, Hafyz ölmez-ýitmez eserleri döretdiler. Elbetde, seljuklar aglaba basybalyjylyk syýasatyny ýöreden hem bolsalar, bu döwletde ylym bilen medeniýetiň pajarlap ösmeginde hökümdarlaryň uly goşandyny ykrar etmelidiris. Döwletiň hökümdary bilimdar, progressiw pikirli bolmasa ol döwletde ösüş bolmazdy. Döwleti dolandyrmak üçin hökümdarlar alymlaryň, şahyrlaryň we ýurduň beýleki abraýly adamlaryň maslahaty bilen köp ýagdaýlarda ylalaşypdyrlar we olara hemme taraplaýyn ýardam beripdirler. Omar Haýýamyň hem Alp Arslan ogly Jelaleddin Mälik şadan başlap, Soltan Sanjaryň şalyk eden döwürlerinde patyşa köşgüniň abraýly geňeşdary bolandygy taryhda bellenip geçilýär. Şahyrlaryň, alymalaryň arasynda Omar Haýýamyň örän möhüm ornunyň we belent abraýynyň bardygyna göz ýetiren Magtymguly Pyragy şeýle belleýär: Abu Sagyt, Omar Haýýam, Hemedany, Firdöwsi, Nyzamy, Hafyz pälwany, Jelaleddin Rumy, “Jame-ul-many”. Alarnyň jaýynda men hem san bolsam. Orta asyrlaryň belli matematigi, astronomy, filosofy we şahyry, Omar Haýýamy Ýer planetasynyň okyjylary, gynansagam, diňe onuň rubagylarynyň üsti bilen tanaýalar. Beýik akyldaryň psihologik portretini beýan edýän gündogarşynaslar şahyry birtaraplaýyn synlap, ýagny diňe rubagylaryny öwrenip, iki sany gapma-garşylykly şekili çekýärler: ol bir tarapdan akyldar hem ynsanperwer, beýleki tarapdan bolsa—ahlaksyz hem azgyn. Onuň ýazan ylmy işleri—traktatlary bilen bilen bolsa adamlaryň az sanlysy tanyş. Beýik şahyr we alym öz ömrüni ikiýüzli—mynafyk sypatly ýaşap geçiräýdimikä!? Ruhy keselleriň sanawyndaky “dissosiatiw dozulmasy” keselini ruhy lukmanlar bir şahsyýetiň iki subýekte “bölünip”, şol bir wagtyň özünde “iki ýüzli ” durmuş bilen ýaşap bilmeginiň mümkindigini düşündirýärler. Bu hadysa adaty durmuşda teatryň, kinonyň artistleri öz gahrymanynyň keşbine girip, wagtlaýynça sahnada oýnuň ahyryna çenli bütinleýin başga kişä “öwrülip biler”. Şolaryň içinde käbirleri öz döreden şekiliniň täsirinden uzak wagtlap “boşap” bilmän kösenýäni hem bar, emma bu ýagdaýy lukmanlar kesel hasaplanok. Psihologlaryň aýtmagyna görä iki şekilli durmuşda razwedçikler ýaşap biler... (Hä, indi Omar Haýýamyň öňki tanymal atlarynyň üstüne “artist”, “jansyz, içaly” wezipelerini hem goşaýsalar bolýaram). Eger-de, ruhy kesel sebäpli Omar Haýýamyň şahsyýeti ikä bölünen bolsa, onda ruhy näsag adam matematikada, astronomiýada şeýle ygtybarly uly açyşlary açyp bilerdimikä diýen güman döreýär. Goý, ol iki ýüzli—mynafyk bolup köşkde we ondan daşarda artist hökmünde ýaşapdyr diýeli. Heňe gelmejek pikir. Sebabi, şerigatyň düzgünlerini berk berjaý edýän takwa adam şol bir wagtyň özünde günä işleri edip ýörşüni göz öňüme getirimek mümkin däl: alymyň her günde işleşen, duşuşan, daş-töweregindäki adamlaram dinden çykan däl, ahbetin. Ondan başga hem, orta asyrlarda jemgyýet gurluşy ata-baba gadymdan gelýän adata, milli däp-deesurlara, hem-de, şerigatyň düzgünlerine tabyn bolan, şol sebäpli döwlet işgäriniň esasy hünärinden başga onuň dini dünýägaraýşyna-da aýratyn üns berlipdir. Goý, Omar Haýýam ikinji, gedonistik—şöwketparaz durmuşyny gizlin saklapdyr diýeliň. Her bir syryň üsti iru-giç açylardy we hemmelere äşgär bolardy. Onda, onuň ne köşkde, ne pikirdeşleriniň—alymlaryň, ne-de talyplaryň arasynda abraýy bolardy. Alym “Nowruznama” eserinde (215-nji sah.): “Alym lukmanlar: Galen, Sokrat, Gippokrat, Abu Aly ibn Sina, Muhammet Zakariýa, Bahtişu we Sabit Kurra dagy adam üçin çakyrdan peýdaly zat ýokdur, esasanam üzüm çakyrynyň süzüleni hem ajysy” diýip, çakyryň peýdasy we zyýany barada özünden öň ýaşap geçen lukmanlaryň jümlelerini getirýär. Ýöne, alymyň öz halypalarynyň jümlelerini ýatlamagy çakyr barada wagyz-nesihat ýöretdigi diýip düşünilenok, sebäbi alym çakyryň we maýsiriň (humar oýunlary)—ikisiniň hem peýdasyndan zeleliniň kändigini, günäsiniň agyrdygyny Gurhandan delil getirýär.1) Ylymda tötänlikde açyş edilenok, her bir täze açyş ondan öňki açyşyň, täzelik bolsa geljekki açyşlaryň dowamydyr. “Ýaş açyş” hem öz gezeginde estafeta taýajygyny, söbügini basyp gelýän neberesine gowşurýar— nesilden-nesle geçýär. Haçan-da, ylmyň haýsam bolsa bir pudagynda yzygiderlilik şerti inkär edilende, onda şol ugurdaky ylym ösmegini togtadýar. Häzirki döwürde-hä ylymda ýekelikde açyş etmek asla mümkin däl. Fundamental—düýpli, ygtybarly açyşlary ýekelikde, diňe Arhimed ýaly, Abu Ali ibn Sina ýaly, Biruni ýaly, Omar Haýýam ýaly, Kopernik ýaly, Nýuton ýaly, Eýnşteýn ýaly päkýürekli, dogryçyl, arassa wyždanly alymlar açyp biler. Olar hem öz gezeginde ylmyň yzygiderli ösüşini dowam etdirmek üçin ähtibarly we ygtybarly şägirtleri ýetişdirip,ylymyň yzygiderli ösmegine goldaw we gylaw berýär. Alymyň traktatlarynda al-Horezmiň kwadrat deňlemelerini, Arhimedden gaýdýan kub deňlemeleriniň geometrik çözülişini beýan edýär; Ýewklidiň bäşinji postulatynyň ýönekeý subutnamasyny düzýär—bu soňra Lobaçewskiniň we Rimanyň geometriýasyň başlangyjy bolýar. Astronomiýada eden açyşynyň ullakan ähmiýeti bardyr. Ol her 33 ýylyň 8 ýyly 365 gün däl-de 366 gün bolmalydygyny subut edýär, bu hasapda ol bary-ýogy 5 sekund ýalňyşypdyr. Näme üçindir şygyrýet muşdaklarynyň bir bölegi, hatda Gündogary öwreniji alymlarynyň içinde käbiri, Omar Haýýamyň şahsyýetine birtaraplaýyn garaýarlar, onuň psihologiki portretini diňe rubagylaryna salgylanyp, gedonist, skeptik, mistik, dinden çykan, ahlaksyz edip şekillendirýäler. Olaryň bir bölegi şahyryň rubagylarynyň bir-birine gapma-garşylygna, hatda şygyrlarynyň bir-birini inkär edýän ýerlerine-de üns berenoklar. Bu ýagdaýy alym M.N. Osmanow: “ Haýýamy öwrenijileriň onuň rubagylaryny özleriçe teswir etmeginiň sebäbidir” diýip, düşündirýär. Dünýä edebiýatynda, Omar Haýýamyň rubagylaryny parsçadan iňlis diline ilkinji terjime eden Edward Fitjeraldyň (1809-1883; Beýik Britaniýa) aýtmagyna görä, hamala alym jahylka “ýeňilkelle” bolup, soň, orta ýaşda “akyllanan” bolmagy mümkinmiş (?). Şol jähtden terjimeçi, ýygyndyda şahyryň rubagylaryny döwür boýunça “rejeleşdiripdir”: a) jahyllyk döwri; durmuşyň manysyna düşünip, ondan närazy bolan döwri; b)“akyly goýalyp”, takwalyga geçen döwri. Şol “seljerme-rejeleme” däbi, gynansagam şu günlere çenli öz täsirini saklap gelýär. Erkin, jogapkärçiliksiz, keýpi-sapaly durmuşa öwrenen kişiniň Haýýamyň rubagylarynyň käbirleriniň,“maňzyna batýp”, onuň göwnüni hoşal etmegi mümkin. Ýöne, “göwnüňden turýan” rubagylar diňe ateistik dünýägaraýşy gylawlandyrman, eýsem arassa ahlak prinsiplerini hem ret edýär. Şu jähtden, göniden-göni, gapma-garşylykly rubagylary, isle päkize ahlakly, isle asylzada ýa-da ahlak taýdan bozuk, messepsiz bir adamynyň düzenligine şübhe döreýär. Seljeriş geçirilende, Omar Haýýamyň awtorlygyna bäş müň töweregi rubagyny geçiripdirler. Şahyryň döwründe el bilen ýazylan diwanlarda (kitaplarda) bolsa, 300—400 rubagydan kän ýerleşdirilmändir. Şol döwrüň on alty sany golýazmalaryny alymlar seljerläp, şahyryň üç ýüzden gowrak rubagylarynyň awtoryň hut özüniňkiligine şübhelenýärler. Rus alymy W. Žukowskiý, 1867 ýylda, Fransiýada F. Nikolyň neşir eden 464 rubagysynyň segsen ikisiniň Omar Haýýamdan soň ýaşap geçen 39 şahyra degişlidigini subut edýär. Ol rubagylara “sergezdan rubagylar”diýip at berýärler. “Sergezdan” rubagylar biziň günlermize çenli hem hak “eýesine” gowşup bilmän kösenip ýörler. Orta asyrlarda çaphananyň ýoklugy sebäpli, diwanlary (kitaplary) hatdat we sowatly adamlar ýazypdyrlar we bir-birlerinden göçüripdirler. Ol döwürlerde kitabyň redaktoram, korrektoram hatda senzuraçysam kitapdörediji hatdatyň özi bolup çykyş edýär eken. Şonuň üçin diwanyň ykbaly hatdatyň sowat-bilimine, dini dünýägaraýyşyna, bagly bolupdyr. Kairiň (Müsür arap respublikasy) “Al-Ahram” gazetiniň 1978-nji ýylyň 6-njy dekabrynda çap edilen makalada barlaglaryň netijesinde, Kembrij uniwersitetinde saklanýan, 1200-nji ýylda ýazylan diýip hasaplanýan rubagylaryň golýazmalary hakykat däl diýip habar berýär, ýagny olar 1878-nji ýylda ýazylanmyş we ol golýazmalary uniwersitet bir eýranlydan satyn alypmyşyn. 1912-nji ýylyň 14-den 15-e geçilýän gije dünýä edebiýaty agyr ýitgä sezewar bolýar: Sautghemptondan (Beýik Britaniýa) Nýu-Ýorka (ABŞ) ugran “Titanik” gämisi äpet umman buz bölegi bilen çakyşyp, heläkçilige uçranda, onuň üstündäki 1502 adam pidalalarynyň arasynda Omar Haýýamyň bahasyz golýazmasy hem barmyşyn... Omar Haýýamyň dünýä belli matematikdigine, astronomdygyna, filosofdygyna ynanýanlar az däl. Ýöne onuň ylmy traktatlaryny okap tanyşan adamlar bolsa, barmak basyp sanaýmaly. Ol hakykatdanam ahlak taýdan göýdük bolan bolsa, onda ol nädip dünýä belli alym we şahyr bolup ýetişýär? Onuň matematikada mesele çözmegiň usullary, sekundyna çenli örän takyk hasaplan ýyl senesi we ş.m. biziň günlerimize çenli öz ähmiýetini ýitirmän, durmuşda we ylymda ýaşap ýör. Pýesa-rowaýat beýik alym-şahyr Omar Haýýamy “aklap”, perişde sypatly adam hökmünde görkezmekligi göz öňünde tutunmady, ýa-da dünýä edebiýatynyň Omar Haýýam baradaky resmi çeşmeleriniň jedeliniň arasyny açmaklygy hem maksat edinmedi. Şol bir wagtyň özünde-de, bu pýesa-rowaýat dünýä belli akyldaryň şahsy durmuşynyň ýokary adamkärçilikli, arassa ahlakly, päjýürekli we dogruçyl bolanlygyny beýan edýär. Ýöne, deslapky resminamalara ser salsaň, dünýä belli akyldaryň şahsy durmuşynyň pes ahlakly we ikiýüzli bolanlygyna şübhe döredýär. Dünýä edebiýatynyň meşhur akyldar-ýazyjysy Uilýam Şekspiriň “Söz bilen ýykylanlary, soňundan dymmak arkaly ýençýärler “ diýen dana sözleri bar. Omar Haýýamyň diňe rubagylaryny seljerläp, alymlaryň bir bölegi onuň şahsyýetini “ýykdylar”, galan bölegi bolsa dymyp, ony “ýenjip” ýörler... 1) –Kurany kerimiň II-nji süresiniň 219-njy aýaty. Netijeler 1. Omar Haýýam şahyr hökmünde, şygyr düzmekligiň rubagy görnüşini dünýä edebiýatyna ilkinji girizen şahyrdyr. 2. Beýik şahyryň öz eli bilen ýazan rubagylarynyň golýazmasy şu günlere çenli galmandyr. 3. Alymyň ylmy traktatlarynyň asyl nusgasyny Omar Haýýamyň özüniň ýazanlygy takyklanyldy. 4. Orta asyrlarda çaphana bolmansoň, golýazmalar el bilen göçürilip ýazylyp, köpeldilipdir, ýa-da dilden-dile geçipdir. Her gezek golýazma göçürilende, dürli sebäplere görä, nätakyklyk (orfografiki, tekstologik, frazeologik we baş.) goýberilmegi mümkin. Ol döwürde kagyz gytçylygyny hem ýatdan çykarmalyň, şol sebäpli, “çapdan” çykýan täze kitabyň (diwanyň) sahypalary bellenen normadan kem hem, artyk hem bolmaly däl eken. Göçürijiniň hatdatlygy, dünýägaraýşy, ylymlylygy, syýaň, kagyzyň hili, sahypalaryň jebis tikilişine we başga-da bir topar zatlar golýazmanyň ýyllar boýy abat saklanmagyna girew bolýar. 5. Omar Haýýamyň edebi döredijiligini öwrenýän alymlar henizem bir çukura tüýkirip bilenoklar. Rubagy sanalyşanda biriniňki 178, biriniňki 300 golaý, başga bir alymyň 400 gowrak çykýar, hatda olaryň arasynda (W. Žukowskiý) şahyra gönümel degişlisi 6 sany diýýäni hem bar. Iň haýran galdyrýan ýeri bolsa, ol hem—birnäçe müň rubagylaryň aglabasy şahyryň ölüminden soň, dürli döwürlerde, dürli awtorlar ýazypdyrlar. 6. Belli özbek alymlary, doganlar Şamil we Kamil Sultanowlaryň Omar Haýýam barada örän takyk aýdan jümleleri bar: “Omar Haýýamy şahsyýet we şahyr hökmünde onuň öz dartgynly, rehimsiz, mekir we suwjuksyz döwrüniň ölçegi bilen ölçäp bolar. XX-nji asyryň käbir derňewçileriniň isleginä görä, Omar Haýýamy ýönekeýleşdiribem bolmaz we alymy belli bir standart galypa salyp hem bolmaz”. 7. Pýesada Jarçynyň yglan edýän patyşa çalyşygy gysgaldylyp görkezilendir. Bellikler: 1. 1912-nji ýylyň 10-njy aprelinde Sautgemptondan (Beýik Britaniýa) Nýu-Ýorka (ABŞ) sapara ugran “Titanigiň” bortunda 2208 adam we Omar Haýýamyň bimöçber bahasyz “Rubagylar” manuskripti (golýazmasy) bolanmyşyn. 14-nji aprelde gämi aýsberg bilen çakyşyp, okeanyň düýbüne özi bilen 1502 adamy we golýazmany alyp gidýär. 2. Azerbeýjan dramaturgy Guseýin Jawid 1935 ýylda “Haýýam” tragediýasynyň senarisini ýazypdyr. Pýesany 35 ýyldan soň, 1970-nji ýylda, SSSR-iň halk artisti Mehti Mämmedow Azerbeýjanyň M. Azizbekow adyndaky döwlet akademiki drama teatrynda sahnalaşdyrýar. (Pýesanyň senarisi bilen men tanyş däl). 3. Şahyryň 175-nji rubagysynda Rahman Rejebow we Baýrammämmet Ahundowyň terjimesinde (Omar Haýýam. “Türkmenistan” neşirýaty, Aşgabat, 1977 ý) şeýle ýazylan: Eý, ýaman iş edip, ýagşydan gaçan, Soň Allaň keremne gujagyn açan, Bagyşlar diýp, ynam etme sen oňa Günäli-günäsiz deň däl hiç haçan. Bu rubagynyň üçünji setiri “Bagyşlar Ol, diýip ymyt etseňem,” jümle bilen çalşyldy. Omar Haýýamyň pikiriçe, bendesinde Ýaradanyna bolan günäsi geçiler ymyt duýgusy sönmeli dälmikä diýip düşünýän, sebäbi Ol hem Rehimdar, hem Mähremdir we Günä geçijidir. Elbetde, awtorlar bu pikirim bilen ylalaşarlamyka diýip umyt edýärin. Alym doganlar Şamil we Kamil Sultanowlaryň kitabynyň (Омар Хайям. Москва, Молодая гвардия 1987 г.) 94-nji sahypasyndaky (Rozenfeld bilen Ýuşkewiçiň kitabynyň 23-nji sahypasynda) rubagyny: Хоть послушание я нарушал, господь, Хоть пыль греха с лица я не стирал, господь, Пощады все же жду: ведь я ни разу в жизни Двойным единое не называл, господь. Türkmen terjimeçileriniň kitabyndan tapmamsoň, öz düşünişimçe terjime etdim: Mahal-mahal öte geçsemem Taňrym, “Nogsansyz men” diýp, ant içmeýem Taňrym. Eger-de, men Saňa şirk eden bolsam, Günämi hiç haçan ötmegeý Taňrym! Edebiýat: 1. Omar Haýýam. “Rubagylar” TDNG, Aşgabat. 2011 ý. 2. Omar Haýýam. “Rubagylar” Aşgabat “Ruh” 1992 ý. (Terjimeçi—Annaly Berdiýew) 3. Omar Haýýam. “Rubagylar” Aşgabat “Türkmenistan” neşirýaty 1977 ý. (Terjimeçiler: Rahman Rejebow we Baýrammämmet Ahundow). 4. Ш. Султанов и К. Султанов . «Омар Хайям» в серии ЖЗЛ, Москва «Молодая гвардия», 1987 г. 5. Памятники литературы народов Востока. Тексты. Малая серия II. Академия наук СССР, институт народов Азии. Омар Хайям «Трактаты» Перевод Б.А. Розенфельда и А.П. Юшкевича, Издательство Восточной литературы, Москва, 1961 г.) 6. “Paýhas çeşmesi”. 7. Muhammet Gazaly. “Ylym barada kitap”. Aşgabat “Miras” 2005 ý. 8. Ruhnama. 9. Жуковский В. А. Омар Хайям и "странствующiя" четверостишiя «Музаффарийа». в сборнике статей учеников профессора барона Виктора Романовича Розена. Спб., 1897. С. 325—363. Санкт-Петербург, типография Императорской Академии наук. Kakajan BALKANOW. 2017 ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |