14:38 Kiçi dilden añyrsy / esse | |
KIÇI DILDEN AÑYRSY
Hawa, kiçi dilden aňyrsy barada gürrüň edesim gelýär. Bilmedim, Aýyň Güni, gijäniň gündizi, Ýeriň Asmany höwes edişi ýalymy, göwnüm kiçi dilden aňyrsyny küýseýär. "Dil" diýilse, ilki bilen ýadyňa "söz" düşýär. Belki, kiçi dilden aňyrdan "sözlemek" kyn bolany üçin ynsana ýeňillik diýlip "öl ýere biten" dil berlendir. Diliňki aňsat - erk edip bilmeseň ýa-da wyždanyňy diňlemän "diý" diýip buýruk berseň, diýesi gelmeýän zady hem diýip goýberýär. Kim "iş kylyjy" dil bilen aýbyny ýapýar, kim "dilinden bela galýar". Emma kiçi dilden aňyrdan gaýdýan söz, sözler barada az aýdylýar, az oýlanylýar. Kiçi dilden aňyrda ýürek bar. Hiç ýadymdan çykanok, heniz öýlenmedik ogly ýogalan bir ata bilen oglunyň guburynyň başujunda durduk. Men gözýaşymy saklap bilmedim. Oglundan jyda düşen ata meniň egnimden gujaklap şeý diýdi: - Oglumyň dünýeden ötenine gynanamakdan beter meni başga bir zat horlaýar. Oglum sebäpli ahyretde jogap soralmakdan ýa-da men sebäpli oglumdan jogap soralmagyndan gorkýan. Men oglumdan razy, oglumam menden razy bolsun - diýdi. Onuň aýdany üç jümledi welin, kä halat uly romany okap gutaranyňdan soňam beýle täsire düşmeýäň. Bu sözler kiçi dilden aňyrdan çykýan sözlerdi. Töwerek bolsa tümmeklerden doludy. Uly gonamçylykda diriden öli kändi. Belki, şahyry şahyrdan, ýazyjyny ýazyjydan, adamy adamdan, ömri ömürden tapawutlandyrýan hem şol kiçi diliň bärsi bilen aňyrsydyr? "Topraga bulan köňlüm", "Kepene çolan köňlüm" bu sözleri nädip kiçi diliň bärsinden aýtjak. Ýadyma düşýär, Berdimyrat ahun dünýeden ötende jynazasyna duran adamlar onuň howlusyna däl, köçä sygmandy. Ene-de ýadyma düşýär, biri ýogalanda obaň mollalary onuň jynazasyny okamajak bolup dyr-pytrak bolupdylar. Ogullary ahyry bir mollany tapyp, oňa ýalbaryp, "It ölse-de gömülýär, ahyryn. Ony beýdip goýup bolmaz-a" diýenlerinden soň, molla nälaç öleniň jynazasyny okapdyr. Ol öleni gömenlerinde-de gonamçylykdan ep-esli uzakda gömüpdirler. Ol 37-nji ýylyň basa-basynda nijeme ynsana nähak sütem edip, başyna ýeten, adyny tutanyňa degmeýän biri. Bilen bilýändir. O hakynda söz uzatmaýyn. Hawa, kiçi dilden bärde diňe söz däl hereketem, ýaşaýyşam... gaty köp zat edilýän eken. Kä halatlarda beýle sözüň halanýan wagtam bolýar. Oňaryp aýdyp bilseň, biriniň göwnünem göterip bilersiň. Senden göwni biten ol adam toý edende saňa has gowrak halat-serpaýam ýapmagy mümkin. Şonuň ýalam diňe ýüreginden çykýan sözi aýdýanyň halanmaýan wagtam bolýar. Biziň bir gowy dostumyz bardy. Başarsa kiçi dilinden bärde gürlemejek bolardy. Şonuň üçinem, diňe şonuň üçinem kiçiräk üýşmeleň edilse, dostlarymyzyň käbiriniň "Şony çagyrmaly-la, bir zadyny diýer" diýen gezegi bolardy. Emma Aýyň Güni, gijäniň gündizi, Ýeriň Asmany höwes edişi ýaly, göwnüm kiçi dilden aňyrsyny küýseýär, "Şeýle bir küýseýär, ýok çaky-çeni..." Hydyr AMANGELDI. # ekizler2.com | |
|
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |