10:55 Lä Edri. Ýer ýarylmady... / esse | |
LÄ EDRI, ÝER ÝARYLMADY..., DIREG, "MIWE KÖP BOLSA EGER..."
Lä edri "Lä edri" arapçada bilmeýärin, bilemok diýmegi aňladýar. Pygamberimiz: Ylym üç zatdan ybaratdyr - Allahyň ap-açyk kitaby, Resulyň üýtgewsiz sünneti we bilmeýärin diýmek. Şundan soň ýene bir zatlar ýazjak bolmak, elbetde, öz-özüňe garşy gitmek bolýar. Içimden näçe gezek "Lä edri" diýsemem başarmadym. Düýn bir oturlyşyga gitmedik bolsam, belki, bir zatlar ýazjak bolup, siziň başyňyzy agyrtmasamam agyrtmazdym... Gysgajyk aýtsam, 5-6 sany çalarak serhoş pyýada goýnuň iýilmeýän ýeriniň ýedidigini sanap jedel edýärdiler. Olaryň biri barmak büküp sanamaga başlaýardy: "Öt, ajy içege..." Beýlekisem "Ýok, ödi sanadyň, ýamaşgan başla" diýýärdi. Gözümi ortadaky ýarsy içilen arak çüýşeden aýryp bilmän oturşyma başga oturlyşyklar ýadyma düşýär... Arak ýok welin, oturanlaryň haly serhoşyňkydan beter. Arada jedel. Kim gözüni süzübräge-de, ýuwaşdan gopbam ses bilen, kim dyzyny ýumruklap, agzyny köpükledip, öz pikirini aýdýar. Oturanlaryň sany ep-esli bolsa-da, içinde birem bir zat öwrenmek üçin beýlekini diňlänok, her kim özüni bilimli, sowatly görkezjek bolýar. Şeýle etmeseň bolar ýalam däl, ähli kişi akylly, sen samsyk bolup barýaň. Jedelem at ýaryşdyran ýaly bir zat. Aňsat-aňsat galasyň gelenok. Kelle gyzýar. Onsoň, içgi içilmese-de, joşuň ýetik. Üstesine-de, bilmeýäniňi boýun alaýsaň zat bilmeýän bolýaň. Bu ýerde esasy bilmeli zat - bilmeýäniňi bildirmeli däl. Şonda-da araňda has gepe çeper, sesine bat bermäge ökde tapylar. Özüňden artyk bilýän zadynyň ýokdugyny bilip otursaňam, onuň diýenini bilimlisiräp tassyklap, sypmaly bolarsyň. Ýogsa o seni ýeňäýse, sen zat bilmeýänleriň hataryna goşularsyň, "spisokdanam adyň çyzylar", onsoň sen hiç kim. Äsgerilmeýän, hasaba alynmaýan, baryň-ýoguň näbelli biri bolarsyň. Garaz, bilmeseňem bilýänlerden bolmagy başarmaly. Bilmeýäniňi bilmeseň-ä iň aňrybaşy. Onda seni aňsat-aňsat ýeňen tapylmaz... Her kim başyny ýerden galdyrmaga utanyp, biri bir zat gürläýse-de, ondan özüne peýdaly ylym aljak bolup, bilimsiremäge däl-de, bilmäge teşne köpçülikde-de bagtyň getirip oturýan wagtyň bolýar. Şonda-da bilimlisräp bir zatlar gürläýseň, oturanlar "hä" diýýä-de oňaýýa. Şeýtana: "Bu adam gürlände gürläni, dymanda has beter bagrymy ýakýar" diýdirýändirler. Seň "sözüňden" soň şeýle bir dymyşlyk bolar welin, bilimlisiräniňe puşman edip, ýere girip bilmersiň. Şeýtanyň bagry ýansa, seniň ýüzüň lap-lap gyzar. Ylym artan wagty gep-söz azalar, boş gep-gürrüňler köpelen wagty ylym azalar. Alym alymdygyny bilen wagty alymlygy gutarýarmyş. Çünki, hakyky alym dagdan beýik dagyň, alymdan güýçli alymyň bardygyny gaty anyk bilýär. Hakyky alym aňyrsyna ýetip bolýan ylmy, belki, ylym hem hasaplamaz. Şonuň üçin, çyn alym hemişe okuwçydyr, öwrene-öwrene ömrüni ötürer. "Näçe bildigimçe özümiň hiç zat bilmeýändigimi bildim" diýer. Çyn alymyň alymdygyny özi bilmese-de, il bilipdir. Bişr bin Haris hakynda il arasynda: "Ol süýji suwly çuň guýy ýalydyr, ondan içmek üçin her kim diňe nobata durup, ýeke-ýekeden, bir-biriniň yzyndan başyna gelip biler" diýlipdir. Megerem, ylym adamyň daşyny örtýän eşigi däl, onuň özüniň bir bölegi. Ýöne ylymyň eşige meňzeýän ýeri - adam eşiksiz bolsa gözeilginç bolup durşy ýaly, bisowatlygam ýaşyryp bolanok. Atam pahyr gaty gahary gelende "Bilmäsiňem, bileniňkä gitmäsiňem" diýip käýiner eken. Diýmek, bilýäni diňläp bilmegem ylym. Bir akyldaram: "Öňler alym gözlener eken, indi alym gözleýär. Gaçylmaly gözlenýär, gözlenmeliden gaçylýar" diýipdir. Günäniň iň ulusy edýän işiň günädigini bilmezlikmiş. Bilmeýäniňi bilmezlik günäsi ondan kiçimikä? Ýer ýarylmady... Haýa nämä gerekkä, bihaýalaram gül ýaly ýaşaşyp ýör-ä? Bihaýalyk bilen haýa hakynda gürrüňe başladym. Başladymam haýa hakynda gürrüň etmegiň özüniň bihaýalykdygyny duýdum. Özüm kim, haýa hakynda gürrüň açarça?! Akyldaryň "Köwşüni palçyga bulan adam batgadan gorkmaz" diýen sözüni galkan edinip, degene gözüm menden däl edibersemem bordy. Suwuň gadyryny çölde galan teşne biler, belki, haýa hakynda bihaýanyň sözlerini okamak has gyzyklydyr. Hakykatdanam, haýa ynsana näme üçin berildikä? Ýeke özüň öýüňde maýkaça gezip ýörensiň welin, birden bir ýerden myhman geler - derrew köýnek geýmelisiň. Ýa-da gelin keltejik, bolgusyzja ýaglyk bilen başyny çala bogup oturandyr welin, ardynjyrap gaýynatasy geler. Hasyrdap gyňajyny gözlemelidir, gyssag arada ony tapjak bolsaňam dertdir. Haýa diýilýän şu boljak bolsa, hakykatdanam ol nämä gerek? Nämä gerek, öz-özüňi aldap ýörmek?! Myhmançylyga maýkaly gitmesem boldy-da, gelen myhmany öz öýümde nähili garşylamda näme? Gelniň haly-ha hasam geň. Ýeri gaýynataň, mysal üçin, gaýyn eneden tapawudy näme? Biri ata, beýlekisi ene. Eje-kaka ýaly-da. Şonda-da biri bilen-ä arkaýyn gürleşip, derdinişip oturmaly, beýlekisindenem bogunyp, ýaşynyp dert-azara galmaly. Beýle haýa kime gerek?! Haýa etmek, utanmak duýgusy, ýalňyşmaýan bolsam, soň öwrenilýän zat däl. Gaýta, adam utanjyny ýitirse, soň aňsat-aňsat utanmany bilmeýän, başarmaýan ýaly. Adam ata, How ene jennetden çykarylmazynyň öň ýany utanypdyrlar diýen rowaýat bar. Aýby bolmadyk, belki, utanjyň nämediginem bilmez. Ynsany haýwandan tapawutlandyrýan zatlaryň biri hem utanç duýgusy diýýäler. Ýöne adamy haýwandanam beter şeýtandan tapawutlandyrýan zat haýa bolsa gerek. Sebäbi bihaýa adamlary göreniňde haýwan janawar göz öňüňe gelenokda, melgun ýadyňa düşýär. Mümkin, ýalňyşýandyryn, ýöne köplenç üsti örtülýän, töwerekden gizlenilýän zatlaryň aňyrsynda aýp ýygşyrylýar. Ynsan näçe dünýesini il-gününden, töwereginden örtmäge çalyşýan bolsa, şonça-da şeýtanlaşmaly bolýar. Şonuň üçin bolsa gerek, kä bir gowy adamlar hakynda gürrüň edilse "Göwni açyk, aňyrsynda zat ýok" diýilýär. Içiň bet pygylly, töweregiňe-de gowy görünjek bolmak, belki, bihaýalygyň çürbaşydyr. Häzir tanalýan biriniň oglanjykka köçäň ugrunda ýaşulular otyr diýip, olardan utanjyna mekdebe aýlawly çola köçe bilen gidişini eşdip haýran galdym. Ýene bir synçy adam: "Hakyky medeniýetli kişi köçede ýatan itdenem utanar" diýipdir. Gijeleriniň ýarysyny Alla ybadat edip geçirýän Ymam Agzam köçeden geçip barýaka, biri ony ýanyndaka görkezip: "Hol adam tutuş gijesini ybadat edip geçirýär" diýipdir. Bu sözi eşiden Ymam Agzam özi hakynda gowy pikirde bolan adamy ýalançy etmejek bolup, şol günden soň hakykatdanam gijelerini tutuşlygyna ybadatda geçiripdir. Ine, Ymam Agzamyň sözleri: "Bolmadyk häsiýetlerim bilen adamlaryň öwmesi sebäpli Alladan haýa edýärin." Men bolsa maýkaň, gözlenilýän gyňajyň gürrüňini edýän. SSSR-iň baknasy bolan milletleriň arasynda haýasyny iň gowy saklan, gelin-gyzlary eşigini üýtgetmedik millet diýip bizi görkezýärler. Munuň hakykatdanam şeýledigi barada oýlanyp oturanyňda, Ýer togalagynyň Ymam Agzamdan bäri nähili bihaýalaşandygyna düşünýäň. Bir gezek bir ýaşuly gepiniň arasynda: "Alla adamy öz perzendiniň öňünde utanmaly etmesin" diýip, dileg etdi. Men ol saçynyň garasyndan agy köpelen ýaşulynyň ýaşynyň soňunda çagasynyň öňünde utanar ýaly näme etmiş edenini bilemok, soramagam aýp gördüm. Häzir şol ýaşulynyň sykylyp, bir gysym bolup oturşy göz öňüme gelýär welin, Ýer togalagy diýilýän kiçelip, eliň aýasyna sygaýjak bolýar. Haýa ynsany kiçeldýän bolsa, Ýer ynsandan has haýalymyka diýýän. Onsoň ol neneň kiçelip eliň aýasyna sygaýjak bolmasyn?! "Er ýarylmady, men girmedim" diýilýär. Ýer görgüli näme diýýärkä? Direg Dünýäni saklaýan zat ölümdir öýderdim. Dogrusy ilki başda, ýaňy dünýä diýlen şäheriň gyrasyndan girip ugramda "Munuň diregi söýgi" diýipdim. Soň söýgüden, şo ýyllardaky düşünýän söýgümden daşlaşyp, ol direg ynamdyr diýen karara geldim. Emma dil bilen näçe düşündirilse-de, edil "Ussasyny" düşündirip bolmaýşy ýaly, düşündirip bolmaýan "şäheriň" öwrümli köçelerinde entedigimçe ynamyň direg derejesinden ejizdigi, ynamam saklaýan bir diregiň bardygy barada oýlanyp ugradym. Ýogsa ynam uly güýç, gaýrat, kuwwat çeşmesi. Bu çeşme saňa tarap bir akyp başlasa, seni joşup duran derýa öwürýär, ylham ganatlary bilen ganatlandyrýar. "Emma ynamlaňňam synýany üçin..." Birdenem o diregi gördüm. Ol çabyrap, alawlap ýanýan ýalyndan gyzgyn, Demirgazykbuzly ummanyň aýsberglerinden sowuk. Ol direg utanç-haýa eken. Maşgalaň abatlygyny bilesiň gelse, termometre bakan ýaly içeriňdäki utanjyň derejesine seredäýmeli eken. Eger muny etmäge gaýratyň çatsa. Obaň abadanlygam seni gozgaýan bolsa, ýene obaňdaky utanç-haýaň azalyp-azalmaýandygyna üns beräýmeli eken. Eger synçy nazaryň ýetse. Şäheriň, ýurduň, soň tutuş dünýäň durkunyň sagdynlygyna göz ýetiresiň gelse ýene-de adamlaryň, milletiň, halkyň, adamzadyň utanç-haýa derejesini yzarlaýmaly eken. Elbetde, muňa-da paýhasyň ýetse. Gaýrat, synçylyk, paýhas - bular her kime ýetdirip duran zatlaram däl. Ýöne özümizdäki utanjymyzy bilmek üçin beýle köp zat gerek däl ýaly. Onuň üçin diňe Alla tarapyn kapyra-musulmana berlen ýeke zat - wyždan ýeterlik. Kuranda iň köp duş gelen sowalym "düşünmeýärmisiňiz?", "oýlanmaýarmysyňyz?" diýen manydaky sowallar boldy. Bu sowallar Allanyň ynsana beren sowaly. Allanyň kitabynda haýyr bilen şer, hak bilen ýalan, egri bilen dogry Ýer togalagynda bolup geçen juda köp dürli hadysalar, wakalar mysal getirilip çintgelenip-çintgelenip, şeýle düşnükli edilip düşündirilýär. Soňam "düşünmeýärmisiňiz?", "oýlanmaýarmysyňyz?" diýlip soralýar. Bu sowallary her gezek okanyňda şol ýalyn bilen buz birden başyňa gelýär. Hem derläp hem üşüdýändigiňi duýýaň. Emma şonda-da düşünýän däldirin, ýogsa, özümi otdan alyp buza, buzdan alyp ýalyna oklap oturmazdym. Ýa-da şol otdan hem buzdan gorkyma düşünmekden aýak aldygyna gaçýarmykam?! Ýekeje zat gynandyrýar. Näme üçin adam dünýesini dikeltjek direg - utanç-haýany duýmagy başarýan wyždanyndan gaçyp durmuşyny gowlajak bolýarka? Diregi aýrylan zadyň ýykylýandygyny her birimiz göre-göre gelýäris ahyryn. "Şükür bagşy" kinosynda maslahat gidip durka bir ýaşuly ýerinden turup: "A-how, ýigitler, utanaňyzokmaýt?" diýýändir. Bu sowala ýüregi tisginmedigimiz ýok bolsa gerek. Her kim türkmeniň milliligini bir zatda görýär. Kim şaý-sepinde, kim atynda, kim itinde. Bu pikirleriň hiç birine-de ýalňyş diýemok, ýöne utanjy süňňi bilen duýmak türkmene aşa mahsus bir häsiýetmikä diýýän. Gaýry milletden bolan biri: "Ertir bilen ýassy namazyny okamak kyn. Birini daň atandan Gün dogmanka turup okamaly, beýlekisini okažak bolsaňam ukudan galyp garaşmaly. Üstesine-de ony okaýanyňy-okamaýanyňy hiç kim görmeýär. Şonuň üçin mynapyklar - ikiýüzliler şu namazlary okamaz ekenler. Türkmenleriň arasynda welin, beýlekileri okap bilmeselerem, ertir bilen ýassy namazlary okaýan köp" diýdi. Hawa, ertir bilen ýassy namazy ilden däl, Alladan utanjyňa okalýan namaz. Alladan utanmak duýgusyna bolsa şeýhler sopylar, tarykat ärleri gijeler ýatman tagat ybadat edip, zikir çekip ýetipdirler. Bu duýgy Ymam Agzamyň duýgusy, Ybraýym Edhemiň, Zunnun Müsriň... ýeten derejesi. Pygamberleriň, Dört Çaryýarlaryň, ulamalaryň, şeýhleriň, pirleriň başynyň bezegi utanç - seni ömrümiňem, ölümimiňem, söýgümiňem, ynamymyňam diregisiň öýtmändirin. Sen hakynda pikir etmänim üçin, senden otdan-buzdan gaçan ýaly gaçanym üçin, seniň gadyr-gymmatyňy bilmänim üçin men bihaýany bagyşla. Öten-geçenlerimiň, kimiň oglusyň diýlende adyny tutýan kakamyň hatyrasyna bagyşla... Ýekeje belligim hem dilegim, gaýry ýurtlyň aýdanlaryny okap, diňe ertirini okaýanlar göwünlerini rahatlandyrmasadylar. Eger bize şeýle utançly millet diýýän bolsalar, bäşiň diňe birini ýa-da ikisini berjaý edýändigimize utansak has gelişmezmi? Emma utanç hakynda söz açyp, diňe diniň, namazyň gürrüňini etmek hem islemändim. Galany hakynda oýlanmak özüň bilen. "Miwe köp bolsa eger..." "Ber, berekediň artsyn!" bu kakamyň köp gaýtalaýan, gowy görýän düşünjelerinden biridi. Emma men bu pikire garşy gidip bilmesemem içimde bir çiglik duýýardym. Beýle bir gysganyç bolmasamam, eli açyklardanam däldigimi bilýän. Hawa, il-güne berip bilseň oňa ýetesi zat barmy, ýöne beriberseň zadyň artman kemeljegi görnüp durmanmy? Matematika ylymynda-da bir zady köpeltjek bolsaň goşmagy ulanmaly, aýyrmak hemişe düýp sany azaltmak bilen bolýar. Bu hemmämize mälim, üýtgewsiz kanun. Onda näme üçin bermeli?! "Bereket" diýilýän zady aýyrmak-goşmak ýaly anyk görüp bolanok. Bu ýerde gep owadanlamak, adamlary adamkärçilige, jomartlyga çagyrýan şygar mysaly bir öwrümjik bar ýaly. Türküräk, sadarak bolsaň, bu gepe-de aldansaň gazananjaňy ile paýlar ýörersiň-dä. Berekedem bereketdir, welin, onyň-onyňa zordan ýetip durbermese? Göwnüme bolmasa, bu pikirim bilen köp kişi razylaşaýjak ýaly. Razylaşýanlar, geliň, bu pikirimi köre-körlük bilen, bereniňden alanyň has ýakymly bolany üçin kabul etmäliň-de, ýene azajyk aňňyrrak seretjek bolup göreliň. Gapymyzda bir erik agajy bar. Ekilenine 5-6 ýyl bolansoň aşagynda gowy kölegeläýmeli daragty bar. Ýöne oturdylany bäri hiç miwe berenok. Her ýyl ak patrak ýaly gülleýär, "Şu ýyl-a çaglara erik dadyrsa gerek" diýdirýär-de, soňam gülüni dökýär durberýär. Aşagyna ak düşek düşelen ýaly bolup görünýän güllere nebsiň agyrýar. Belki, biri-ikisi galandyr diýip şahalaryň uçlaryna seredýäň - ýekejesi dagy bolsun-la. Indi şol erigi çapyp aýyraýmasam, alaç galmady. Çapmaga-da dözer ýaly däl. Bermezek ynsanam şu erige meňzeýän-ä däldir? Ýok, biz gysganyç däl, ýagdaýymyz boldugyndan töweregimize peýda-da etjek bolýas. Ýöne hasylynyň agyrlygyndan şahasy ýere degjek bolup duran, aşagyna paýa etmeseň miwesini göterip bilmän şartyldap döwülýän, göreňde gözüň gidýän agaja meňzeýärismi?! Aý, ol her kime başrdaýýamy? Başardanok. Başarmak üçin "Ber, berekediň artsyn!" diýen düşünjä doly düşünip, oňa eýeren gerek. Ýöne bereket üçin, zadyňy öňküsindenem artdyrjak bolup, maksatly bermek dogrumyka? Meň-ä ýeňip bilmesemem ýigrenýän zadym - hantamaçylyk. Birhili beýle niýetli bermek biriňi iki etjek bolup söwdagärlik eden ýaly görünýä. Ýalňyşmasam, beýle niýet bilen uzak beribem bilmersiň. Bahym berekediň artmaýan ýaly, bereniň iki bolup yzyna dolanyp gelmeýän ýaly boluberse gerek. Diýmek, berekediň artmagy üçin bereňde "goşmak", "aýyrmak" pelsepesini unutmaly. Bermän bilmeli däl. Munuň üçin ýregiňde şol miwesini göterip bilmeýän agaja bolan söýgüň aňyrdan bolmaly ýaly görünýär. Kämahal köwşümi bejerdýän. Ädikçi ussa yhlas bilen kiçijik kulbesinde, çekijini gaýgyrman urup köneje köwşümi täzä berimsiz etmäge çalyşýar. Edil Gurbannazaryň "Asatur agasy" ýaly. Ussa işini bitirdim edip, nyrhyny aýdýar. Onuň bilen hasaplaşyp öýüme barşyma "Aý, ýaňky ussa bäş-üç müň manat artyk beräýmelidim" diýip ökünip gidýän. Birnäçe günläp her gezek irden täze bejerden köwşümi geýjek bolamda-da şol ökünjim beýnimiň bir ýerlerine sanjylyp gidýär. "Bäş-üç müň manadyň çykmaýan ýeri barmy" diýýän. Ýok, tarhandökerlik, pullysyramak höwesim ýok. Höwesim şol miwesi ýere degjek bolup duran agaçda. Bu ýerde "ber" sözüniň aňyrsynda diňe zady, baýlygy göz öňünde tutmadym. Söýüň, söýgüňiz artar. Alla ýöne ýere "Maňa ýönelip bir ädim ädene tarap men on ädim äderin" diýmeýän eken. Utanyň, utanjyňyz artar, mertebäňiz beýgeler. Ömrüňizi beriň, ömrüňiz artar. Hydyr AMANGELDI. # ekizler2.com | |
|
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |