19:38 Mary çaýhanasynyñ ogurlanan käsesine goşulan goşgy | |
MARY ÇAÝHANASYNYÑ OGURLANAN KÄSESINE GOŞULAN GOŞGY
Eý ýaranlar, habar beriñ käseden, Köp soradym sakgallydan, köseden, Şu sebäpli öz adyny pis eden, Alan adam tiz getirsin käsäni. Getirmese gorkaýsynlar çarandan Görmese-de, eşidipdir görenden Getirseler, ýagşy öýde durandan, Alan adam tiz getirsin käsäni. Saýlap aldy ýaşyl bilen gyzyldan, Meniñ aýdan sözüm däldir hezilden, Käse diýip ogry gelmez menzilden, Töwerekden tapyp beriñ käsäni. Saýlap aldy gyzyl bilen ýaşyly, Ýakasyndan tutsañ boljak iş uly, Töweregi sora Sanmat ýaşuly, Alan adam tiz getirsin käsäni. Bu lepgäniñ bir eýesi Atajan, Ussa bilen aga-ini jana-jan, Senem sora, eý, Dawadan agam jan, Alan adam tiz getirsin käsäni. Asly daşdyr tohum edip ekmezem Kümüş däldir hatynyna dakmazam, Ogurlansoñ, ol Babala ýakmazam, Gerek bolsa, diläp alsyn käsäni. Şuny tapman Halnazar hem galmasyn, Şu käseden şolam bigam bolmasyn, Bilip aýtmajak şu ýerlere gelmesin, Bilen adam tiz getirsin käsäni. Sorañ, tapyñ Hajy sopy, Ak sopy, Myş añmasañ tiz boýnuma sal ýüpi, Gulaññyzda ýagşy saklañ şu gepi, Alan adam tiz getirsin käsäni. Käse ýaýraýypdyr ile jar bolup, Tapyñ Mäne, Çäçe kese ýer bolup, Agyr ediñ, tapyñ, dosty ýar bolup, Alan adam tiz getirsin käsäni. Hally ŞAHYR (1877-1939). | |
|
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||