19:52

Men dünýäniñ aşygy

MEN DÜNÝÄNIÑ AŞYGY

Men aşyk,
Bu gözel dünýäň aşygy,
Gözlerim hemişe barlyga teşne.
Meniň magşugymyň bir gowy ýeri,
Ýok onda artykmaç näz-u-kereşme.

Aslynda söýginiň nämedigini,
Maňa öwredenem dünýäniň özi.
Hak syrdaşym – dostum dünýäň perzendi,
Ýassykdaşym – söýgim dünýäniň gyzy.

Aslynda, hyýaly pikirem däldir
Perileriň, hüýr-melekleň barlygy.
Ýöne dünýä maňa olary däl-de,
Özüm ýaly öz perzendin baglady.

Söýgi näme?
Birje gyzmy aslynda?
Ýok, ol müň gyzyňam çygryndan giňdir.
Guşlar,
Baglar,
Çeşme,
Siňňin ýagyşlar...
Okuw,
Işim,
Köçe,
Ýatlar-tanyşlar...
,,Salam!”,
,,Hoş geldiňiz!”,
,,Balam!..”,
,,Nemeler”...
Dükan,
Bazar...
Hem köp sanly ş.m-ler –
Bulaň bary dünýä bolan söýgimdir.

Dünýäde ýaşamak üçin söýemok,
Söýmek üçin ýaşaýaryn dünýäde.
Her ädimde million sany sebäp bar
Bu dünýäni söýmäge...

Agageldi ITALMAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 368 | Добавил: Мylayym | Теги: Agageldi Italmazow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Duralganyň ýanyndaky agaç / Goşgular - 08.01.2023
Памяти С.Я.Надсона / Goşgular - 24.01.2023
"В мире таинственном и простом..." / Goşgular - 07.02.2023
«Я был у ней; она сказала…» / Goşgular - 07.01.2023
Eger... / Goşgular - 25.01.2023
«Нисходит сумрак ночи бледной…» / Goşgular - 31.01.2023
«Мы преклонились у завета…» / Goşgular - 18.01.2023
Памяти Ф.М.Достоевского / Goşgular - 20.01.2023
«В огромном липовом саду…» / Goşgular - 02.01.2023
Men indi gidýärin / Goşgular - 15.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]