15:15

Müň derdiň dermany

MÜÑ DERDIÑ DERMANY

Ir zamanda täze söwda başlan ýigit obadaşlary bilen hoşlaşyp, ýola düşjek wagty bir hekimden maslahat sorapdyr:
—Atam, del ýurtlara baranymda, däri-derman gözläp ýörmez ýaly, näme etmeli?
Kerweni ugratmaga çykan lukman hem ýol ýakasyndan taýak atym aňyrda gögerip, gülläp hem monjuklap oturan ösümligi görkezip:
—Hol, gülläp oturan ösümligi görýäňmi?
—diýipdir.
—Hawa, görýän atam, ol ýüzärlik.
—Görýän bolsaň indiki düşläňde, şondan bir desse ýyg-da, ýüküň gapdalyna daň, ýolda gurar. Soň ony boş çuwala ýa-da horjuna sal. Kelläň agyrsa, ýadawlyk duýsaň şony tüsseledip, howasyndan dem al. Ýat ýurduň suwy, iýmiti ýaraman, içiň bozulsa bir monjugynyň içindäki garaja dänäni al-da, çeýnäp ýuwdup goýber, dert golaýyňa gelmez. Mundan başgada, ýüzärligiň tüssesi gözden-dilden, al-arwahdan hem gorar. Söwdaňda hem şowlulyk getirer.
Sebäbi ýüzärligiň her ýapragynda, güldür monjugynda bir perişde adamzada garaşyp otyr, şu ösümligi ulanan adamy ähli beladan goramak üçin — diýipdir.
Ýigit hekime hoşallyk bildirip:
— «Ýüzärlik ýüz belany sowar» diýenleri mundan gelip çykd-ow — diýipdir.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 426 | Добавил: Gurban | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Gurban  
24
Haweran, Bir sorajak zadym bar Rowaýatlary ýazyjylar halkyň içinde bolup eşidip ýazyp alýalarmy ýa-da okan kitaplardan alýalarmy?

1
2 Garaýolly  
27
Oguljemal doganymyzyñ rowayatlaryny okasak yuregiñe juñk bolyar. Ajayyp eser.

1
3 Garaýolly  
27
Elbetde, yuzarlik gudratly osumlik. Ony yatjak wagtyñ jayyñ icinde bir tusseletseñ janyñ rahatlyk tapyar. Cagalar bimejal boluberse-de, onuñ tussesine garyshan howa'olara rahatlyk beryar.

1
4 Garaýolly  
27
Yuzarlik adamlara ruhy ynjalyk hem beryar. Koneurgenjiñ bazar jayyna ir bn baryp gorseñ onuñ iciniñ yuzarligiñ tusse dumanyna dowlanyp durshuna rahatlyk bn syn edersiñiz. Bu irki arassa howanyñ yakymlylygyny has hem suyjedyar, hem-de satyjylaryñ sowdanyñ showly bolmagyna bolan yrym-ynanjyny berkidyar.

0
5 Garaýolly  
27
Bu yagday Diñe Koneurgencde dal, hemme yerde-de sheyledir eysem!

1
6 Мylayym  
83
Eşidişimize görä, Oguljemal Çaryýewanyň özem ot bilen bejerýän tebiplikdenem başy çykýan eken. Köp zady bilip galdyk.
Ýetireniňe sag bol, Gurban jigim!

1
7 Garaýolly  
27
Oguljemal doganmyzyñ tebipcilik ylmyndanam habarlydygyny bir wagtlar shahyr Mustapa Wellayewem aydypdy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]