13:32 Obamyñ dagyna! | |
OBAMYÑ DAGYNA!
Seredip doýmadym Nohur dagyna, Ýagyşly, ümürli, tozly daglarym. Ömri uzap gidýär Nuh eýýamyna, Arçaly, kerkawly, buzly daglarym. Ene mähri bilen garaýan ýaly, Emaý bilen başyñ daraýan ýaly, Arşa sary uzap, ýöreýän ýaly, Külter-külter ýolly, yzly daglarym. Gujak gerdim gaýasyna, da:şyna, Her gidemde ýaş goşulýar ýaşyma, Dolap ýene ýaşlygymyñ nagşyna, Keýpimi kökledi bazly daglarym. Ene süýdüne taý mähir süýdüñ bar, Nirä gitsem ýene saña gaýdym bar, Goýnuñda müñ dessan, milýon aýdym bar, Tükenmez nagmaly, sazly daglarym. Senden çykan ýene saña gelmese, Namart bolar ýatlamasa, bilmese. Gelip, dyza çöküp salam bermese, Seredersiñ, bagry közli, daglarym. Dagda jemlenipdir pelsepäñ çyny, Daglaryñ syrynyñ ýok öñi, soñy. Bagryña ömürlik siñmeli güni, Geler, perzentleñ ak biýzli, daglarym. Gudratyña başym egýän mydama, Geçen günler ýaş getirdi didäme. Ilogly aýdar, güýç-gujursyñ adama, Pyragydan gaýdýan sözli daglarym. Ilogly NURYÝEW. | |
|
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |