16:01 Oýlanma | |
OÝLANMA
Bilemok nämeden, oýlanýan käte, Ýada salyp bir çak oglanlygymy. Pukara maldaryň maşgalasynda, Çar ýany dag kentde doglanlygymy. Aşyk oýnap ýa ýumuşda-ýoldadyk, Jübä guýup kä kendirli gowurgany. Ulylaň tabyna baglydy taplar, Kä şatlanyp, kä görerdik gowgany. Bu gün oduna diýp, gaňňasyn atyp, Näler gelýär şo-ol eşege münesim. Hem kakamyň ýanna, gür arça, zirkli Derä çaý oturtmak üçin siňesim. Ah, ýöne nämeler otyryn oýlap, Aşyp ýördügimi indi aňkamyň?! Maşynlar tozdursa at-eşek ýurdun, Bir wagt aldy termos ornun taňkanyň. Hany şol telewizor, kompýutersiz, Awtoulag, el telefonsyz zaman?! Şu zeýilli zatlaň ýok boldugynda, Bolupdy hözir hem hezil, eý aman! Tebygylyk bizden daşlaşýan ýaly, Tilsim aldy, emel aldy dünýäni, Ýok aşyk oýnaýan, kitap okaýan, Ýaşlaň indi telefon bar bilýäni. Görle, bi dünýäniň özgerişini! Ýüregňem ir döwri gözleýişini! 2015 ý. • Ýene-de oýlanma Gumry höwürtge ýasapdy, Atam guran garröýmüzde. Eýwan şonsuz eýwan bor diýp, Ýokdy çaga küýümizde. Höwr edinip höwürtgäni, Gumry gonsa syn ederdik. Pessaý gepläp, däne oklap, Assaja ýanna giderdik. Kaşaň jaýa göçüp muny, Gürrüň bersek agtyklara, Olaň hem göwni küýsedi, Äpişgeden guş jyklara. Emma ol gara bermedi, Gözlense-de daş-içerden. Sebäp indi öý-işigmiz, Belentde guşlar uçardan. El ýetenok, bu zamanda, Höwürtgä hem guşa-gumra. Tebigatdan biz daşlaşyp, Ýasamalyk bilen gümra. Indem guş tapyp, emeli, Agtyklary güýmemeli. 2017 ý. | |
|
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |