10:58

Pygamberimiziñ ahlagy we edebi: Gürleşişi, oturyp turşy...

PYGAMBERIZIÑ KEŞBI, AHLAGY WE EDEBI

■ PYGAMBERIMIZIÑ ATYR ULANYŞY,            
     GÜRLEŞIŞI, GÜLŞI, UKLAÝŞY, MÖHRI, 
                       OTURYP-TURŞY

Muhammet pygamber (s.a.w) beýleki adamlary bimaza etmeýän ysly, reñksiz atyr hödür etseler, iny begenip sepinerdi. Reýhan ýaly ýakymly gül hödür edilse-de alardy. Pygamberimizi dirikä gören bir sahabanyñ Onuñ atyr sepinişi barada aýdyp giden rowaýatlary hem bar. Pygamberimiziñ bedeninden Ýunus Emräniñ "Gül Muhammediñ deridir" atly goşgusynda wasp edişi ýaly Ondan bir ýakymly ys bark urar eken.
Hezreti Äşäniñ (r.a) aýtmagyna görä, Muhammet pygamber (s.a.w) howlukman, her sözüniñ arasyna dyngy berip, salyhatly gürlär eken. Hatda Ony diñläp oturan adam pygamberimiziñ sözüni ýat tutup bilermiş. Ol aýratyn nygtasy gelen sözüni üç mertebe gaýtalap aýdar eken. Şol sebäpli hem Onuñ sözleri diñleýänleriñ hemmesi üçin düşnükli bolar eken.
Muhammet pygamber (s.a.w) adamlar bilen gürleşende, olaryñ akyl-paýhasyna, añ-düşünjesine görä gürrüñ eder eken. Onuñ hatyny Hezreti Äşe (r.a):

"Resulalla sözlerini siziñ gürleýşiñiz ýaly biri-biriniñ yzyndan suñşuryp barmazdy-da, aýdanlary diñleýjiniñ köñlüne ornar ýaly her sözüni howlukman, bölüp-bölüp aýdardy" diýerdi. 
(Seret: Tejrid, IX, 278-1468).

Hezreti pygamber köp gülmezdi - diýip, Jabir ibn Semure (r.a) gürrüñ berýär. Hind ibn Ebu Haleniñ (r.a) aýtmagyna görä, Muhammet pygamber ýylgyranda, dişleri hünji deýin ýaldyrap gider eken. Abdylla ibn Haris hezretleri "Muhammet pygamber ýaly hemişe ýüzi gülüp duran adama duş gelmändim" diýip, onuñ hoşgylaw, güler ýüzli adam bolandygyny taryp edýär.
(Seret: Tejrid, IX, 278-1462; Ibn Sad, Tabakat, I, 372).

Muhammet pygamberimiz (s.a.w) ýatanda sag egnine ýatyp: "Ýa Rebbim! Meni gullaryñy täzeden direltjek günüñ azabyndan goragyn!" diýip dileg eder eken.
Ol ýatjak wagty şu aşakdaky iki dogadan birini aýdar eken:

"Allahym, Seniñ adyñ bilen uklaryn, Seniñ adyñ bilen turaryn"

ýa-da:

"Allaha şükür, Ol bizi iýdirdi, içirdi, ätiýaç etmekden dyndardy, öýli-işikli etdi. Niçeme bendeleriñ iýere-içere zady ýok, agşamlaryna bolsa ýatara ýerleri hem ýok".

Oýanan wagty bolsa Ol şeýle doga ederdi:

"Allaha şükür, Ýaradan bizi ýatyryp turuzdy, biz Onuñ ýene özüne gaýdyp barmalydyrys".

Muhammet pygamber (s.a.w) goñşy döwletleriñ hökümdarlaryna iberen hatlaryny möhürlemek maksady bilen ýüzüne üç setir edilip ýazylan:
"Muhammet Resulallah" diýen ýazgyly bir möhür ulanar eken. Möhüriñ ýüzündäki hat gymmatbaha (hakyk) daşa gazylyp ýazylan eken. Ol daşy kümüşlenen ýüzük görnüşinde bolupdyr hem Resulalla ony barmagyna dakynar eken. Ýazdyran hatlaryny möhürlemek üçin ony barmagyndan çykaryp, möhürländen soñ täzeden dakynardy.
Ashaby Kiramyñ aýdyşyna görä, Pygamber hezretleri ýörände howlukman, hamana, aşaklygyna inip gelýän ýaly basjak ýoluny mazaly seljerip, salyhatly ýörär eken. Gerekmejek ýere güýç sarp edesi gelmeýän ýaly, çalt ýöremekden saklanar eken.
Ol oturanda ýeke dyz, ýa aýbogdaşyny gurup, käte bolsa çommalyp oturyp, ellerini dyzlarynyñ üstünde gowşurar eken. Ýatyp dynç almakçy bolsa, uýat ýerleriniñ açylmazlygynyñ gamyny iýerdi. Nahar iýmedik wagty sag ýa-da sol tarapynda ýassyk goýup ýaplanardy. Nahar iýmedik wagty ýaplanmazdy. Nahar iýlende ýaplanyp iýmek onuñ halamaýan zadydy. Pygamberimiz ulumsy däldi, ol göwnaçyk, alçak adamdy.

(dowamy bar)...

Terjime edenler:

Ýalkapberdi MYRATGELDI,
Baky ANNADURDYÝEW.
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 532 | Добавил: Нawеran | Теги: Hüseýin Algül | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Nurdan  
100
Soñsuzlyk ýagmyrlary inende ýedi gatdan
Ol gije sendiñ gelen soñsuzlykdan, uzakdan
Melekler zerre zerre puşdana dolar Hakdan
Ol gije Sendiñ gelen, Ýa Hezreti Muhammet

Señ gözel häsiýetleriñ ahlagyñ päk göwheri

1
2 Raviya  
584
Muhammet pygamberimiz (s.a.w) ýatanda sag egnine ýatyp: "Ýa Rebbim! Meni gullaryñy täzeden direltjek günüñ azabyndan goragyn!" diýip dileg eder eken.

Pygamberimiz Allanyñ iñ söýen bendesi, ýaradanlarynyñ içinden ondan has söýeni ýok. Ki Pygamberimiz "Kyýamat güni maña nâme ediljegini men bilemak" diýipdir. Şu sözüni her ýatlamda der basyp, bokurdak dolup... düşündirip bolmajak aýylganç ýagdaý...

1
3 Raviya  
584
Allahümme salli alä Seýýidinä Muhammedin ve alä älihi we sahbihi we bärik we sellim

Pygamberimize näçe salawat aýtsañ hem azdyr

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]