10:48 Sanjy / esse | |
SANJY. ÝAŞA ÝUWULMADYK ÝÜZ
Sanjy Omar Haýýamyň "Allahym! Meni dostlarymdan gora, duşmanlarymdan özüm goranaryn" diýip eden dileginiň sanjysy aýrylmaýar. "Ol adam diri bolan bolsady, "dostlarym" diýip kimleri göz öňünde tutduň - dost eşigine bürenen duşmanlaryňymy? Ýa-da iki ýüzli, kimi görse şoňa dostlarymy? Ýüzüňe gülüm-ýalym edip, ýeňsänden gürrüňiňi edýänlerimi? Ýa-da seniň pikiriň, akylyň, baýlygyň üçin dost bolanlarymy? Ýa-da ýüregi bilen seni gowy görüp, kyn günüňde gynanyp, kömek edip, şat günüň şatlygyňy paýlaşýan, "doganymdanam ýakyn" diýdirýän hakyky dostlaryňymy?" diýip sorasadym diýýän. Bäşim Ödekde şeýle setirler bar: Iňňäň gözi ýaly etmişim bolsa, Ýa eger şonçarak bolaýsa, aýbym. Ýeňsämden diýmäwer, uly gorkym şol Edil köz goýan deý, ýüzüme goýgun. Megerem, Omar Haýýam dosty-dostdan tapawutlandyryp, kimiň-kimdigini tanamagy başaran adam bolmaly. Ol her bir ýeňseden gürrüň edýäne "dost" adyny bermez. Onda ol hakyky dostlaryndan goramagy üçin Alla ýalbardymyka?! Duşmanym hakynda bir zat aýdyp biljek däl, sebäbi şu wagta çenli özüme duşman hasaplan adamlarym bolmady. Halamaýanlarym, gepim alyşmadyklar, pikiri, düşünjesi özümkä çapraz gelenler boldy, ýöne olary duşmanym hasaplamadym, häzirem hasaplamok. Emma dostlarym... Oglanlykdan dostly bolmaga höwes ederdim. Biri-birimiz üçin janymyzy bermäge taýyn dostly bolmagy ýürekden islärdim. Isleýşim ýaly, gadyr goýan dostlarym boldy. Menem ähli kişi ýaly dostlarymyň göwnüne degmezlige, olary ynjytmazlyga çalyşdym. Birden bilmän gaty-gaýrym bir zat diýäýsemem köp wagtlap gynanyp gezdim. Ýöne olaram ýyldan-ýyla, günden-güne azalyp barýar. Kimi ýogalyp gitdi, kimi yzymy eýgermän galdy, kimi bile barýardyk ýoldan sowuldylar, kimsinden özüm sowulandyryn. Gurbannazar diýýär-ä: Bir seretsem dost nire, boşapdyr daşym, Eý, çekgämden ak giren garagol başym... Bu setirleriň gussasyny, bu setirleri ýazanyň gussasyny indi-indi çala syzjak bolýaryn. Onda näme üçin azalanyna gynanylýan dostlardan goranmalyka? Olardan goranyp bilmän Alla ýalbarylýarka? Omar Haýýam hakyky dosty göz öňünde tutan däldir diýen pikir bilenem ylalyşyp bilemok. Akyldar "Meni dostsyraýanlardan gora" diýerdi. Menem biriniň dostudyryn, belki. Onda mendenem goranyp bilmän biri Alla ýalbaryp otyrmyka? Dagy näme?! Meň niräm ilden üýtgeşik?! Ilden üýtgeşik dost nähilikä? Biri-birine duşanda mähirli gujaklaşýanlary köp görýänsiňiz. Kä halat olary şeýle gowy görüşýän dostlardyr diýip gözigidijilik bilen synlaýansyňyz. Emma dostluk beýle bildirilmeýän eken. Gujaklaşmak, mähirli gürleşmek, hal-ahwal soraşmak dostlugyň esasy kesgitlemesi däl eken. Edil şonuň ýaly birek-biregiň ýüzüne gelişmegem dostlugy aňlatmaýar. Özüm başarmasamam şeýle bir dosty islärdim - ýok, kyn günümde kömek eden, ýa-da gözüne ýaş aýlan däl, "Dostumy ynjytmaýyn, göwnüni ýykmaýyn, gynandyrmaýyn" diýen däl, ýalňyşan ýerimde "Dostum gorpa barýan ýaly-la, ýykylmanka ýetişeýin, menden gaty görse-de, ýüz öwürse-de hiç, esasy zat ony ýalňyşyndan saklap bilsem" diýen dosty küýseýän. Çyn dosty küýsemeýän ýokdur, ýöne çyn dostly bolmaga mynasypmykam?" diýen sanjyny çekýänimiz köpmükä? Bu oýlanmalardan soň, goranmak üçin Alla ýalbarylýan dost bolanymdan birine duşman bolanym ýagşy diýýän. Ýaşa ýuwulmadyk ýüz "Adam Allanyň ýaradanlarynyň iň naýbaşysydyr. Eşrefi mahlukatdyr. Ömrüň gadyryny bil. Maksatly, manyly ýaşa. Ömrüňi ýele sowurma" diýýäler. Magtymgulam: "Dünýede ýaman işdir Gury gelip boş gitmek" diýipdir. Bu şeýle. Ýöne... Men şeýle bir gymmatly zat bolan bolsam, beýle köp bolmazdym. Goňşymam adam. Aňry ýanynda ýaşaýanam adam. Çin diýlen ýurtda-ha adamlardan ýaňa ýer-jaý tapylanokmyş. Agşam işden öýe geldim. Goňşym şowa kör, gulagy ker, synasy şikesli çagasynyň onuň-munuň gapysynda işläp gazananjasyny elinden urup alyp, haram keýpe beripdir diýdiler.Özüniň eşrefi mahlukat däldigini-hä onuň özem bilýändir. Haýwan janawar näçe kemsidilse-de göwnüme ynsandan gowy görünýär. Gapymda enesiniň süýdünden doýan owlajyk diriň-diriň böküp oýnaýar. Onuň häzirki begenişi ynsanyňky ýaly ýasama däl. Oňa gözüm gidýär. Ony synlap oturyşyma goňşymam unudypdyryn. Ýa-da köşegini aldyran düýäň bozlaýşyny eşidensiňiz. Ene-de balasy üçin aglasa şonuň ýaly zarynlar. Haýwan hapany-arassany bilenok diýjekmi?! Obamyzda bir at bardy. Atbakar garry adam bolansoň, onuň aşagyny arassalamazdy. Emma onuň hapasyny otuna garanyny gören ýokdur. Ol janawar hemişe belli bir ýere, ýatagynyň aňry burçuna tezeklärdi. Adam haýwandan tapawutlylykda pikir edip bilýär diýýäler. Hawa, pikir edip bilýär. "Alla barmyka, ýokmuka?" diýip, pikir edip bilýär. Ynsanyň ýene-de bir başarýan zady bar. Ol özüni özi aldamaga ökde. Haýwan muny başaranok. Onda ýalan, çyn diýlen düşünje asla ýok. Eliňe bir gysym ot al-da, baryber. Ol janawar tutularyn öýtmez, göni otuňa tarap gaýdyberer. "Aldanma, bu ýalan!" diýseň, saňa düşünmän gözüni tegeläp durandyr. Onsoň "haýwan-da" diýersiň. Ýöne kimiň haýwandygy belli däl. Owlakly geçimi synlamagymy goýup, öýümiň ýeňsesine geçdim. Görsem goňşymam tamynyň diwaryna arkasyny berip köçä seredip otyr. Meni görüp salam berdi. Salamyny aldym. Ýanyna barmadym. O-da maňa tarap gaýtmady. Näme üçin maňa tarap gaýtsyn?! Karz pul bermejegimi bilýär. Ol-a pul eken oň salamyny zordan alýan. Birden özümden hoşal bolup gitdim. Meniň namazym bar, daşymyň galasy bar. Bu dünýede ýalňyşmazlyk, rahat ýaşamak üçin yslamy kabul edip, bäş wagtyna namaz okalýa-da. Dünýäň hözürini görmek üçinmi?! Aşagyňa ýumşak düşekçe düşedip, tebärek çykyp berip, nohutly-kişmiş iýmek üçinmi?! Ýadyma ukuda ýatan Pygamberimiz turanda endamynda gamyşyň gyzyl zolaklaryny görüp, hezreti Omaryň: "Tutuş Arabystan eliňde, aýt, seniň üçin köşk gurup bereli, eý, Iki Jahan Serweri" diýşi, oňa-da Allanyň Resulynyň "Islemezmisiň, ýa Omar, dünýe olaryňky bolsun, ahyret biziňki" diýip jogap berşi barada okanlarym düşdi. Magtymguly Pyragynyň: "Ýüzüm ýuwsam ýaşlar bilen" diýen setiri aňymda gaýtalanmaga başlady. Sen Magtymguly ahyryn, sen näme üçin ýüzüňi ýaşyň bilen ýuwjak?! Sen iki dünýesi abatlardan ahyryn. Dünýede ýalňyşanlar, azaşanlar barka, haram-halal dawasy dowam edýärkä, zyna, parahorluk, şöhratparazlyk, ýaranjaňlyk... ýitip gitmedik älemde namaz galaňa bukulmak üçin "Läilähä illalah, Muhammed er-Resulallah" diýdiňmi?!" Her bir musulmanyň dilegi: Eý, Allahym, iki dünýe ýüzi gara bolanlardan eýleme! Megerem, bu gara ýüz ýaş bilen ýuwmasaň agarmaýan bolarly. Aňyrda süýtden doýan owlagym diriň-diriň bökýär, bärde goňşym arkasyny tamyna diräp otyr. Bir ýerlerde, çola ýerde elinden puly urlup alnan şikesli oglanam köşeşip bilmän hamsygyp ýatandyr. Menem iki arada... Hydyr AMANGELDI. # ekizler2.com | |
|
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |