06:27

Şekspirden terjimeler

Категория: Goşgular | Просмотров: 200 | Добавил: yaran_yagmur_9 | Теги: Uilýam Şekspir | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
"Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024
Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 12
0
1 murat_yousef  
1588
Öwgüsini ýetirseň ýetiribermeli, käwagt sözem tapylman galaýýar! Bärde bir zada düşündim, şu goşgy diýen zady terjime etmek hasam kynmyka diýýän, sebäbi oturyp goşgyny täzeden düzmek bilen des dereje deňdir! Terjiemeleriňizde üstünlik! Ýogsa-da siz originalyndan terjime etdiňizmi!?

0
7 yaran_yagmur_9  
1578
Sag bol, Myrat. Goşgy terjime edýänler originaly öwrenmekden daşary onuň öň birki sany dile edilen terjimeleri bilen hem tanyşýarlar diýýärler, "Olar nähili edipdirler, almaga peýdaly zat ýokmuka" diýip.

Menem şu goşgularyň rus we türk terjimelerine seretdim. Ruslaryňky esli peýda etdi, türkleriňkiden zat çykmady. Çünki türkleriň bu meselede ýörelgeleri başga öýdýän. Bizde, görşüň ýaly, terjimeçiniň original şahyry "türkmençe gürledip bilşine" uly baha berilýär (ruslaram şeýdýärler). Türkleriňki bolsa "çeper terjime" diýmeseňem boljak, diňe manysyny berýärler. Munda utýan zatlary hem, ýitirýän zatlary hem bar diýip pikir edýärin.

Puşkiniň "Я помню чудное мгновенье" diýen naýbaşy şygrynyň türkçä geçirilişini, onsoňam türkmençä geçirilişini deňäp göräýiň. Düýbünden başgaça çemeleşmeler. Men şu hakda bir makala güzledäýsemem diýýärin.

Senem şol kitaby rus dilinden terjime edýän bolsaň türkçä edilen terjimesi bilen tanyşsaň nädýär? Eger türkçäni ýeterlik bilýän bolsaň köp "ýardymy" degerdi.

0
8 murat_yousef  
1588
Howwa maslahatyňyza minnetdar! Ýöne gynansakda türkçe bilen aram o diýen oňat däl, şu iňlisçäni öwrenmeli gowja edip...

0
9 yaran_yagmur_9  
1578
Ol-a hasam gowy.

0
2 Bagabat  
43
Tüweleme. Haýran galdym-aý! Şekspiri edil türkmen dilinde ýazylan ýaly edip terjime etmek, uly, täsin zehiniň şaýady. Sözi, onda-da özge dilde gürleýän sözi gaty çynyň bilen, gaty çuňdan duýmasaň, Şekspir türkmençe munuň ýaly "gürläp" bilmezmikä diýýän.

"Häzir ikimize bu älem dym-dyrs,
Diňe ýüreklerimiz sözleşýär gürs-gürs".

Täsirli. Juda täsirli.

"Bellik etmeseň, öldürýäs" diýseler, onda diňe ýekeje gözüme ilen zat:
"Yşkymy päkleýär, tegmilin ýuwup" diýen setirde "yşgymy" bolmaly öýdýän.

Öňünden yzy gür gelsin.
Hezil edip okadym.

0
3 yaran_yagmur_9  
1578
Sag boluň! Bolmanda-da men şu sözi mydama "yşga", "yşgy" diýip ýazýardym. Şeýdýän diňe özümdirin öýdýärdim. "Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde-de" "yşky" ýazylan. Onsoň "Uly il ýalňyşsa-da bile ýalňyş" diýip menem "yşky" diýgim. Ýöne Sizem "yşgy" diýseňiz, düzedýärin. Biz eýýäm iki :)

0
4 Bagabat  
43
Heh.
Internetde bir aýtgy bar: "Ölinçäň öwren, barybir şo mahawlygyňa-da ölersiň" :-).
Meniňki ýalňyş ekeni.

Türkmen diliniň orfografik sözlügi. (94000 söz). Düzenler: TSSR-iň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor Pygam Azymow, TSSR-iň Ylymlar akademiýasynyň korrespondent çleni (habarçy-agzasy), professor Bäşim Çaryýarow. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Begmyrat Weýisowyň redaksiýasy bilen. - Aşgabat: Türkmenistan, 1989. 523-nji sahypasy. "Yşky".
Bu sözde kadadan çykma hökmünde, türkmen diliniň dürs ýazuw düzgünlerine laýyklykda, yzyndan çekimlili goşulma goşulanda dymyk çekimsiz açyk çekimsize öwrülmeýän ekeni.
Keçiresizler.

0
5 yaran_yagmur_9  
1578
Magtymgulyda-da "Yşka düşse guşlar eňräp, gurt aglar" ýazylan. Ýazylan! Emma aýdanlarynda "yşga" diýýärler, sebäbi şu ýerde (başga-da köp ýerlerde) açyk çekimsiz bilen aýdylanda şygyrda we aýdymda labyz, akgynlylyk, ýumşaklyk üpjün edilýär, ýogsam ýakymsyz hyklama emele gelýär. Şonuň üçin indi düzetmäýin.

0
6 Bagabat  
43
1938-nji ýylda geçirilen Türkmen dili boýunça gurultaýda kabul edilen köp dürs ýazuw düzgünlerini manysyz-a hasaplap bolmazmyka diýip pikir edýän. Sebäbi, şol dürs ýazuw düzgünlerini, ilki bilen-ä türkmen dilinde diňe iri şiweleriň (dialektleriň) sanynyň 20-den gowrakdygyny, ownuk şiweleriň hem-de diliň aýry-aýry ýerlerdäki semantiki tapawutlyklarynyň sansyzdygyny göz öňünde tutup, onsoňam, esasan, döwletliligiň, bir millet, bir halk bolmagyň baş şertleriniň biri hökmünde, bir bütewi, umumy, şol birwagtyň özünde hem-ä ýeterlik derejede durnukly, hem-de birsyhly we yzygiderli özgermäge, kämilleşmäge ukyply görnüşdäki diliň zerurdygyndan ugur alyp düzülen hem kabul edilen kadalar diýip hasap etmek gerekmikä diýýän.
Ýöne onda-da gaty kän şiwelerde şol bir sözler köplenç birmeňzeş aýdylýar. Mysal üçin: toprak sözi, aýdylanda "toprok" diýlip aýdylýar, emma ýazylanda näme üçindir: "toprak" diýip ýazylmaly edilen. Başga-da şonuň ýaly mysallar kän. Ýöne, elbetde bu düzgünleriňem öz manysy, mantygy (logikasy) bardyr-da, oňa meniň ýaly diletantlar däl-de, professional lingwistler, filologlar beletmikä diýýän.

0
10 yaran_yagmur_9  
1578
"Türkmen diliniň düşündirişi sözlüginde" (2016-njy ýylda çykan, telefonyňyzda priloženiýesi ýokmy?) "toprak" sözüniň "topurok" diýip aýdylýardygy ýazylan. Ýazuw düzgünler köplenç real dilden üzňe. Käbir halklarda ol taryhy ýadygärlik diýen ýaly. Bizde-de hatda "Watan" habarlar gepleşiginde-de diktor "toprak" diýýän däldir. Şony şeýdip aýdyp bolýarmy beri, erniň iriljek-le. Umuman, ol hiç bir şiwäniňki däl, ol ýöne grammatika.

0
11 Injener  
1
Şekspiriň ýekeje-de eserini okap göremok, ýöne şu adamyň näme üçin ençeme ýyllap dilden düşmeýänini bilesim gelýär. Biziň döwrümizde dilden düşmeýän eser ýa-da awtor ýöne ýere däl bolmaly.

0
12 yaran_yagmur_9  
1578
Bir naharyň tagamyny, bir gülüň ysyny, bir gözelligiň jadysyny özüň iýip, ysgap, görüp biläýmeseň biriniň dilinden eşidip "pylan hili eken" diýip bolmaz. Şonuň ýaly, adyny eşidýäň beýikleriň hem ýazanlaryny özüň okamasaň, başga hili ýol bilen anygyna ýetip bolmaýar.

Edebiýat we sungat wekilleri hakynda köpüsi ýalan her hili gümürtik gürrüňler bar. Şolar ýaly gürrüňleriň meniň üçin hakykat bolup biläýjek birisi hut Şekspir hakynda. Şu wagta çenli şahyr Şekspir diýlip hasaplanýan şahsyň oňa degişli hasaplanýan eserleri ýazmandygy hakynda esasly deliller öňe sürülýär. Emma bu özbaşdak gürrüň.

Şol döwürde aktýorlyk pes derejeli kär hasaplanyp, olar mertebeli adamlar üçin kemsidiji ýagdaýda bolupdyrlar. Üçünji şygyrda Şekspiriň şunuň netijesinde alan trawmalarynyň beýan tapan bolmagy mümkin.

Şol döwürlerde garahassalyk, gyrgyn ýaly epidemiýalar ýaýran mahaly şäher ilatynyň üçden ikisini ýok edýän mahallary bolýan eken. Soňky goşgy şahyryň epidemiýaly şäherden ýazyp ibereni bolmaly. Emma şahyr şonda ölmän galypdyr. Gelnejäni biderek gorkuzypdyr :)
.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]