07:25 Şem aljak | |
ŞEM ALJAK
Goşgular
![]() Ýaşap ýörseм altmyş geljegem bolsa, Ýürek welin ýigrimbäşden gaýdanok, Lak atsam gyz, gelin güljegem bolsa, Göwnüm şonça ýaşandyryn öýdenok. Geçenimden soňam munça menzil ýol, Bilmeýänem bolsam ertäň hasabyn, Süpürýänem bolsa yzlarymy ýel, Görkezip kä elindäki hasasyn. Däl bolansoň gara basym bir meňki, Köpelip gitse-de borjumyň sany, Wagt geçip dursa-da her hil-her geňsi, Sözlerim gysgalyp artsa-da many. Entejikler sala saljak göwnüme, Ýüregimiň emri bilen dem aljak, Gün batsa garaşyp täze-now güne, Ýene ýüz ýyl ýakar ýaly şem aljak. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||