14:39

ŞU GÜN

ŞU GÜN

Düýnüme dolanýan, ýa ertä gidýän,
Şu günki gün bilen ýaşamaklyk kyn,
Ýaş gaýdyşsa şeýle bolaýýar öýdýän,
Bu boluş bir mende bolmagam mümkin.

Oýlanýan mahalym sebäbi hakda,
Sussypeslik aralaşýar kalbyma,
Basmarlap barşyna gelsem-de hötde,
Kowalaşyp ýören ýaly salgyma.

Arzuw juwan, eda edýän-utanýan,
Ýaşyma-da bap gelenok hyýallar,
Däljirese, deprenişsem utulýan,
Göwün badym haýsy-haçan haýallar.

Категория: Goşgular | Просмотров: 418 | Добавил: Raýdaş | Теги: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Как богат я в безумных стихах!..» / Goşgular - 01.02.2023
Осёл в уборе / басня / Goşgular - 14.02.2023
Duýgularym / Goşgular - 10.02.2023
Встреча / Goşgular - 12.01.2023
Nirede sen, jenanym? / Goşgular - 01.01.2023
Başym saňa sadaga / Goşgular - 06.01.2023
«Плещут в море волны…» / Goşgular - 22.01.2023
Nämeler sensiz / Goşgular - 21.01.2023
Петербургская ночь / Goşgular - 14.01.2023
Амалтея / Goşgular - 15.02.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Garaýolly  
27
Shahyr ,,shu gun,, goshgysynda hyyally bashyñ gurruñini edyar. Dogrydan-da, ynsan añy hyyala baglanman yashap bilmeyar. Adam duynini tejribe hokmunde ullanyp,sapak edinip, shu gunune ayak dirap, hyyaly,arzuwy ganat edinip,ertirine umzuk atyar. Yash bol,garry bol, añ merkezi hyyaly-hyyalata berilman durup bilenok. Ka mahallar hyyallar sheyle bir cuñluga alyp gidyar welin, ashayysh derwayyslyklarynyñ zerurlyk kerweni seni bay hazynalar bn dokundyryar. Birdenka,hyyalatdan cykyp,real pursada gaydyp gelyañ welin, shirin duysh gorup yatyrkañ oyanan yaly bolyañ. Shahyr shygryñ mazmunyny yayrawly beripdir. Konkret tassyklamadan dashda durup, manyny ozakymlayyn,dushnukli beripdir. Gowy goshgy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]