08:57

Teňňebalyk hekaýaty

TEŇŇEBALYK HEKAÝATY

Umman içre Teňňebalyk ýüzýärdi,
Teňňesin güjeňläp, öwnüp gezýärdi.

Buýsanýardy teňňelerniň ýalkymna,
Öwündi Suwatyň girip alkymna.

Öwündi ol Suwpyşdylyň ýanynda,
Öwündi gündiz hem gijäň ýarynda.

Gulagyn kamata getirdi Lakgaň,
Öwündi Läheňiň gözüne bakman.

Çar ýana urunyp, dynman öwündi.
(Buýsanjyň çägi ýok, gysga ömür bi...)

Bir gün Teňňebalyk çeňňege düşdi,
Barça arzuwlary huşundan uçdy.

“Ah” çekdi, armanly tutdy kellesin,
Sypyryp zyňdylar ähli teňňesin.

...Takdyr gyssap, düşen günüň çeňňege,
Peýdasyz ekeni müňläp teňňe-de.

Azymberdi KAKAÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 360 | Добавил: Azady | Теги: Azymberdi Kakaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Земля и море / Goşgular - 14.02.2023
Ökünç / Goşgular - 19.01.2023
Saňa iki agyz / Goşgular - 08.01.2023
Красная Шапочка / Goşgular - 14.01.2023
Möjek bilen Durna / Goşgular - 29.01.2023
«Сжала руки под тёмной вуалью…» / Goşgular - 08.01.2023
Песня / Goşgular - 08.02.2023
Gideňsoň / Goşgular - 06.01.2023
Самоуверенность / Goşgular - 10.02.2023
Зимой / Goşgular - 06.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]