05:20 Üçeklerden uçurylýan kepderiler | |
ÜÇEKLERDEN UÇURYLÝAN KEPDERILER
Goşgular
Bu guşlara seret, Erkana, köňül dek azat. Bu guşlardan gözleriňi aýyrma, Olar hüýr-peri dek Asla hiç ynanyp bolmajak bir zat. Eli ýetse, tutup bilse, Ýa şolar dek uçup bilse, Ol guşlary tüýt-müýt edesi gelýän, Ýöne arman bilen hyrçyny dişläp, Geplemän hiç zat Dymyp duranlar hem kän. Sesýetimden daşda Gözýetimden bärde, Bulutlara ýeter-ýetmez belentde, Uçýär, uçýar kepderiler. Elbetde, Biziň barýan aýlaw-aýlaw ýollarmyz Asmandaky guşlar üçin düşnüksiz. Hem üznüksiz Pyrlanýar olar, Başyny ýaýkaýan adamlar ýaly. Kapasada duran her bir sagady, Kepderiler üçin müň ýyla deňdir. Sen olara seret Aýyrma gözüň, Olar özleriniň uçuşy bilen Erkinligiň nämedigin öwredýär. ■ Dosta aýdylmadyk söz Ýör gideli diýip, Ýoldaş bol diýip, Dosty öz dostundan haýyş edipdir. Ol hem dost göwnüni ýykmaýan kişi, Öz işini taşlap ýola gidipdir. Gidipdir taň edipdir, Gelensoň Bir dert onuň ýakasyndan tutupdyr. Otdan suwa, suwdan oda oklanyp, Kä gyzdyryp Kä üşedip ýatypdyr. Dosty bolsa asyl gara bermändir, Şol gidişi... Şol gidişi ýitipdir. Dosty bende garaşypdyr her demde, Wagt bolsa kän aýlanypdyr ötüpdir. Ne ganymat bolýar, Ne dosty gelýär, Ýogsa olaň aralaram ýakyndy. Dosty üçin ýola çykyp ýolugan Keseljigne kaýyl bolup ýatyrdy. Öýkesi-ökünji, Kinesi, müýni, Kä pursatda rüstem gelip özünden Ejizlejek bolýar, keselem basýar, Ýöne ýeke söz çykanok agzyndan. Dostum! Meger ykbal synagna düşdüm, Ho-ol gün seniň bilen ýola düşemde. Ýöne durmuş haýsymyzy synaýar, Bu günki gün meni baglap düşüge?! Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |