14:58 Watan | |
WATAN
Ganatlarym asmanyňdan giň meniň, Sergin sähralaryň elmiň aýasy. Gündizleriň ýüregimiň agy seň, Aý ýaňak gijeleň gözmüň garasy. Gözýetimden çala syzylyp duran, Durnagöz ýelleriň tükenmez goşgy... Bu baglaryň, derýalaryň, daglaryň, Obalara, şäherlere, günlere Hem güllere siňip barýan ýollaryň Seniň güler ýüzüň!.. Ýylgyryş pürkülen üsti-başyna, Lälik ýagyşlaryň, näzik garlaryň Her ýyl gapymyza dökülip biziň, Ömrümi ulaldýan garlawaçlaryň- Ýognas bilegiň deý dana atalar, Ýuka ýüregiň deý ak saç eneler Meniň üçin ýaşaýyşyň eşreti. Bagtyň hemem söýgiň manysy olar. Bir ýassykda bile daňlarmyz atan, Seň Jeýhun ýürekli ogluň men, Watan! Enwer NYZAMOW | |
|
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |