07:05 Ýaşamaga ýalñyz höwes | |
ÝAŞAMAGA ÝALÑYZ HÖWES
Sensiz gije tüm görünýar, Maña Günüñ şuglasy pes. Ýer ýüzüniñ bir ýerinde Ýatlayansyñ, maña şol bes. Beýle söýgä garyşmazlyk, Belki günä, belki hebes. Iñ ezasy darykmazlyk. Garaşýarsyñ, maña şol bes. Şükür, sabrym kanagatym, Maña umyt, arzuw, nepes. Garrap seni tanamasam, Sen tanarsyñ, maña şol bes. Sen meniñ jadyly yşgym, Ýaşamaga ýalñyz hõwes. Sen diyip bar zatdan geçdim, Söýýañ, söýýan. Maña şol bes. * * * Synla, ynha, meniñ bilen, Saña neneñ kynlygyny. Ruhum üçin tenim bilen Serwi göwräñ gynlygyny. Neneñ edip sada dilde Ýetireýin saña, dünýäm?! Ýene gökden hut şu pille, Maña garşy ýyldyz süýnýär... Ýüregimde arzuwym ýok, Gaty elhenç bu ahwalat.. Ähli zady üýtgederdiñ Bolan bolsañ sen şu halat. Õñem ýüki ýetik ömrüñ, Menem onuñ üstesine. Gapyan gözlem bilen gõwnüm Ýok hasratyñ tüssesine. A sen yhlas edip mydam, Şol ugumy ýekeleýäñ. Men bolsa bilemok çydap Gahrym gar deý sepeleýän. Seniñ bilen meñki barlyk, Owaz bagtyñ şelpesine Arman, bilmerin garylyp Beyle elpe-şelpelige... Dünýäni aýak astyma Düşek edip düşediñ-de. Sõýgiñ cykypdyr kastyma, Mähriñe coy, üşedim-le?! Düşün, maña arzuw gerek, Ýyldyz süýnse aýdar ýaly. Bet niýetden set müñ gezek Toba kylyp gaýdar ýaly... Gülşirin HANOWA. | |
|
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |