20:48

Ýekelikde

Категория: Goşgular | Просмотров: 262 | Добавил: Aziza | Теги: Setdar Sowgy | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
"Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024

Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Mähriban  
607
Haladym. Ýetireniňize köp sag boluň!

0
2 Nurdan  
100
@Aziza, sagbol paýlaşanyña, gowy goşgulary tapýañ, BEREKELLA saña, Awtoryñ ylhamyna BEREKET

0
4 Nurdan  
100
Salam, Gowymyñ gyz, barmyñ))
bulam gowy, ol "goýjakdygyñy" täze post açda goý hany, has gowusyny okamak biz okyýjylar bilen. :)

1
3 Nurdan  
100
Gursagynda aşyklaryñ gözbaşy,
Söỳgini kirşine ỳaşadan dutar.
“Söỳli halanyny” çalanda bagşy,
Perdesinden Söỳlä ogşadan dutar.

“Gökdepe” mukama düşünse başlar,
Täsir goỳup, gözden döküler ỳaşlar,
“Säher mukam” bilen oỳadyp guşlar,
Bilbile owazyn diñleden dutar.

“Aỳralyk mukamda” ỳürekler dymar,
Düşünen bu sazyñ oỳuna çümer,
“Höreler” mukamda maỳa düỳeleñ,
Almadyk köşegin aldyran dutar.

“Atçaparda” är ỳigitleñ gaỳratyn,
“Demir donly” Göroglynyñ syratyn,
“Berkeli çokaỳda” hanyñ haỳbatyn,
Serpaỳa dözülmäm köỳdüren dutar.

“Ýedimanzar” saz içinde ỳakymly,
“Hajygolak” diỳseñ çeper çekimli,
“Bu jennetdir” çeşmeler deỳ akymly,
Guşlary başynda gonduran dutar.

Käỳerde sallanyp “Gülhanym” geçer,
“Ýandymlarda” perdelerden ot çykar,
“Uçradym-da” owaz asmana uçar,
“Tilim gyrkda” zaryn zeỳrenen dutar.

“Çapaỳew” çalmana çermense gollar,
Türkmeniñ gölünde gögerer güller,
Saỳramaz bilbiller, saklanar diller,
Ählige owazyn diñleden dutar

Setdar SOWGY.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]