12:56 Zenanlara sowgat beriñ gülleri! | |
ZENANLARA SOWGAT BERIŇ GÜLLERI!
Goşgular
![]() Çilläň gary eräp Günüň nuruna, Öwsen mahalynda bahar ýelleri. Saýlap-seçip ajabyndan ajabyn, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Guşlar joşa gelip saýranda daňdan, Bogazda gaýnadyp şirin heňleri. Nusga bolan şapagyna säheriň, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Şemal ýok ýerinden tapyp öwüsgin, Pyşyrdanda leýlisaçyň telleri. Ter çeçekler päk söýgüden nyşandyr, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Diňe baharda däl, tomus gelende, Maňlaýyndan burçak aldyryp deri. Mähri bilen ýazy kemal tapdyran, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Ine-de, güýz geler, bir ussat zergär bar barlyga çaýyp tylladan zeri. Shabatdan kemal tapar kalbyňyz, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Gyşyň keşbi diňe çapgyn ýeller däl, Akja gary bilen bezände ýeri. Ýüregiňizde bahar pasly çyrpynar, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Gözellik goşulup görmeklerine, Dilegleri sena eýlär dilleri. Ol alkyşlar ömrüňizi uzaldar, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Jümle-jahan gözellige beslenip, Bagtdan paýly bolar dünýä illeri. Sag goluňyz çep gursaga goýuň-da, Zenanlara sowgat beriň gülleri. Döwletmyrat NURYÝEW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |