00:08 Täze ýyl söhbetdeşligi | |
TÄZE ÝYL SÖHBETDEŞLIGI
Satiriki hekaýalar
(Ýarym ýalan, ýarym çyn degişme) Täze ýyl maşgala baýramy bolsa-da barybir biz žurnalistler öz öýümizde oturyp bilemzok. Sebäbi biz metbugatyň, efiriň üsti bilen bir maşgalanyň şatlygyny ol maşgala ýetirmeli, wideoda keşbini alyp mawy ekranda ýele özüne görkezmeli. Diňlemek isleýän aýdymlaryna zakaz almaly, ony diňletmeli. Wezipämiz jogapkärli we kyn. Ýöne gyzykly. Işe başladyk. Biziň esasy maksadymyz Täze ýyl gijesi işleýän adamlary gutlamak. Maşynymyz gurat, ses ýazýan, şekil çekýän apparaturalarymyz saz işleýär. Tejribeli hem ezber žurnalistler seýislenen at ýaly ýörişe taýyn. Ilkinji nobatda, işimizi bismilla diýip, gudratly duzdan, Aşgabadyň iň iri çörek-bukla kombinatyndan başladyk. Bu ýere geldik. Işdäňi oýarýan hoş ysly, owadan, nurana bulkalar, batonlar, ownukly-irili çörekler yzygiderli çykyp dur. Hereketne göz ilenok. Hemme zadyň sakasy çörek! ― Özüňizi tanyşdyraýsaňyz?! ― diýip, ak ýektaýlyja bulkaçy gyza ýüzlendik-de, mikrofony agzyna tutduk. ― Täze ýyl gutlagyňyzam aýdaýsaňyz?! ― diýdik. ― Men Güljemal, iki ýyl bäri şu kombinatda bulka bişiriji bolup işleýärin. Smenamyň Täze gijesine gabat geleni üçin men özümi bagtly hasap edýärin. Meniň bişirip duran bulkalarym türkmenimiziň şu ýylky ak bugdaýyndan. Täze ýylda asudalyk arzuw edýän. Çörekli ýyl bolsun! Prezidentimize uzak ömür, tut ýaly jan saglyk dileýän! ― Güljemal, seniň haýyşyň boýunça bir aýdym eşitdiräýmekçi bolýas. Haýsy aýdymy isleýäň?! ― Meniň gowy görüp, goşgularyny okaýan şahyrym Mämmet Seýidowyň sözlerine «Ülkämiň toý saçagynda» diýen aýdymy efirde ýaňlandyraýsaňyz, begenjimiň çägi bolmazdy! ― diýip Güljemal ýylgyrdy. Indiki marşrut bäbekhana! Ses-üýn alşar ýaly däl. Dünýä inýänleriň arasynda warryk seslisem bar. Kompozitorlaryň dili bilen aýtsak, oňa bas diýilýär. Beýleki sesleri basybilýä-dä. Näzik gyzseslisem bar: liriki sorrano! Koloratura! Geljekki Maýa Kulyýewa, Annagül Annakulyýewa, Leýla Şadurdyýewa, Jemal Saparowa, Gülşirin Alyjanowalar! Täze ýyl agşamynda doglanlaryň geljekde häsiýetler nähili bolýarka?! Jemgyýetde özlerini nähili alyp barýarlarka?! Ony bilmek gaty kyn zadam däl. ýazyjy A.Öräýewiň «Täleýnama» diýen kitabyna ser salaýmaly. Ýyl çalşany bilenem entek 1995-nji ýylyň 22-nji martyna çenli doglanlaryň ýyly it bolmaly. Soň doňuz bolýa.doňza öwrülýändir öýdüp gorkmaň. It ýyly doglanlar täleýnamada aýdylyşyna görä, wepaly, ak ýürek bolýamyş. Syr saklamagy başarýan ynamly adamlar saýylýamyş. Şol bir wagtyň özünde-de täsin degişgen bolýamyş. Maýdaçyl däl, ýöne morta bir zadyny oklaýmasy bar. Bolýa-da, az däl. galanyny çagalar bagy, mekdep, ene-ata, milisiýa düzeder-dä! 22-nji dekabrdan 20-nji ýanwara çenli dünýä iýen çaga «Owlak» diýen ýyldyzyň astynda dogulýar diýip müneçjimler tassyklaýar. Geçiň öň aýagyny iýmese-de iýen ýaly süriň öňüni başlaýan bolup ýetişýärmiş-dä garaz. Hormatly okyjylar, bagyşlarsyňyz, biziň wagtymyz çäkli, sagadam gije ikä golaýlady, biziň barmaly ýerimizem köp. Geliň, sizi bäbekhananyň enekesi bilen tanyşdyraly. Eneke ynsan durmuşynda iň esasy adamlaryň biridir. Atalar sözem bar-a: «Dokuz aý göterenä çekmen, ýerden göterene çekerin» diýilýär. Adamyň enesi ýeke däldir, dörtdür: 1. Howene. 2. Öz eneň. 3. Göbegeneň. 4. Eger gyz bolsaň, gaýyn eneň. ― Bagyşlaň, hormatly eneke, özüňizi tanyşdyryň! ―Maňa Oguljennet diýýärler. Şu bäbäkhanada dokuz ýyl bäri işleýän. ― Bujagaz bäbäjik?.. ― Bujagaz ogul, 3,6 kilogram. ― Ýaşy uzyn bolsun! Il agasy bolsunlar! ― Sag boluň! Siziňem ömrüňiz zyýat bolsun! ― Täze ýyl arzuwlaryňyzy aýdaýsaňyz?! ― Şujagaz bäbäjikleriň görjegi gowulyk bolsun, Hudaýym! ― Haýsy aýdymy eşitdireli?! ― Şahyr Nury Baýramowyň goşgusyna ýazylan «Çagadyr çaga» diýen aýdymy eşitdiräýseňiz minnetdar bolardym! Howa ýoly, demir ýoly, suw ýoly, gara ýol... Bularda gije-gündiz iş togtawsyz dowam edýär. Olarda gijeki smena düşýänleri Täze ýyl bilen gutladyk. «Ýolar bizi duşurmazmy», «Polat ýollar ― belet ýollar» diýen ýaly aýdymlara zakaz aldyk. ― Dur-la, dur-la, şopur jan! Eli gülli bir ýigit köçede garaşyp dur-la. Ony gutlaman geçsek bolmaz. ― Eli gülli ýigit, Täze ýylyň gutly bolsun! ― Sag boluň! Sizem gutlaýan. ― Sagja bol! Maşyna garaşýaňyzmy?! ― Ýok. ― Onda düşnükli. Haýsy aýdym?.. ― Türkmenistanyň halk bagşysy Atabaý Çarygulyýewiň aýtmagynda «Garaşýan» diýen aýdymy eşitdiräýseňiz, hoşal bolardym. ― Islegiňiz aýdym bolsun! Şu gije ýara garaşýan başga-da az däldir. Olar üçinem başga-da bir «Ýara garaşýan» diýen aýdymy eşitdireris. Magtymguly şaýolundan Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoluna düşdük. Bir ýigit pyýadalap barýa. keýpi kök, hiňlenýär. Onam gutladyk. ― Haýsy aýdymy eşidesiňiz gelýär, ýagşy ýigit?! ― Myrat Diwanaýewiň «Keýpim kök» diýen aýdymyny. Soňra biz ýangyn komandasynyň postlaryna aýlandyk. Ýiti gözli ýangynçylar kirpiklerini gaýşardyp, uklaman, wyşkanyň üstünde eserdeň oturan ekenler. Aýdym zakaz aldyk. Hemmesi Türkmenistanyň halk bagşysy Mäne Garaýewiň aýtmagynda «Ýandymy» haýyş etdiler. Şol ygyp ýörüşimize gijäň ýary boluberipdir. Tüýs il ýatyp, it uklaýan wagty-da. Iki gurluşyga bardyk. Olarda işleýänler dynç alýan ekenler. Garawuly gutlaýaly diýsek goja uklapdyr. Çäýnegi toga ötürilgi galyp suwy gutaryp, maşşaryp buldozeryň ýüzi ýaly bolupdyr. Sogrup gaýtdyk. Gojany oýarmaga dözmedik. Ýöne «Oýan» diýen aýdymy adyna ýazdyk. Haýsy bagşy aýdanda-da barybir goja eşitjek däl. Başga bir obýekte bardyk. Garawul goja «Duruň!» diýip iki gezek tüpeň atdy. Sebäbi bognap, tigrine daňyp goýan tagtalaryny gizlemäň maýyny tapjak boldy. ol goja özüniň kempirine garaşýan eken. Aýdym buýur diýsek: «Golaýyma sen gelmeseň, kim geler» diýen aýdymy oglanlaň enesine eşidiler ýaly ediň» diýdi. ― Haýsy bagşy aýtsyn? ― diýsek. ― Balkanly labzy süýji bagşy Nurýagdy Zyndalyýew aýtsyn ― diýdi. Şol aýlanyp ýörşümize bir toýuň üstünden bardyk. Gelin toýy ekeni özem. Mikrofonlaryny alyp toýçulary gutladyk. Islegleri boýunça aýdymlary zakaz hem aldyk. Giden bir spisok how. Ynanaýyň, gara çynym! Ynha şol spisok: 1. Gyzyň garry atasy Mommy aganyň buýran aýdymy: «Goýun bilen pul diýgeniň rastmydyr?!». Işdäsi zor ekeni! Özünem şol aýdymy Türkmenistanyň halk bagşysy Ilaman Annaýew aýtsyn diýdi. 2. Gyzyň garry enesi: «Bukjasynda ýüpek mata tapylar» diýen aýdymy Türkmenistanyň halk bagşysy Aşyrmämmet Dawudow aýtsyn diýdi. 3. Oglanyň garry atasy: «Guda, Men garybam, garyp» diýen aýdym buýurdy. Onam at gazanan artist Gurban Gumman aýtmaly. 4. Oglanyň garry enesi: «Malym galmady» diýen aýdymy buýurdy. 5. Çykjak gyz bilen on ýyllykda bir partada oturan oglan: «Janym al, ýarym alma» diýen aýdymy buýurdy. Maňa ony haýsy bagşy aýdanda-da çigit ýalyjak peýdasy ýok diýdi. 6. Öýlenýän oglan: «Saňa köňül bersem onda ýar aglar» diýen aýdymy halk bagşymyz Hangeldi Annamyrat aýtsyn diýdi. 7. Durmuşa çykýan gyz: «Men bu ýoluň haýsy birine gideýin» diýen aýdymy buýurdy. ― Haýsy bagşy aýtsyn? ― diýdik. ― Maňa serowno, indi kim aýdanda-da giç ― diýdi. Şol toýda gümra bolup ýörüşimize sagat gije on ikiniň gopuzyny çaldy. Öýli-öýümize gaýdarman bolup durkak, toýdaky gyzlardan ikisi ýanymyza geldi.olar tansa güýmenip ýörüşlerine biziň aýdyma zakaz alýanymyzy bilmän ekenler. Olardan biri, ýaňy ýetişmiş bolup barýany durmuşa çykýan gyzyň kiçi jigisi bolaýsa nätjek. ― Daýy, mendenem zakaz alyň-da? ― Haýsy aýdymy diňlejek? ― «Ýetişsem» diýen aýdymy aýtdyryň! Beýleki gyz, birneme ekabyrragy öýlenýän ýigidiň gyz jigisi ekeni. Ol-a «Ogşatdyň» diýen aýdymy buýurdy. Öýümizde şampanlar atylyp, bulgurlar çakyşdy. ― Adamlar, gutly bolsun, Täze ýyl baýramyňyz! Düşümli ýyl bolsun. Ýeneki ýyllara, abadançylykly günlere Allaň özi ýetirsin! «Aşgabat agşamy» gazeti, 2.01.1995 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |