22:04 1668-nji ýylyñ Anadoly ýer titremesi | |
1668-nji ÝYLYÑ ANADOLY ÝER TITREMESI
Taryhy makalalar
Gara deñiziñ ýakasynda taryhyñ dürli döwürlerinde birnäçe gezek ýer titräp, bularyñ megerem iñ gazaplysy Demirgazyk Anadolyny razlomyny döwülmegi netijesinde köp sanly ilatly nokady harap eýlän we müñlerçe adamyñ ölmegine sebäp bolan 1668-nji ýylyñ 17-nji awgustyndaky Uly Anadoly ýer yranmasynyñ 7.8 ýa-da balla ýetendigi çaklanylýar.[1] • Demirgazyk Anadoly razlomynda bolup geçen beýleki uly ýer titremeler 1688-nji ýylyñ ýer yranmasynyñ şol bir liniýada 1419-njy ýylda (hijri 822) Amasýa-Tokat-Bursa liniýasyny döwen liniýada Stambula-da ýiti täsirini ýetiren ýañçy sarsgynlar sebäpli halk üç aýlap çadyrlarda ýaşapdyr.[2] Şol liniýanyñ günbatarynda 1999-njy ýylyñ 17-nji awgustynda episentri Göljükde bolan 8.4 ball magnitudaly ýer yranmasy bolup geçipdir we 35-40 müñ çemesi adam ölüpdir. Şol sanda Aynı hattının batısında 17 Ağustos 1999’da merkez üssü Gölcük olan 7,4 şiddetinde bir deprem meydana gelmiş ve 35-40.000 civarında insan ölmüştür. Ayrıca 506-njy ýylda, 1877-nji ýylda, 08.01.1888-nji ýylda, 1895-nji ýylda, 26.01.1898-nji ýylda ýene şol liniýada has az sanly pidalara getiren uly ýer yranmalarynyñ bolup geçendigi mälimdir. • Türkiýäniñ iñ uly ýer yranmalary Anadoly we onuñ töwereginde 1509-njy ýylyj 10-njy sentýabrynda "Uly Stambul ýer yranmasy" (7.2 ball), 1653-nji ýylyñ 23-nji fewralynda "Gündogar Izmir ýer yranmasy" (7.5 ball), 1668-nji ýylyñ 10-njy iýulynda Izmir ýer yranmasy (7 ball), 1881-nji ýylyñ 3-nji aprelinde Sakyz adasy ýer yranmasy (7.3 ball), 1894-nji ýylyñ 10-njy iýulunda Stambul ýer yranmasy (7 ball), 1912-nji ýylyñ 9-njy awgustynda Mürefte ýer yranmasy (7.3 ball), 1919-njy ýylyñ 18-nji noýabrynda Aýwalyk ýer yranmasy (7 ball), 1924-nji ýylyñ 13-nji sentýabrynda Pasinler ýer yranmasy (6.8 ball), 1930-njy ýylyñ 7-nji maýynda Hakkari ýer yranmasy (7.6 ball), 1939-njy ýylyñ 27-njj dekabrynda "Uly Erzinjan ýer yranmasy" (7.9 ball), 1942-nji ýylda Tokat Erbaa ýer yranmasy (7 ball), 1943-nji ýylyñ 26-njy noýabrynda Ladik ýer yranmasy (7.2 ball), 1944-nji ýylda Bolu Gerede ýer yranmasy (7.5 ball), 1953-nji ýylda Çanakkale Ýenije ýer yranmasy (7.2 ball), 1957-nji ýylda Mugla Fethiýe we Bolu Abant ýer yranmalary (7.1 ball), 1964-nji ýylda Manýas ýer yranmasy (7 ball), 1966-njy ýylyñ 19-njy awgustybda Warto ýer yranmasy (6.9 ball), 1967-nji ýylda Mudurnu ýer yranmasy (7.2 ball), 1970-nji ýylda Gediz ýer yranmasy (7.2 ball), 1976-njy ýylyñ 24-nji noýabrynda Wan Muradiýe ýer yranmasy (7.5 ball), 1999-njy ýylyñ 17-nji awgustynda Göljük ýer yranmasy (7.4 ball), 1999-njy ýylda Düzje ýer yranmasy (7.2 ball), 2011-nji ýylyñ 23-nji oktýabrynda Wan ýer yranmasy 7.2 ball), 2020-nji ýylyñ 24-nji ýanwarynda Elazig ýer yranmasy (6.8 ball) ýaly köp sanly weýrançylykly sarsgynlar Türkiýäniñ iñ uly ýer yranmalarynyñ sanawyny düzýär. Ýokarda sanalyp geçilenlerdenem görnüşi ýaly Türkiýede bolup geçen iñ uly ýer yranmasy 1668-nji ýylyñ 17-nji awgustynda bolup geçen "Anadoly ýer yranmasydyr". Stambul bolsa 1509-njy, 1690-njy, 1894-njy ýyllaryñ ýer yranmalarynda uly zyýan çekipdir.[3] 1924-nji ýylyñ Erzurum ýer yranmasyndan soñ Mustapa Kemal Atatürk tebigy betbagtlykda jebir çekenleriñ arasynda. 1924-nji ýylyñ 13-nji iýulynda bolup geçen Pasinler ýer yranmasy ýerli sagat bilen 16:34-de Türkiýäniñ Gündogar Anadoly sebitinde - Erzurum welaýatynyñ Pasinler diýen ýerinde emele geldi. Altmyş adamyñ ölmegine getiren 6.8 ball magnitudaly ýer yranmasy merjally ölçeg birligine görä iñ uly sarsgyn 9 balla ýetipdir. • 1668-nji ýylyñ 17-nji awgust ýer yranmasynyñ döreden ýykgynçylygy we zaýalanan ýerler Birinji seýsmiki aktiwlik 1668-nji ýylyñ iýun aýynyñ ahyrynda Ankarada bildirip, sarsgynlar 20-nji iýuldan soñ hasam ýygjamlaşypdyr. 15-nji awgustda bolup geçen iki uly ýer yranmasy yzygiderlilikde Ankarany we Beýpazaryny ýumrupdyr. Yzyndan, belki-de häzire çenli bolup geçen iñ gazaply ýer yranmasy bolup geçýär, 1668-nji ýylyñ 17-nji awgustynda Demirgazyk Anadoly jaýrygy döwülip Demirgazyk Anadolyda Tokat, Niksar, Bolu, Erzinjan, Amasýa, Kastamonu, Bursa, Ankara, Samsun, Merzifon ýaly köp sanly ilatly nokady ýer bilen ýegsan edipdir. Ýer yranmasy Stambulda, Izmirde, hatda Egeý deñziniñ Iskadosa adasynda hem bildiripdir. • Bolu Boluda 60-y söwdagär 1.800 adam gurban bolup, olaryñ aglabasy musulmanam bolsa, ölenleriñ arasynda ermeniler we katoliklerem bar eken. • Kastamonu Kastamonuda ýitgi boýunça statistiki maglumat berýän taryhy çeşme ýok. Muña garamazdan köp sanly jaýyñ ýumrulandygy, ölenleriñ we ýaralananlaryñ hetdi-hasabynyñ bolmandygy aýdylýar. • Tokat Tokat ýer yranmasyndan düýpli zyýan çekipdir. Şäheriñ gala diwarlary, hatda galanyñ käbir ýerleri doly weýran bolupdyr. Galadaky metjit ýumrulypdyr, adamlar gorkudan ýaña ýykylman galan öýlere-de iki hepdeden bäri girmäge bogunlary ysmandyr, olaryñ köpüsi üzüm baglarynyñ içinde ýatyp-tursa, köpüsu gonamçylyklarda ýatyp-turupdyr. Ýañçy sarsgynlar alty aýlap dowam edipdir. • Amasýa Amasýa ýer yranmasyndan agyr zarba alypdyr. Birnäçe metjit, Amasýa galasynyñ diwarlary bilen bir hatarda ýaşaýyş jaýlary-da ýumrulypdyr. Ýañçy sarsgynlar birküç hepdeläp dowam edipdir we adamlar çadyrlarda, açyk meýdanlarda ýaşamaga mejbur bolupdyr. Ölenleriñ we ýaralananlaryñ sanyny görkezýän maglumat saklanyp galmandyr. • Ankara Ýer yranmasy Ankarany-da öz içine dolap alypdyr, hatda şäheriñ relýefinde düýpli üýtgeşmeler bolup geçipdir. Adamlar şäheri terk edipdir, birküç hepdeläp daglarda çadyr dikip ýaşapdyr. Şol sanda Ankara beýleki Demirgazyk Anadoly şäherlerinde garanda ýer yranmasyndan az täsirlenipdir. • Peýdalanylan çeşmeler: [1] Ambraseys, Nicholas –Finkel, Caroline "Seismicity of Turkey and Adjacent Areas, a Historical Review: 1500-1800". Stambul-1995; [2] Ambraseys, Nicholas-Finkel, Caroline. “The Anatolian Earthquake in 17 August 1668, Historical Seismograms and Earthquakes of the World, Ed. W.H.K. Lee-H.Meyers-K.Shimazaki, Academic Press. Ed. W.H.K. Lee‐H.Meyers‐ K.Shimazaki, Academic Press, 1988 [3] Hoja Sadeddin Ependi, "Tajüt-tewarih" (Taýýarlan Ismet Parmaksyzogly). Stambul-1992; [4] Newra Nejipogly, "Ýer yranmalary. Wizantiýa döwri" ("Depremler, Bizans Dönemi”). Içinde: Düýnden şu güne Stambul ensiklopediýasy. Taryh fondunyñ "Yurt" neşirýaty.1993 3-nji tom, 33-34-nji sahypa; [4] Pynar, Nuriýe-Lahn, Erwin. "Türkiýe ýer yranmalarynyñ düşündirişli katalogy" ("Türkiye Depremleri İzahlı Katalogu") Maldarçylyk ministrligi Gurluşyk we abadanlaşdyryş uprawleniýesiniñ (Bayındırlık Bakanlığı Yapı ve İmar İşleri Reisliği) neşirýaty. Ankara-1952 ý. [5] Süýûtî, "Keşfüṣ-ṣalsaleýan waṣfiz-zelzele" (Neşir eden M.Kemaleddin Izzeddin), Beýrut 1407/1987. • Bellikler: [1] Ambraseys – Finkel, 1995: 77-84; [2] Hoja Sadeddin Ependi,1992: II, 95; Süýûtî, 1987: 208; [3] Nejipogly, 1993: 33-34. 2020 ý. Özhan ÖZTÜRK. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |