11:41 Boljak bolsa, bolýar bolmajak zadam | |
BOLJAK BOLSA, BOLÝAR BOLMAJAK ZADAM
Goşgular
“Bolmaz boljak-boljagam, Boljak bolmajak bolar. Bolmajak-bolmajagam, Boljak bolanda bolar.” Bapba Gökleň “Sen gideniň dokuz ýyldyr öteni, Kaýda mesgen tutduň, gardaş Abdylla?” Magtymguly Pyragy Sen gideniň ýedi ýyldyr öteni. Ýedi ýyldyr saňa jennet ýeteni, Seni bu dowzahda ýaşatmadylar, Şükür, yzyňdan-a daş atmadylar. Türkmen diňe ölüp-beýgelip bilýär, Türkmen öz üstünden birehim gülýär. Türkmen otyr öz-özüni tanaman, Bu ne döwür boldy, Niçiksi zaman?! Şeýtan perişdeden ýokarda gaýýar, Şahyry öldüren jezasyz galýar. Il içinde arkaýyn gezip ýör ganhor, Gudraty güýçlini, gör, zordur, zor! Gudraty güýçlümi ýa-da arkasy?! Haram işe bellemezler her kesi. Näme günäň bardy beýdip gidere, Ezraýyly beýle haram edere. Dogruçyldyň, Päkdiň, Sadadyň, Mertdiň, Režimiň böwrüne sanjylan dertdiň. Iň uly güýmenjäň küşt bilen sazdy. Sen köpüň dostudyň, seň dostuň azdy. Gazet-žurnallaryň işiklerinden Goşgyňy goltuklap kän gaýdypdyň sen. Seni çap etjekleň ýok bu gün sany, Modelýeriň suratlary mysaly. Awtoryň yzyndan galan esere Bu gün pul ýetenok baha kesere. Her zat görjek eken ölmese adam, Boljak bolsa, bolýar bolmajak zadam. Bizi ownatmana çalşyp irikäk, Köp gülýärler üstümizden dirikäk. Gidenmizden soňra başlanýar agy, Biz şol gören türkmeniň-dä, Pyragy. Türkmen öz üstünden birehim gülýär, Türkmen diňe ölüp beýgelip bilýär. Şiraly NURMYRADOW | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |