14:41 Türkmençilik: Gorkut ata kim bolan? | |
GORKUT ATA KIM BOLAN?
Halkyň ruhy hakydasyny emele getirýän çeşmeleriň gözbaş alyp gaýdýan belentlikleri bolýar. Olar milli buýsanjyň döremegine getirýär. Türkmenler üçin "Gorkut ata" eposy şol belentlikleriň biri. Onda türki halklaryň, şol sanda biziň halkymyzyňam köküniň çuňlugyny, türkmençiligiň koda salnan beýanyny, däp-dessurynyň täsinligini görse bolýar. Eposyň haýsydyr bir halka degişliligi barada mesele gozgalanda nesiliň kemala gelmeginde biologik geniň hyzmatyna meňzeş alamatdan ugur alynsa ýerlikli bolardy. Epos barada ýazylýan işlerde onuň anyk bir halka degişlidigini kesgitlejek bolýan awtorlaram ýok däl. Edebiýatçy alym R.Rejebow “Gadym türkmen edebiýaty” atly kitabynda: "Gorkut ata taryhy bir şahs bolup, ol öňde belleýşimiz ýaly, türkmen ýaşulysy we parasatly döwlet işgäri bolupdyr. Gorkut atanyň asyl ady Gorkut bolupdyr. Oňa lakam hökmünde "ata" we "däde" sözleri soň goşulypdyr. "Ata" lakamy esasy we baş lakamdyr. Sebäbi Gorkut hakynda esasy maglumat berýän Abulgazynyň "Şejerei terakime" kitabynda, Gorkut atanyň öz "Däde Gorkut" atly kitabynda, Alyşir Nowaýynyň "Nesaýymul-muhabbet" atly tezkiresinde Gorkut Gorkut ata diýip atlandyrylýar. "Däde" sözi lakam hökmünde diňe bir boýuň soňunda agzalýar. Emma türkmen halkynyň arasynda şu lakamlaryň ikisi-de ýörgünlidir. Gorkut atanyň kakasynyň ady Gara hojadyr. Gorkut gelip çykyşy boýunça Marydan bolupdyr. Ol üç sany türkmen patyşasynyň weziri bolupdyr. Ol örän uzak ýaşapdyr. Aradan çykan ýyllary onunjy asyryň birinji ýarymy bolupdyr. Gorkut atanyň parasatly türkmen döwlet işgäri bolandygyny subut etmek üçin taryh kitaplaryna we taryhy dokumentlere ýüzleneliň. Ilki bu barada Hywa hany Abulgazy Bahadur hanyň "Şejerei terakime" (“Türkmeniň nesil agajy”) atly kitabyna salgylanýarys diýip ýazýar. Abulgazy ady tutulan kitabynda şeýle diýýär: "Gorkut atanyň keramatlary köp erdi. Iki ýüz togsan bäş ýyl ömür tapdy. Üç patyşaga wezir boldy". Еger R.Rеjebowyň рikirine sаlgylanmaly bоlsa, аsly mаryly, üç türkmеn рatyşasyna wеzirlik edеn, оnunjy аsyryň birinji ýаrymynda arаdan çуkan Gоrkut оrta аsyrlaryň tаryhynda аnyk bеýan еdilmeli şаhs. Dеňeşdirmek üçin оn birinji аsyrda dörän sеljuklar imрeriýasynyň sоltanlaryna wеzirlik еden dаna Nуzam аl-Mülki аlsa bоlar. Ol dünýä taryhynda belli adam, "Syýasatnama" kitaby dürli dillerde okalýar. Emma Gorkut atanyň şahsyýeti hakynda, wezirlik eden üç türkmen patyşasy hakynda anyk ýazylanok. Abulgazynyň boýun almasyna görä, ol bu kitabyny türkmen ýaşulylarynyň haýyşyna eýerip, olaryň dilden aýdan rowaýatlarynyň, gürrüňleriniň esasynda ýazypdyr. Şonuň üçin hem Abulgazynyň: "Ynal hannyň zamanyndan tä biz bu kitapny ýazgan çagkaça (1660-61-nji ýyllar. T.J.) bir-bir aýturmyz, barçasy rast turur. Emma Guzy Ýawy han birlen Ynal hannyň arasynda niçe ýyl ötgenni jezm aýta bilmeý biz. Andak hem bolsa, az aýtaly, şaýat köp aýtsak, ýalgan bolgaý. Tört müň ýyl bar turur. Andak bilermiz kim Oguz han Keýumers zamanynda erdi. Ynal Ýawy hannyň wezir wekili kaýy halkyndan Gorkut ata erdi. Ol biziň pygambermiziň atalarynyň inisi Apbas öwladynyň oglanlary Bagdat şäherinde bäş ýüz ýyl patyşalyk kyldylar. Gorkut atanyň zamanynda erdi. Keýumers bilen Apbas oglanlarynyň arasy bäş müň ýyl turur. Bes, özüňiz hasap kylyň, Guzy Ýawy han birlen Gorkut atanyň hany Ynalyň arasy niçe ýyl bolur. Guzy Ýawy han Oguz hannyň bäşilenji ogly turur." Elbetde, Abulgazynyň taryhy beýan ediş stiliniň, äheňiniň dessanlara, rowaýatlara mahsus beýan edilişe meňzeşdigi görnüp dur. Ol çynlakaý taryhy derňewe, deňeşdirmelere sezewar edilende has-da äşgär görünýär. Geliň, taryh ylmynyň takyklygyna salgylanyp göreliň. Apbasylar silsilesiniň halypalyk häkimligine gelmeginde Orta Azyýanyň, has takygy Horasanyň häkimi Abu Muslimiň uly hyzmaty bolupdyr. Bagdatyň düýbüni tutan apbasylardan ikinji halyf al-Mansur ondan ätiýaç edeni üçin aldaw-hile bilen köşgüne çagyryp, Abu Muslimi öldürdendigini bilýäris. Bu waka 755-nji ýylda bolupdy. 813-nji ýylda bolsa, apbasylaryň bäşinji halyfy Harun ar-Reşidiň ogly al-Mamun öz dogany al-Amini öldürdip, halyfyň tagtyny eýeläpdi. Şol mahal al-Mamun Maryda oturyp, Horasana häkimlik edýärdi. Oňa Bagdaty alyp berenem goşun serkerdesi Tahyryň öňbaşçylygynda Horasandan giden goşundyr. Diýmek, apbasylaryň silsilesiniň taryhy ykbalynda Horasan aýgytly rol oýnapdyr. Bu taryhy anyk wakalar Abulgazynyň aýdýan üç türkmen patyşasynyň döwrüne gabat gelse-de, biz olaryň döwletiniň atlaryny-da, öz atlaryny-da bilmeýäris. Halkyň dilinden aýdylýan gürrüňler, rowaýatlar entek taryhyň edil özi däldir, ol taryhy anyklygy gazanmakda degerli badalga bolup biler. Taryh takyk dokumentleriň, arheologiýa gözlegleriň netijesinde ýazylýar. Beýle diýmek bilen, men Gorkut ata atly taryhy şahsyň bolandygyny ýa-da anyk döwre, anyk halka degişli bolup biljekdigini inkär etmek ýoluna düşemok, ýöne taryhy hakykat üçin islegiň asla tutaryk bolup bilmejekdigini aýdyp, Gorkut atanyň taryhy şahsdygyny göwnejaý subut edäýjek anyk dokumentleriň tapyljakdygyna umyt bildireliň. "Gorkut ata" ajaýyp epos. Ol türki halklaryň ruhy sütüni, ruhy bütewiliginden beýik miras. Ony bir halka, bir geografik nokada baglajak bolup azara galyp ýörmän, her halk ondan ruhy köklerini gözlese, has amatly bolardy. Umuman, gadymy halk eposlarynyň haçan, kim tarapyndan ýazylandygyny takyk aýtmak kyn mesele. Eposy rus diline terjime eden akademik W. Bartold "Ýene Gorkut hakynda habar" atly makalasynda oguzlar, Gorkut, Gazan beg hakyndaky kyssa-rowaýatlaryň seljuklar imperiýasy döwründe günbatara ýetendigine şübhe etmese bolar diýen pikiri aýdýar. Akademik W. Gordlewskiý "Государство сельджикидов" (“Seljuklaryň döwleti”) atly kitabynda "Gorkut atanyň" mongollaryň çozuşyndan soň ýazylandygyny tekrarlamak bilen, onda günbatara giden oguz türkmenleriniň durmuşy görkezilýär diýip belleýär. Türkmen alymlary segseninji ýyllaryň aýagynda "Gorkut ata" barada söz açmaga hukuk aldylar. Entek bu ajaýyp eposyň çeperçilik tärlerini, özboluşlylygyny, obrazlylyk häsiýetlerini inçelik bilen açyp görkezmek bize başardanok. Biz owadan köşge girmän, entek daşynda haýran galyp ýören adama meňzeýäris. Eposyň ähli syry öz içinde. Onuň ýazylan mahalyny tekstiň özünden gözlemeli, meniň özüm-ä epos mongollaryň çozuş-a beýle-de dursun, yslam kabul edilenden soňra ýazylandyram diýip biljek däl. “Göroglynyň” yslama uýan türkmenleriň durmuşyny beýan edýändigini her sahypasyndan bilip oturmaly. Diniň alamatlary, rituallary, keramatly şahslaryň atlary, pirleri, Allany çagyrmak her sahypada gabat gelýär. Beýle ýagdaýa “Gorkut atada” duşup bolanok. Käbir ýerde taňra ýüzleniläýmese, galan mahaly tiräniň içki düzgünine, däp-dessura, dogruçyllyga wepalylyk dini ynançlardan has ýokarda durýar. Türki taýpalarynyň yslama çenli asman hudaýy Taňra ynanandyklary bize mälim. Eposyň ruhunda yslamyň täsiri duýlanok diýse bolar. Başga dindäkiler gäwürler diýip atlandyrylsa-da, öz ynanýan dinleriniň ady aýdylmaýar. Eposyň gahrymanlarynyň häsiýetinde, gatnaşyklarynda döwlet gurluşyna, bir döwlete gulluk edilişine mahsus alamatlar hem ýok.Tire-taýpa birleşikleriniň bolandygy aýdyň görünýär. Gahrymanlara mahsus watançylyk duýgusy köplenç tire patriotizmine gabat gelýär. Epos suňňi bilen çarwadarlaryň häsiýetine, däp-dessurlaryna ýugrulan adamlaryň gylygy, görk-görmegi, edermenligi çarwalara iň ýakyn haýwanlara deňeşdirilip beýan edilýär. Elbetde, bu gadymylykdan nyşan. Onlarça mysaldan ikisini getirmek bilen oňalyň. Salyr Gazanyň aýaly Burla Hatyn söýer ogly Orazyň ýitirim bolandygyny görende ýürek nalyşyny beýan edýär: Gyzyl düýeler mundan geçdi, Torumlary bozlaýyp bile geçdi, Torumjygym aldyrmyşam, bozlaýynmy? Gara goçda kazylyk at mundan geçdi, Gulanjygy kişňeýip bile geçdi, Gulanjygym aldyrmyşam, kişňäýinmi? Agyldaky akja goýun mundan geçdi, Guzujygy maňraşyp bile geçdi, Guzujygym aldyrmyşam, maňraýynmy? Ogul diýu bozlaýynmy?! Ikinji mysal: Duşman golundaky Oraz kakasyna ýüzlenýär, onuň duşman bilen çaknyşyp, başyny aldyrmagyndan ätiýaç edýär. — Eger gylýallar sag bolsa, gulun berer, gyzyl düýeler esen bolsa, torum berer, beg erenler sag bolsa, ogul dogar. Eger sen esen bolsaň, enem esen bolsa, kadyr taňry size menden ýegräk ogul berer. Enem maňa beren ak süýdünden razy bolsun, sen yzyňa gaýt, kaka! Kakasy jogap berýär: — Daglar garrasa, oty bitmez, düýeler garrasa torum bermez, gylýallar garrasa, gulun bermez, är ýigitler garrasa, ogul dogmaz. Kakaň, eneň hem garrandyr, senden ýegräk ogly taňry bize bermez, berse-de seniň ýeriňi tutmaz. Şonuň üçin men gökde bulut bolup, duşmanyň üstüne gürläýin, ak ýyldyrym bolup çakaýyn, duşmany gamyşa ot beren deý ýandyraýyn. Soňky iki setirdäki ady tutulýan tebigat hadysalarynyň obrazly ulanylyşyna üns beriň. Şu ýerde çarwalara häsiýetli bolan ikinji aýratynlyk ýüze çykýar. Çarwalar tebigata juda ýakyn ýaşaýarlar, mal arkaly hemişe baglanyşygy saklaýarlar. Tebigat. Mal. Adam. Şu üçlügiň bütewiligine düşünmek isleýän adamlaryň “Gorkut atany” ünsli okamaklary gerek. Ol ýerde adam durmuşyň bütewiligini Tebigatda görýär. Adamlar özara gatnaşyklaryny-da tebigatdan üzňe göz öňüne getirip bilenoklar. Islendik mesele bolaýsyn, pikiriň agramyny, sözüň täsirliligini tebigatyň häsiýeti, alamaty bilen gabatlaşdyrýarlar. Tebigatyň ýakynlygy bilenem oňman, oňa özüne degişli zat hökmünde garaýar, ondan on iki süňňüniň, öýüniň, ojagynyň, malynyň ýakynlygyny duýýar. Agzyň üçin öleýin, ogul! Diliň üçin öleýin, ogul! Garşy ýatan gara dagyň Ýykylypdy. Beýgeldi ahyr. Akyndyly görkli suwuň Sowulypdy. Şaglady ahyr. Gaba agaçda dal pudagyň Gurapdy. Ýaşardy ahyr. Gaba agaçda dal pudagyň Gurapdy. Ýaşardy ahyr. Bu sözler diri ýitgisi dolananda Enäniň begenjiniň beýany. Ýigidi öwmek: Gat gaýalar başynda höwürtge tutan, Kadyr uly Таňryga ýakyn uçan, Agyr daşdan güzzüldeýip gaty inen, Ary kölüň ördegini gapyp alan, Garynjygy aç bolsa, galkyp uçan, Jümle guşlar soltany çal garaguş Her ýetene ol özüni aldyrarmy?! Eposyň şu häsiýetli tarapy onuň köküniň bäri-bärde durmaýanlygynyň alamaty. Ony mongollaryň çozuşyndan bärde ýazylandyr diýmek, ýa-da günbatara giden oguzlaryň durmuşy bilen baglamak onuň örusini juda çäklendirmek bolardy. Bu epos oguzyň ýaýrawy ýaly giň, oguzyň paýhasy ýaly çuň. Onuň obrazlylygynda, ruhy sagdynlygynda Töwrada mahsus aýdyňlyk, sadalyk, ýaşyr-ýuşursyz hakykat, şol bir mahalda-da halkyň kalbyna mahsus optimizm, hudaýlara mahsus gudrat bar. Bolşewikleriň ideologiýasy synpy ýaragyny ýöne ýerden onuň garşysyna gönükdirmändi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |