22:49 Nebis | |
NEBIS
Goşgular
Ömürden ýazylan bu kyssa şygrym, Maňa saňa ybrat, gör sen akyl eýle. Allahym bozmaber nebsimi pyglym, Bu nebis doýanda ne üçin beýle. Bir körniň göreji yş salsa dünýä, Begençden ýüz öwürip hasasyn yrýa, Kör hasa mätäçkä syr berişdi her nä, Göreçler görlende taşlanyp neýle. Kör ol hasasyna togap etmezden, Ýüz öwre taşlansa ynsap ötmezden, Erkiň gidip bu göreçler ýörtmezden, Ýene şol hasaga mätäçsiň söýle. Ol hasa kör wagtyň eneň-ataňdyr, Ejiz naçar çagy dogana hataňdyr, Derdişen günleriň dostuň ertäňdir, Ýakynyň, hossaryň gün aýyň öýle. Ömür mysalynda manysy hasaň, Nebsiň doýan çagy terk etseň ataň, Alla seni köýdir şu günki ertäň, Halmyrat nebis iman päliňe oýla. 14.05.2023 ýyl. | |
|
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ "Gama batanyñy gördüm, Allaýar" / Goşgular - 09.09.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Aglama sen, ýüregim! / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýaranlar / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Ilkinji ädimler / goşgular toplumy / Goşgular - 01.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |